|

Galama ýapyşýan, ýüregim gyssa

Galama ýapyşýan, ýüregim gyssa GALAMA ÝAPYŞÝAN, ÝÜREGIM GYSSA

«Iki ýara agyryp dur gursakda,
Birisi ganaýar, biri bitişýär.
Mydam şeýle käte şatlygym ökde,
Käte üstün çykyp, gussa ýetişýär».
Resul Gamzatow.

Galama ýapyşýan, ýüregim gyssa,
Ýöne,galam bilen egiserli däl,
Kalbymy heýjana salýan bu gussa.
Umydam terk edip gitmändir herhal.

Köňlümiň töründen jyklaýar şatlyk,
Gama batan göwne berýär teselli.
Diýýän deý gamlanma, bar zat abatlyk,
Sabyr et, meniň hem geljegim belli.

Birdenem möwç alyp gelýärde batly,
Şatlygym naýzasyn tutýar öňüne.
Gussam galkan alyp, egni sowutly,
Söweş edýär onuň bilen deňine.

Şeýdip dowam edýär, deňe-deň söweş,
Elli ýyl,kalbymyň giň meýdanynda.
Ikisem jylawsyz berenoklar baş,
Men bolsa alaçsyz olaň ýanynda.

Parh goýanok olar saçyň çalyna,
Olaryň ikisem meň bilen deň-duş.
Kä gynanýan,gussaň düşen halyna,
Kä şatlygma bakyp, bolýan göwnühoş.

Azat NURGELDIÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle