Gaçyş
Gaçyş
Akmyrat Şire
 Sen gaçdyñ biweçlerden dünýäni piñne almaýan, 
 Gaçdyñ bu barlyga az-kem akyl ýetirmek üçin. 
 Gaçdyñ guşkellelerden, ýokanç keselden gaçan deý, 
 Gaçdyñ Ylham bedewiñe ganat bitirmek üçin.
 Bolmak üçin gybatlardan, dawa-jenjelden alysda, 
 Goşulmazlyk üçin it deý gemrişýän toparlara, 
 Gaçdyñ! 
 Terk etdiñ boş öwýänleri, 
 Sebäp tapsa, «ýuwýanlary», 
 Bulgur dostlaryñdan geçdiñ.
 Tire-taýpaçyllary, 
 Ownukçyllary ret etdiñ. 
 Talantlydygyñy duýup, 
 «Bedewi büdresin» diýip, 
 Tor gurýanlardan gaçdyñ-da, 
 «Mis atlyñ» ýurduna gitdiñ.
 Gadym derwüşler deýin, pähim-paýhasa ýugrulyp, 
 Iner ýüki abraý bilen köp ýyldan geldiñ öwrülip.
 Görseñ: ýene şol biweçler, 
 Guşkelleler, öwünjeñler. 
 Tireparaz, ownukçyllar, 
 «Ýüzleşmäge» göwünjeñler, 
 It deý gemrişýän toparlar, biri-birine badak atýan. 
 Halymsyraýan, 
 Gürledip, öz bahañdan arzan satýan. 
 Baş kürsüde oturana ýaranmak üçin omalýan, 
 Çemeçillik edip alan at-titulyna gomalýan, 
 Pöwheler töweregiñ…
 …Belki şum täleý, belki-de üşügiñi ýitirdiler, 
 Ýatyrsyñ demsiz-düýtsüz, gaçypsyñ üçünji gatdan. 
 Belki şum täleý, belki-de ajalyñy ýetirdiler, 
 Heý ynanar ýalymy, beýle ir öçenine 
 seniñ adyñyñ aýatdan?!
13.05.1991.
Hemra ŞIROW. Goşgular
