Gaçyjy bolmañ!
Gaçyjy bolmañ!
GAÇYJY BOLMAÑ!
Ata-babalarymyz "Süýji-süýji iýmäniñ, ajy-ajy gägirmesi bar" diýipdirler. Biziñ sürüjilerimiziñ içinde-de ýurdumyzyñ aýna ýaly tekiz ýollarynda awtoulaglaryny ýol hereketiniñ düzgünnamasynda görkezilen düzgünleriń talaplaryna laýyk sürmän, ýol-transport hadysalaryny döredip, hadysanyñ bolan ýerinden gaçyp ýörenlerem bar. Ýeri, gaçyp nirä gitjek diýsene?! Olar şeýle hereket etmek bile, bir-ä günälerini agraldýarlar, birem özleriniñ AHLAK TAÝDAN EJIZDIKLERINI subut edýärler. Aýdaly, tötänlikde ýol-transport hadysasy boldy diýeli. Günäkärem gaçyp gitdi. Ejir çeken welin, gyssagly kömege mätäç. Eger olam hadysanyñ bolan ýerinden gaçyp gitse, ejir çekeniñ nä güne düşjekdigini oýlanyp görüñ. Gynansak-da, ýola çykanda batyr, ýol-transport hadysasyny döreden-de welin, hadysanyñ bolan ýerinden gaçyp gidýän towşanýürek we nalajedeýin sürüjiler seýregem bolsa ýüze çykyp durýar.
Şu günki günde birini ýaralap, oña kömek bermegiñ deregine gaçyp gizlenjek bolmak adamkärçiligiñ iñ pes derejesi bolýar. Sürüjiler üçin bolsa şu sözleri aýdasymyz gelýär. Gadyrly sürüjiler, ýola çykanyñyzda ilki ulaglaryñyzyñ abatlygyna doly göz ýetiriñ. Onsoñam, ýol hereketiniñ düzgünlerine boýun egiñ. Şonda siziñ hiç wagt ýüzüñiz gyzmaz. Şeýle edeniñizde ýollarymyzam asuda bolar.
Aleksandr SATUROW,
Jorageldi SAPARGELDIÝEW,
polisiýanyñ DÝGG-nyñ işgärleri.
Jemgyýetçilik tankydy