Gahrymanyň gelni
Gahrymanyň gelni
On barmagnyň yzy halyda bitdi,
Nikasy telpege gyýylan gelin.
Söweşe gideniň sarpasyn tutdy,
Nikasy telpege gyýylan gelin.
Gadam ursa galdyrmazdy başyny,
Hiç bakmazdy töweregini-daşyny,
Haly dokap dolandyrdy işini,
Nikasy telpege gyýylan gelin,
Watan üçin gitdi, söýüp besläni,
Gözel gyzyň göwnündäki isläni,
Gülüň gül-gunçasy, bagyň bossany,
Nikasy telpege gyýylan gelin.
Gaýyn öýde, atasy öýde sermendi,
Altmyş ýyl garaşdy, emma armandy.
Ahyr bir gün, gara ýere duwlandy.
Nikasy telpege gyýylan gelin.
Aýtokar SEÝDALYÝEWA. Goşgular