|

EZIZIM

EZIZIM ***
Sowaşyp barýasmy, birek-birekden,
Ýa-da öwrenişdikmi juda ezizim.
Yşgym dyňzap çykanok-la gursakdan,
Düşdükmi söýgüden jyda ezizim.

Näma üçin geçen güni ýatlaýas,
Etmeýäris ertimiziň arzuwyn.
Ne sebäpden bile şeýle çykmaýas,
Görmeýän dek bir-biregiň barlygyn.

Bir-birege düşündirjek bolamzok,
Soraşmaly zatlarmyzam ýok ýaly.
Öňki ýaly azara-da galamzok,
Ezizim biz bir-birege ýat ýaly.

Ýa-da bu-da ýyllaryň bir oýnumy,
Aram-aram barlap görýän üşügiň.
Çaga däl biz oýnar ýaly oýnuny,
Galdyk ahyr aşagynda keşigiň. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle