|

Eýýamlaryñ nalasy

Eýýamlaryñ nalasy EÝÝAMLARYŇ NALASY

Teýmirleň diýýärler, Çingiz diýýärler,
Napoleon diýýärler, Gitler diýýärler,
Zülkarnaýyn, Dari, Gaznawy, Nedir…
Şu güne çen olar gargyş iýýärler.

Milliard, milliard… janlar ýatyr toprakda,
Ganhorlaryň gylyjyndan, zarbyndan.
Hudaý saýyp özlerini ýerdäki
Jyda boldy olar adam gabryndan.

Ganhorlara adam diýip bolmaýar,
Dahyly ýok olaň hiç bir hudaýa.
Ýöne emir etdiler niçeme eýýam
Magrupdan Maşryga – Rim, Şam, Hytaýa…

Ýurt basyp, il gyryp, bagtly bolan ýok,
Sütemkäriň işi mydam telekdir.
Jellatlara derek bir Ibn Sina
Adamlaryň ählisine gerekdir.

Ibn Sina bolmak, Pyragy bolmak,
Hudaýyň çyn ogly bolmak diýmekdir.
Jenjel isläp, gan küýseýän arwahlar
Siziň bolup ýörşüňiz poh iýmekdir…

14.05.2016. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle