Eziz Nesiniñ familiýa edinşiniñ hekaýaty
Eziz Nesiniñ familiýa edinşiniñ hekaýaty
1934-nji ýylda «Familiýalar hakyndaky» kanun çykdy. Her kimiñ öz familiýasyny özi saýlap almaga hukugy barlygy üçin adamlaryñ ähli pes duýgudyr oý-pikirleri orta çykdy duruberdi. Dünýäniñ iñ husytlary «Eliaçyk», dünýäniñ iñ züwwetdin gorkaklary «Ýürekli», dünýäniñ iñ işýakmaz ýaltalary «Işeññir» diýen ýaly familiýalary saýlap aldylar. Her sapar şular ýaly alan-aldy bolanda, iñ soñuna galýandygym üçin gowy familiýa alan-aldylygynda hem iliñ soñuna galdym. Maña iliñ ortasyna çykyp gaýşaryp gezer ýaly familiýa galmandygy üçin, özüme «Nesin» («Näme sen?» «Kim sen?» -t.b.) diýen familiýany aldym. Goý, her kim maña «Nesin» diýip ýüzlenende, öz kimdigimi, nämedigimi aklyma aýlap, özüme geleýin, öz hetdimi tanap duraýyn diýdim.
