|

G.M

G.M G.M

G.M

Eger seniñ bir ýylgyrşyñ,
bir sözüñ,
bir garaýşyñ
Birni bagtly edýän bolsa;
Eger biri
«Ýok» diýeñde,
Girip derwüş sypatyna,
Daga-düze gidýän bolsa;
Eger biri seni görüp,
Keselinden gutulsa;
Kyn pursatda
Hudaýyñ däl,
Seniñ adyñ tutulsa;
Saña,
bir azaşan teşnäñ
Ýetişi deý suwly çeşmä,
Soñky demde ýetilse…

Eger sen şondan soñam
Gidip bilseñ
«Ýok» diýip,
Gaty uzak ýaşarsyñ
Diñe özüñi söýüp.
Ýykylmarsyñ bimahal
Ýürek agyryñ tutup.
Söýgi bagty — kör bije,
Bir gezek bolýa utup.
Gaty uzak ýaşarsyñ sen,
Saçyñam agarmaz, mümkin…
Ýöne, saña hiç kim aýtmaz —
Nämäñ hatyrasyna
Ýaşadyñ sen?
Kim üçin?

Şiraly NURMYRADOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle