Faraply ýigidiñ gürrüñi esasynda ýazylan goşgy
Faraply ýigidiñ gürrüñi esasynda ýazylan goşgy
Maña bu dünýäde iñ ýakyn hossar,
işde — naçalnigim, öýde — aýalym!
Ýortsam «Ýöre!» diýer, ýöresem gyssar,
işde — naçalnigim, öýde — aýalym!
Iş buýrulsa robot bolup etmeli,
«Ýet» diýilse ýelden ozup ýetmeli,
Çat mañlaýda çatlap dursa nätmeli,
işde — naçalnigim, öýde — aýalym!
Goýmasam-da edýän işimiñ kemin,
Asuda durmuşyñ tapamok çemin,
Ot edip üstüme üfleýär demin,
işde — naçalnigim, öýde — aýalym!
Her ädimim, her minudym derñeler,
It görse günümi çaşar, serreler,
«Haçan adam boljak?» diýip herreler;
işde — naçalnigim, öýde — aýalym!
Gije-gündiz ýetişiksiz günde men,
Bu kysmaty özgelere ündemen,
Gök, gübürdär, «Boldy-diýsem-indi» men,
işde — naçalnigim, öýde — aýalym!
Oýunlyga salyp döşüme kakýar,
Ýylgyrsam, ýumrugy dişime kakýar,
Göwni ýetmän eden işimi bakýar,
işde — naçalnigim, öýde — aýalym!
Aýalym naçalnik dogrymy diýsem,
Öz elim, öz ýakam ýigrensem, söýsem,
Heý, maña ýamanlyk edermi eýsem,
işde — naçalnigim, öýde — aýalym!
Abdyreşit TAŞOW. Goşgular