|

Galan bar

Galan bar GALAN BAR

Däli köňlüm gel gideli watana,
Onda saňa gözi ýolda galan bar;
Kasyt gerek bu ýollardan ýörmäne,
Näzli ýaryň Ülkesinde talaň bar…

Gülüm-gülüm, meni eýlediň gülünj-ä,
Ýüz agladym, bir şat bolup gülinçä,
El götermen eteginden ölinçä,
Meger bizi ýardan aýra salan bar.

Ajalym ýetişip, peýmanam doldy,
Gül meňzim sargaryp bihuda soldy,
Diýdiler «söwdügiň ýary ýat oldy»,
Diýdi belki ýedi ýatdan gelen bar.

Aşyk Hemra, giriftardyr özüňe,
Ýandy bagrym, kebap boldy ýüzüňe,
Ynanmanam ykraryňa, sözüňe,
Biykrar sen, ykraryňda ýalan bar!..

«Saýatly Hemra» dessanyndan. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle