Galileo Galileý
Galileo Galileý
GALILEO GALILEÝ
(15.02.1564 ㅡ 8.01.1642)
Meşhur italiýaly astronom. Ol 26 ýaşynda professor bolup, astronomiýadan we fizikadan düýpli işleri döredipdir. 1612-nji ýylda ilkinji bolup asman jisimlerine gözegçilik etmek üçin, teleskopy ulanypdyr we Ýupiteriñ 4 hemrasyny, Saturnyñ halkasyny, Aýyñ üstünde daglaryñ barlygyny açypdyr. Günüñ tegmillerine gözegçilik edipdir. Öz eden işlerini ''Dialog'' atly kitapda çap etdirýär. Kitapdaky dünýägaraýyş üçin, Galileo ybadathana işgärleri tarapyndan ölüm jezasy berilýär. Emma onuñ biçak uly halkara abraýy hem-de onuñ öz ylmy dünýägaraýşyndan ýüz öwrenligi üçin, ol perman ýetirilmeýär. 1835-nji ýylda Rim ybadathanasy onuñ kitabyny gadagan edilen kitaplaryñ hataryndan aýyrýar. 1979-njy ýylda bolsa Rimdäki Watikan ybadathanasynyñ başlygy Ioan Pawel 2-nji tarapyndan Galileo Galileý aklanýar.
■ GALILEÝIÑ OTNOSITELLIK TAGLYMATY
Nýutonyñ mehanikasynda (pes tizlikdelerde) hemme inersial hasap edilýän ýagdaýlarda islendik mehaniki hadysanyñ başky deñ şertlerde birmeñzeş geçýändigini görkezýän taglymatdyr.
■ GALILEÝ HEMRALARY
Ýupiteriñ Galileý tarapyndan açylan 4 hemrasy: Io, Ýewropa, Ganimed we Kallistodyr. Olara kiçijik teleskopyñ ýa-da dürbiniñ kömegi bilen gözegçilik edip bolýar.
Hojamuhammet MELÄÝEW.
# ''Syrly Älem'', Aşgabat. Ylym. 2004.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly