Ga­ze­tiň ha­bar­çy­sy (He­ka­ýa)

Ga­ze­tiň ha­bar­çy­sy (He­ka­ýa)

Muhammet Sagt al-Arýan,
müsürli ýazyjy

Abdul Tawwab Hamul obasynyň sylagly adamlarynyň biridi. Onuň Bedreddin we Seýf atly iki sany ogly bardy. Ogullarynyň ulusy Bedreddin kakasyna daýhançylyk, maldarçylyk işlerinde kömekleşýärdi. Kiçi ogly Seýfiň okuwa höweslidigini aňyp, Abdul Tawwab ony başlangyç mekdebe okuwa berdi. Seýf zehinli bolansoň, başlangyç mekdebi tamamlap, orta mekdepde okuwyny dowam etdirdi. Seýf syrdam boýly, berk bedenli, nazarkerde ýigit bolup ýetişdi. Oba kethudasy Abdul Tawwaba ogly Seýfi harby ugurdan ýokary okuw mekdebine ibermegi, uly ogly Bedreddini bolsa ekin-dikin we hojalyk işlerinde kömek berer ýaly öz ýanynda alyp galmagy maslahat berdi.

Birnäçe ýyldan soňra Seýf harby ýokary okuw mekdebini tamamlap, serkerde boldy. Ol harby geýmini geýende eginlerindäki ýyldyzlar öwşün atýardy, esgerler ony görende onuň bilen harbylarça salamlaşýardylar. Onuň aýlyk-günlügi hem oňatdy. Obasyna kakasyny görmäge gelende, ony garşylamaga obanyň kethudasy hem çykýardy, obadaşlarynyň ählisi ýygnanyşýardylar. Ogluny oba ilatynyň hormat-sylag bilen garşy alýandyklaryna kakasynyň guwanjy çäksizdi.

Bu ýagdaýa uzak wagtlap guwanmak Abdul Tawwaba miýesser etmedi. Ol garrady, kesel ony tapdan düşürip, ahyry hem dünýäsini täzeledi. Serkerde Seýf kakasyny soňky ýoluna ugratmaga geldi. Gölegçiler gaty köpdi, obanyň ähli ilaty, hatda goňşy obadan hem adamlar gelipdi. Olar tabydy göterip, mazarlyga tarap ýöneldiler, depin etdiler, guburyň başujunda Kurandan aýatlar okadylar, garyp-gasarlara sadaka paýladylar. Seýf bilen agasy Bedreddin adamlaryň özlerine bildirýän gynançlaryny kabul edip, olaryň tagallalaryna öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

***

Merhumyň belli günleri geçenden soň, oba adamlarynyň birnäçesi Bedreddin bilen Seýfiň arasynda atasyndan galan mirasy bölmek üçin jemlendiler. Bedreddiniň çagalary bolmansoň, adamlar oňa mirasdan özüne düşýän paýy inisi Seýfe bagyş etmegi maslahat berdiler. Olar: «Bedreddin, seniň iniň muňa has mynasyp, sebäbi atasynyň baýlygyna eýe bolsa, onuň at-abraýy, mertebesi has-da artar. Seniň bolsa ýeke özüň, çagalaryň bolmansoň onuň saňa ähmiýeti ýok, şonuň üçin iniňe eglişik edeniň bähbitli bolar, ol bolsa mellek ýeriň ählisini saňa goýar, sen ekin ekip, gallasyny hem ýeke özüň ulanarsyň» diýip, ony ynandyrdylar.

Bedreddin obadaşlarynyň teklibi bilen ylalaşyp, mirasdan galan öz paýyny hem inisine bagyş etdi, inisi hem ondan hoşal boldy. Bedreddin daýhançylygyna gümra bolup, aýaly bilen mellek ýerine ekin ekip, ondan hasyl almagyny dowam etdi. Olar şeýdip gün görýärdiler, emma olaryň bu bagtly durmuşy uzaga çekmedi. Bedreddin agyr kesele duçar bolup, dünýäden ötdi, aýaly yzynda hamyla galdy. Doganynyň biwagt aradan çykmagy Seýfe agyr degdi, ol onuň hasratyny gaty köp çekdi. Oba bilen baglanyşygynyň üzülendigine göz ýetirmek oňa has hem kyndy. Kakasy we agasy ýogalandan soň, ol ähli emlägini satyp, obany terk edip gitdi.

Birnäçe aýdan soň Bedreddiniň aýalynyň ogly boldy, ejesi oňa Sabyr diýip at goýdy. Ol garyplykda ösüp ulaldy. Ejesi ony Kair şäherindäki mekdebe okuwa ugratdy. Sabyr bu ýerde obasyndan bile gelen deň-duşlary bilen bir jaýda ýaşaýardy. Olaryň arasynda Sabyrdan başga pukarasy ýokdy. Şonuň üçin olar Sabyry äsgermän öz işlerinem oňa buýurýardylar. Sabyr mekdebe gidende olaryň kitaplaryny göterişýärdi, naharlaryny bişirýärdi, otaglaryny arassalaýardy, eşiklerini ýuwýardy, bazardan gerek zatlaryny getirip berýärdi. Olar Sabyry öz hyzmatkärleri ornunda görýärdiler. Sabyr kemsidilmelere sezewar bolsa-da, okamak üçin sabyrlylyk bilen kynçylyklara döz gelýärdi. Mekdebi tamamlamak üçin yhlasly okaýardy.

***

Ol mekdebi tamamlandygy hakynda şahadatnamasyny alandan soň, öz gününi özi dolandyrmak hakynda pikir edip başlady. Indi ol ýigit çykypdy. Ol özüni garyplygy üçin äsgermeýän, özüne hyzmat etdirip kemsidýän beýleki oglanlaryň hem geljekki durmuşy hakynda alada edişi ýaly, öz durmuşynyň aladasyny etmelidi. Ýöne näme iş etmeli? Gazanç etmek üçin haýsy gapyny kakmaly?

Ol obasyna dolanman, dürli hünärler boýunça iş gözläp gördi: dükanda satyjy, zawodda işçi, dermanhanada kömekçi, neşirýatda çapçy, aklawçylyk edaralarynyň birinde tejribeçi. Ýöne bularyň hiç birem başa barmady, ol çykgynsyz ýagdaýa düşdi. Ony lapykeçlik gurşap aldy. Sabyr umytlarynyň puç bolanyna gynanyp, şäheriň köçelerindäki ýanýodajyklarda aýlanyp, daşarda ygyp ýördi. Ol tramwaý duralgasynyň ýanyndan geçip barýarka, uzakda adamlaryň üýşmeleňini, yzly-yzyna duran tramwaýlary gördi. Ol ýerde näme bolýanyny görmek üçin adamlaryň dyknyşygynyň içinden geçdi, görse, kiçiräk bir oglany tramwaý kakypdyr. Ol oglanjyk hiç hili hereketsiz, süýnüp ýatyrdy. Onuň daş-töweregindäki adamlar aljyraňňy ýagdaýda näme etjeklerini bilmän durdylar. Sabyr bu ýagdaýy görüp, has beter gynandy, emma ol beýleki adamlar ýaly iki elini gowşuryp durmady, heläkçilige uçranyň ýanyna baryp, ilkinji kömegi bermäge synanyşdy. Oglanjygy huşuna getirjek bolup, oňa emeli usul bilen dem berdi, emma tramwaýyň urgusy örän güýçli bolandygy üçin onuň kömeginiň hiç hili peýdasy bolmady. Oglanjyk şol öňküsi ýaly hereketsiz, bihuş halda ýatyrdy. Bu ýerdäki adamlaryň biri golaýdaky telefon budkasyna haýdap baryp, «Tiz kömek» gullugyna habar berdi. «Tiz kömek» awtoulagy geldi, lukmanlar oglanjygyň ýanyna baryp, oňa ilkinji lukmançylyk kömegini berdiler, emma ol özüne gelmedi. Soňra ony ulaga mündürip hassahana äkitdiler.

Adamlar gamgyn halda esli salym durdular, oglanjyk hakynda biri-birinden soraşyp başladylar, ýöne onuň kimdigini bilip bilmediler. Sabyr oglanjygyň eşikleriniň arasyndan onuň suratyny tapdy. Onuň maşgalasy oglanjygy tapar diýen umyt bilen suratyň we bu habaryň gazetleriň birinde çap edilmegini göwnüne makul bildi. Ol suraty alyp, gazetleriň biriniň edarasyna ugrady. Gazet işgärlerine wakany habar berip, olara suraty gowşurdy. Gazetiň işgärleri ondan gören zatlaryny ýazmagyny soradylar. Sabyr wakany täsirli suratlandyryp, habary gazetiň redaktoryna tabşyrdy. Gazetiň redaktory Sabyryň wakany birkemsiz, takyk ýazyp beýan edişinden göwni hoşal bolup, galamhaky hökmünde oňa bir rial berdi hem-de gazete şeýle wakalar barada ýene-de habar berse, her gezek bir rial berjekdigini aýtdy.

***

Sabyr rialy eline alyp, esli wagt synlady, özüniň ilkinji gazanjydygyna ynanyp bilenokdy. Onda umyt uçgunlary peýda boldy. Ol indiden beýläk zähmet çekip, öz gününi özi görüp biljekdigine ynanýardy. Bu rial Sabyryň bagt açary we rysgal ojagy boldy, ol şol günüň özünde aýratyn bir otagly jaýy kireýne alyp, göçdi. Ol bärde naharlanýardy, ýatýardy, gündizlerine habarlary diňleýärdi, wakalary seljerip, olary gazete eltip berýärdi we galam hakyny alyp, gijesine otagyna gaýdyp gelýärdi. Agşamlyk naharyny edinip, beren nygmaty üçin Allatagala alkyş aýdandan soňra, süýji oý-hyýallara berlip, ejesiniň ýanyna sowgat-serpaýly dolanmak arzuwy bilen uka gidýärdi.

Sabyr otagda ýeke özi ýaşaýardy, onuň goldaw berer ýaly hiç kimi ýokdy. Görme-görşe geler ýaly dogan-garyndaşam ýokdy, agyr zähmet bilen gazanýan bir rialyndan başga sowalga pulam ýokdy. Emma ol bu ýönekeýje durmuşyndan razydy, daň bilen turup, ertir namazyny okap bolandan soň, penjiräni açyp, asuda dünýäni, Günüň dogup, älem giňişligine öz şöhlesini saçyşyny, adamlaryň ukudan oýanyp, öz ýollary bilen işe gidişlerini synlaýardy. Ony has begendirýän zat hem — salkyn, mylaýym şemalyň goňşusynyň bagyndaky jasmin gülüniň ysyny alyp gelşi we guşlaryň şahalardan şahalara uçuşyny synlamakdy. Goňşy howluda ýaşaýan gözel gyz bolsa, ir säher bilen bagçylyga gelip, güllerden owadan çemen bogýardy, haçan-da, kakasy işe ugramakçy bolanda, ol ajaýyp gülleri kakasyna berýärdi. Kakasy bolsa ony gujaklap, maňlaýyndan ogşap, soňra işine gidýärdi. Sabyr bu wakany günde synlap, ony ýakymly duýgular gurşap alýardy. Haçan-da, ol bu adamy öz kakasy, gyzjagazy bolsa öz uýasy hökmünde göz öňüne getirende, begençden ýaňa onuň duýgulary pürepür bolýardy.

Sabyr wakalaryň we täzelikleriň gözleginde her gün mähelleli ýerlere aýlanýardy. Käwagtlar onuň bagty çüwüp, möhüm habarlara ýa-da wakalara duşup, günüň ahyrynda bir rial bilen begençli halda dolanýardy, käwagtlar bolsa hiç hili wakany, täzeligi tapyp bilmän şowsuzlyga uçranda lapykeç bolýardy. Ykbaly oňa ýene-de bir rial bagyş edýänçä ol uly alada gaplanyp, pulsuzlykdan kösenýärdi.

***

Sabyr bu gün hem, adatdakysy ýaly, irden şäher eteklerine aýlanmaga çykdy. Etrapdan — etraba, çaýhanadan — çaýhana, kazyýetden — kazyýete, edaradan — edara agşamara çenli ygyp, gazete eltip berer ýaly hiç hili täzeligi, wakany tapyp bilmedi. Onuň şowsuz gözlegleri haýwanat bagynyň golaýynda tamamlandy. Ýadawlykdan ýaňa sütüni süýnüpdi. Ol jübüsine elini sokanda ýarym piastrdan başga pul çykmady. Bu onuň bar baýlygydy. Sabyr puly eliniň aýasynda saklap, ikirjiňlenip, oňa seredip durdy. Galanja puluna haýwanat bagyna girip, gezelenç edip dynç almalymy ýa-da agşamlyk nahary edinmek üçin goýmalymy? Ol puluny kä jübüsine salyp, käte çykaryp, esli durdy. Ahyrynda bu ýagdaý uzaga çekensoň, jübüsinden puluny çykaryp, gapa tarap ýöneldi: «Eý, piastr, sen meň iň soňkuja pulum bolsaň-da, sowjak, özümiň rahat dynç almagym üçin seni özümden gysganjak däl, eger adam ogullarynyň arasynda daryksam-da, haýwanlaryň arasynda özüme teselli we maza taparyn» diýip, içini gepledýärdi. Ol haýwanat bagyna girip, ol ýerde bilbilleriň saýraýşyny, maýmynlaryň goh-galmagalyny, ýolbarsyň arryldysyny eşitdi, aýylaryň oýnaýşyny, ýylanlaryň süýrenişini gördi, gürleýän totuguşlary, mekir tilkileri, düýeguşlary, žiraflary, düwlenleri we krokodilleri synlady. Bu ýerde geň-enaýy zatlary görüp, özüniň pulsuzlygyny, kyn ýagdaýyny az salymlyk unutdy.

Haýwanat bagynyň ýapylmaly wagty gelip ýetende, adamlaryň bagdan çykmaklary haýyş edilip, bildiriş ýaňlanyp, jaň kakyldy. Sabyr çykyp barýarka, ýolda büdräp tasdanam ýere ýykylypdy, onuň göwnüne özünden başga betbagt ýok ýalydy. Onuň uly «Urman» seýilbagyna gözi düşdi we dynç almak üçin baga girip, oturgyçda ornaşdy. Ol Gün ýaşyp, garaňky düşýänçä şol ýerde oturdy. Bagda gezelenç edip ýörenler dagaşyp başladylar. Ahyrynda bagda Sabyrdan başga adam galmady, ol nirä gitjegini, näme etjegini bilmän, öz düşen ýagdaýy hakynda pikir edip oturdy.

Şol wagt onuň gulagyna biriniň kömek sorap gygyrýan sesi eşidildi. Ol kellesini galdyryp seredende, agaçlaryň arasynda iki sany sudura gözi kaklyşyp, şol tarapa ýöneldi. Ol ýere golaýlanda, bir kişiniň gaçmaga synanyşýanyny hem-de elindäki zady zyňyp goýberenini gördi. Sabyr baryp ol zady eline alyp görse, zenanlaryň ýantorbasy bolup çykdy. Ol ýantorbany alyp, gykylygyň gelýän ýerine ýöneldi hem-de bir ogrynyň bir gyzyň altyn şaý-seplerini almakçy bolýandygyny, gyzyň bolsa ondan gaçmaga synanyşýanyny gördi. Sabyr jenaýatçynyň üstüne topulyp, ýumrugyny çenäp, bar güýji bilen urdy. Ony ýere ýykyp, gyzy onuň elinden halas etdi. Ogryny polisiýa bölümine eltmek üçin onuň elini baglamakçy bolanda, ol eýgertmän gaçyp gitdi. Gyz bolsa gorkudan ýaňa hiç zat gürläp bilmän titräp durdy. Sabyr gyzyň ýanyna baryp, özüni dürseýänçä garaşdy, ony köşeşdirdi. Soňra oňa ýantorbasyny gaýdyp berdi. Gyz ýantorbasyny barlap, onuň içinden hiç zadyň alynmandygyna göz ýetirdi. Olar seýilgähiň çykalgasyna ýetenlerinde, Sabyr ol gyza öýüne eglenmän barmagyny maslahat berdi, soňra gitmekçi bolup onuň bilen sagbollaşdy. Emma gyz ondan aýak çekmegini sorap, öýüne, kakasynyň ýanyna barýança özüne ýoldaş bolmagyny haýyş etdi: «Jenap, siz asylly, mert ýigit ekeniňiz. Siz sogap iş etdiňiz, bu haýyr işi ahyryna çenli ýerine ýetiriň, meni öýüme çenli ugradyň. Sebäbi ogrular meniň gitjek ýolumda bukulyp durandyrlar öýdüp howatyrlanýaryn. Meniň ýeke özümdigimi görseler, maňa gaýtadan daramaklary mümkin». Şol pursatda Sabyr jübüsiniň boşdugy ýadyna düşüp aladalandy. Sebäbi onuň ýol harjy üçin hiçhili puly ýokdy, näme etmeli?! Tanamasa-da, tramwaýa tölemek üçin gyzdan pul almalymy?! Kakasy gyzynyň ýanynda özüni bile görse, näme pikir eder?! Kakasy Sabyry hälki jenaýatçylaryň şärikdeşi diýip hasap eder! Sabyr bu zatlar hakynda oýlanýarka, nätanyş gyz özüni ýolda ýeke goýup gitmezligini haýyş edip özelenýärdi. Sabyr bu gyzyň haýyşyndan boýun gaçyryp bolmajagyna we ony öýüne ugratmakdan başga alajynyň ýokdugyna düşünip, onuň bilen razylaşdy. Gyz oňa minnetdarlygyny bildirip, taksi saklady. Sabyr hem onuň bilen ulaga mündi. Ulag Kairiň ýollaryndan gidip barýardy. Birden ulag Sabyryň ýaşaýan köçesine düşdi, soňra bolsa bir jaýyň howlusynyň golaýynda saklandy. Bu jaý Sabyryň her gün irden syn edýän howlusydy. Edil şol pursat ol, bu gyzyň her gün irden howla gelip, gül ýygýan gyzdygyny bilip galdy.

***

Gyz gapyny açandan kakasynyň howluda duranyny gördi. Sabyr gyzyň kakasyna gözi düşüp aljyrady we yzyna gitmekçi boldy. Emma gyz ony saklady, hökman öýe girmelidigini aýdyp, öz diýenine tutdy, oňa gitmäge rugsat bermedi. Şol wagt kakasy gyzynyň ýanyna gelip, oňa gaharly ýüzlendi: «Nirede bolduň, Afab? Onsoňam ýanyňdaky kim?!». Gyz ikirjiňlenmän jogap berdi: «Tagapyl et, kaka. Myhman bilen tanyş bol. Ony güler ýüz bilen garşy al, sebäbi ol iň arzyly myhman… Ol seniň hormat-sylagyňa mynasypdyr, sebäbi bu päk ýürekli, mert ýigit meni ogrularyň zulumyndan halas etdi, jenaýatkärleriň elinden gaçmaga kömek etdi! Men «Urman» seýilgähinden geçip gelýärkäm, olar maňa topulyp, ýantorbamy elimden aldylar, meniň gymmat bahaly şaý-seplerimi almakçy boldular. Men olaryň arasynda möjek sürüsine düşen guzy ýalydym. Alla nalyşymy eşidip, meni halas etmek üçin bu batyr ýigide duşurdy, ol meniň halasgärim boldy! Asylly ýigit, senem tanyş bol, bu meniň kakam, Başa, Müsür goşunynyň serkerdesi, ol seniň hormat-sylagyňy ýetirer. Gel, gel, ol seniň ýaly batyr ýigit bilen tanyş bolsa, gaty begener».

Şol pursat Başa gelip Sabyr bilen salamlaşdy, oňa köp sagbolsun aýtdy, soňra bolsa myhman otagyna alyp gitdi. Olar ikiçäk gürleşip başladylar. Başa ondan: «Sen kim, ýaş ýigit? Näme iş bilen meşgullanýaň?» diýip sorady. Sabyr oňa: «Jenap, men Sabyr Bedreddin, gazetiň habarçysy bolup işleýärin. Gazet üçin wakalary, habarlary ýygnaýaryn» diýip jogap berdi. Başa ynjalyksyzlanyp şeýle diýdi: «Diýmek, sen gyzym bilen bolan wakanam gazete ýazmakçy-da?». Ýaş ýigit çekinjeňlik bilen: «Bu siziň islegiňize bagly, sebäbi men birnäçe gün bäri hiç hili waka tapamok» diýdi. Başa ondan: «Sen munuň üçin gazetden näçeräk hak alýaň?» diýip sorady. Sabyr: «Her waka üçin bir rial, jenabym!» diýip jogap berdi. Başa jübüsinden funt çykaryp, ony ýigide uzatdy-da: «Sabyr, şuny al, bu eden ýagşylygyň üçin sylagyň» diýdi. Ýigidiň gahary gelip, ýüzi gyzardy. Ol gaharynyň gelenini gizlemän: «Başa, siz maňa ýagşylyk edenim üçin pul bermekçi bolýaňyzmy? Ýöne bu meniň borjum ahyryn. Men muny sagbolsun ýa-da sylag üçin etmän, adamkärçiligimden ugur alyp etdim. Sebäbi nähilidir bir güýç meni biygtyýar ol ýere eltdi. Haçan-da, bolan wakany göremde, Hudaýyň özi meni bu gyzy halas etmek üçin oňa duşurandygyna ynandym. Hudaýyň özi maňa bu ýagşy işi etmegime kömek etdi, şol sebäpli eden işim üçin Hudaýyň bendelerinden däl-de, Hudaýyň özünden hemaýat dileýän!» diýdi.

Sabyryň bu sözlerine Başa haýran galdy, sebäbi oglan garyp bolsa-da, ruhy baýdy. Başa oňa ýüzlenip: «Alla ömrüňi uzak etsin, Sabyr! Men sende oba adamsyna mahsus bolan dogumlylygy, özüňe bolan mertebäňi görýän. Sen nireden bolarsyň?» diýdi.

Ýigit üstünden birnäçe wagt geçen wakany ýadyna saljak bolýan ýaly görnüşde maňlaýyny sypalap: «Meniň maşgalam Munufi welaýatynyň Hamul obasynda ýaşaýardylar, ýöne men obadan bireýýäm gaýtdym, şonuň üçin bu barada hiç hili habar bilemok» diýdi.

Bu habary eşidip, Başa oturgyçda ýaplanyp oturan ýerinden dikeldi, bilesigelijilik bilen oglanyň ýanyna golaýlaşdy: «Sabyr, sen Hamuldanmy?» Sabyr: «Hawa» diýdi. Başa: «Seniň adyň Sabyr Bedreddinmi?». Sabyr ýene: «Hawa» diýdi. Başanyň ýüzünde geň galma alamatlary peýda boldy: «Sabyr, seniň ataň ady näme?». Sabyr: «Onuň ady Şeýh Abdul Tawwab, ol öz döwründe obada sylanýan adamlaryň biri bolupdyr» diýdi.

Başa tarsa ýerinden galdy. Sabyryň ýanyna baryp, ony bagryna basdy, özüne erk edip bilmän, biygtyýar aglady. Sabyr bu adama näme bolanyny bilmän aljyraňňy ýagdaýa düşdi hem-de bu adam tutgaýlydyr diýip pikir etdi. Sabyr näme etjegini bilmän, onuň elinden sypmagyň alajyny etdi. Şol pursat hyzmatkär aýal eli mejimeli kofe getirdi. Hyzmatkär aýal bu geň görnüşi görüp, mejimäni goýup yzyna öwrüldi hem-de gidip Afaba habar berdi. Afab näme bolýanyny bilmek üçin derrew otaga geldi we kakasynyň ýaş ýigidi gujaklap oturyşyny gördi.

Kakasy gözüne ýaş aýlap, sandyrawuk sesi bilen şeýle diýdi: «Hoş geldiň, agamyň ogly!». Sabyr düşünmän, oňa haýran galyp seretdi. Kakasy gyzyny ýanyna çagyryp: «Gel, Afab, gel! Sen bu ýaş ýigidiň kimdigini bilýänem dälsiň? Ol seniň Bedreddin kakaň ogly. Men saňa: «Ol ýogaldy, yzynda çagasy galmady» diýip gürrüň beripdim. Men şu wagta çenli şeýle pikir edýärdim. Emma ol yzynda seni halas eden bu mert ýaş ýigidi goýup gidipdir. Sabyr, sen henize çenli Afabyň kimdigini bilenem dälsiň. Ol meniň gyzym, men bolsa seniň Seýf Başa Abdul Tawwab kakaň?!».

Sabyryň geň galmadan ýaňa gözleri hanasyndan çykara geldi: «Başa kakam?!» Başa: «Oglum, geň galma, hawa, men seniň Seýf kakaň, sen bolsa doganym Bedreddiniň ogly. Men sen dogulmazyňdan öň obadan gaýtdym, şondan soň oba bilen baglanyşygym kesildi. Gartaşan ýaşymda gözümiň göreji hökmünde maňa ogul peşgeş bereni üçin, saňa duşuryp meni bagtly edeni üçin Hudaýa şükürler bolsun!».

Sabyry begenç we şatlyk duýgulary gurşap aldy. Afab şatlygyndan ýaňa özüne erk edip bilmän, Sabyryň ýanyna gelip, guwanç bilen onuň elini gysdy. Başa ýerinden galyp, göwnühoş halda agasynyň ogly bilen tanyşdyrmak üçin aýalyny çagyrmaga gitdi. Sabyr bilen Afab bu duýdansyz duşuşygyň özlerini bir ýere jemländigine geň galyp, gürleşip otyrdylar. Başa aýaly bilen otaga girdi, aýaly Sabyr bilen salamlaşyp, onuň bilen görüşdi. Başa aýalyna ýüzlenip: «Agamyň oglunyň biziň goňşymyzdygyny bilmeýşimiz geň dälmi eýsem?! Gyzymyzy halas edende hem olaryň bir-birini tanamaýyşlary täsin dälmi eýsem?!» diýdi. Soňra ol Sabyra guwanç bilen bakyp durşuna: «Sabyr, sen gyzymy meniň üçin halas etmediň, sen ony özüň üçin halas etdiň, goradyň! Ol indi seniňki, biziň bar baýlygymyz hem indi ikiňize degişli. Men, seniň gelnejeň hem-de ejeň bu öýde siziň arzyly myhmanyňdyrys. Meniň mähribanlarym, siz şundan beýläk bir maşgalasyňyz!» diýip, ýaňagyndan syrygýan begenç gözýaşlaryny syldy.

Arap dilinden terjime eden Ýusup TUWAKOW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň kiçi ylmy işgäri
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle