Eýranly žurnalist Zamani: Näçe wagta çekse-de, Eýrandaky protestler barybir rewolýusiýa bilen gutarar
Eýranly žurnalist Zamani: Näçe wagta çekse-de, Eýrandaky protestler barybir rewolýusiýa bilen gutarar

2014-nji ýylda ýazan tankydy makalalary sebäpli garşysyna gözleg yglan edilen we Türkiýä gaçyp gelen Aliasgar Kouroş Zamani demonstrasiýalaryñ soñunyñ rewolýusiýa bilen gutarjagyny öñe sürdi. Zamani «bu gezek režimiñ özüni nyşana aldylar» diýdi.
Eýranda Mahsa (Jina) Amininiñ ölümi bilen başlan we bir aýyny geçiren tolgunşyklar ýurtdaky oppozisionerleriñ uzak wagt bäri başdan geçirýän basyşlaryny çekişmä açdy.
2014-nji ýylda ýazan tankydy makalalary sebäpli garşysyna gözleg yglan edilen we Türkiýä gaçyp gelen Aliasgar Kouroş Zamani ýurdundaky meseleleriñ kyrk ýyllyk taryhynyñ bardygyny aýtdy.
Tolgunşyklaryñ rewolýusiýa bilen soñlanjagyny öñe süren Zamani eýran režiminiñ häzirki bolýan ýerinde-de özlerine haýbat atýandygyny, şonuñ üçinem özlerini arkaýyn duýmaýandyklaryny öñe sürdi.
Aliasgar Kouroş Zamani häzire çenli dürli ýollar arkaly onlarça gezek haýbat atylandygyny aýtdy.
Birnäçe ýyllap Eýranda žurnalistlik eden Aliasgar Kouroş Zamani 2014-nji ýylda Türkiýä gelipdir.
Dört ýyllap yzarlanýandyryn diýen pikirde žurnalistika arakesme beren Zamani 2018-nji ýyldan soñ kärini dowam etdiripdir.
Häzir Londonda çykýan «Keyhan» gazetinde çykyş edýän Zamani Angliýanyñ «Bayan» torunda telewizion gepleşikleriñ birini alyp barýar.
Zamani şol bir wagtyñ özünde Türkiýäniñ Žurnalistler sindikatynyñ (TGS) we Garaşsyz žurnalistler guramasynyñ (RFS) agzasydyr.
Wan şäherinde ýaşaýan Zamani özüni ýurtdan çykmaga mejbur eden sebäpler hakda şulary gürrüñ berdi:
— Köplenç oppozision habarlary berýän ýerler bilen işleşýärdim. Režim muny duýdy, birnäçe gezek yzarlandym. Bir gezek ele düşdüm, gamçy jezasyny berdiler. 64 gamçy India. Ahyrsoñunda men öýde däldim, başga şäherdekäm kakam jañ edip: «Öýe geläýme» diýdi. Sebäbi howpsuzlyk gullugynyñ işgärleri gelip meni gözläpdir, öýdäki kompýuterimi we başga nämäm bolsa, barsyny alyp gidipdir. Bir hepdeden soñam bir alajyny tapyp, Türkiýä geldim.

• Ýurtda oppozision žurnalistika bilen meşgullanmagyñ almyty: ölüm jezasy, türme ýa-da ýurtdan gaçmak
Garaşsyz žurnalistler guramasynyñ (RSF) taýýarlan 2022-nji ýyl boýunça dünýäniñ metbugat azatlygy indeksine görä Eýranyñ metbugat azatlygy 180 ýurduñ arasynda sanawyñ iñ soñundaky Demirgazyk Koreadan iki san öñde, 178-nji ýeri eýeleýär.
Diñe ýurtdaky žurnalistler däl, ýurtdan çykyp gaýdan žurnalistlerem dowamly howp astynda.
Eýranda hökümete garşy çykyşlara meçew bermekde we içalyçylykda aýyplanan Ruhullah Zem 2019-njy ýylda Fransiýada ýaşaýan ýerinden ele salnyp, Eýrana äkidilipdi, yzyndanam 2020-nji ýylda Ýokary Suduñ jeza çäresini tassyklamagy bilen dardan asylyp öldürilipdi.
Şeýle-de, 2018-nji ýylda eýran režimine garşy oppozision pikirdedigi üçin garşysyna gamçy jezasyny bermek hakynda karar çykarlan Araş Şoaşargyñ Wanda duýdansyz gürüm-jürüm bolandygy habar beriş serişdeleriniñ diline düşüpdi.
Metbugatyñ diline düşen başga bir gürrüñ bolsa, Şoaşargyñ ýitirim bolmagyndan birnäçe aý geçensoñ, onuñ Eýrandaky bir türmede oturandygy baradady.
Zamani ol žurnalistleriñ ikisi bilenem tanyşlygynyñ bardygyny aýtdy.

3-nji maýda Bütindünýä metbugat azatlygy güni mynasybetli çap edilen RSF beýanatynda Eýran sanawda 178-nji ýerde.
Garaşsyz žurnalistleriñ ýakynda paýlaşan maglumatlarynda Eýranda Mahsa Amininiñ ölüminden soñky protestlerde 19-njy oktýabra çenli 41 žurnalistiñ tussag astyna alynandygyny habar berilýär.
Şeýlelikde, Hytaýdan we Mýanmardan soñ iñ köp žurnalist basýan ýurt Eýran boldy.

Aliasgar Kouroş Zamani soñky wagtlatda «Bayan» atly mediýa torunda gepleşik alyp barýar, «Keyhan» gazetinde makalalar bilen çykyş edýär.
• «Kim hakykaty ýazjak bolsa ýa türmä girýär ýa-da ýurtdan gaçyp cykmaga mejbur bolýar»
Ýurdundaky žurnalistikanyñ ýagdaýyny gürrüñ berýän Zamani şeýle diýdi:
Žurnalistler Eýrandan gaçyp çykmaga mejbur bolýar. Häzir türmelerde köp sanly žurnalist saklanýar. Olara «biziñ aýdyşymyz ýaly habar ýazarsyñyz» diýilýär. Kim hakykaty ýazjak bolsa ýa türmä girýär ýa-da ýurtdan gaçyp cykmaga mejbur bolýar. Ol ýerde žurnalistlik etmek bir hatarda oppozisioner bolmak mümkin däl. Çünki bu jenaýat. Hatda ölüm jezasyny-da berip bilýärler.
Näçe ýyl öñ Fransiýada bir žurnalist alnyp gaçyldy, Eýrana getirildi we ölüm jezasy berildi. Onuñ bar bileni-biteni žurnalistlikdi. 2018-nji ýylda-da meniñ kärdeşim Araş Şoaşargy Wanda tutup äkitdiler, häzir ol türmede.
«Eýranda režim metbugat serişdeleriniñ barsyny gysymynda saklaýar. Hususy mediýa organyna ýa teleýaýlyma duş gelip bilmersiñiz. Ýaýlyma goýberilýän ähli gepleşikler hökümete garaşly» diýen Zamani «Taýyn senari berýärler-de, «şu boýunça ýaz!» diýýärler we şol ýazylan zatlaram ýaýradylýar. Edil ýöne kino ýaly. Güýç we pul öz ellerinde bolansoñ, metbugat serişdeleri-de olaryñ öz elinde» diýdi.

Zamani özüni howpsuz duýmaýan başga-da dört žurnalist bilen bile prezident Erdogana we mediýa organlaryna açyk hat ýazdy
Zamani Türkiýäniñ eýranly žurnalistler we beýleki oppozisionerler üçin howpsuz ýer däldigini-de aýtdy.
Häzire çenli dürli ýollardan onlarça gezek howp haýbatlaryny alandygy sebäpli ynjalyksyzdygyny aýdan Zamani dört žurnalist egindeşi bilen bile prezident Rejep Taýýip Erdogana we halkara mediýa organlaryna açyk ýazandygyny aýtdy.
— On ýyl yza göz aýlañ, köp sanly žurnalist ýa ýitirim edilýär ýa alnyp gaçylýar. Bärde işlemek kyn. Biz emigrant bolansoñ, işlemäge rugsadymyz ýok. Maddy üpjünçiligimiz iñ uly meselämiz. Režim gorkusy bolsa başymyzdan sowlup gidiberenok. Daşaryk kän çykybam bilemzok.
Başymyzdan geçýän howp-hatarlar we kynçylyklar barada bäş žurnalist egindeşim bilen bile açyk hat ýazdyk. Prezident Erdogana iberdik we kömek bermegini haýyş etdik. Başga bir howpsuz ýyrda geçmek üçin ýardam etmegini talap etdik. Häzirem jogap alybilmedik. Şol sanda belli žurnalistlere we guramalara-da ugratdyk. Olardanam jogap alyp bilmedik. Hatda bir şikaýatnamam-da bar, çünki IFJ-ne, Garaşsyz žurnalistler guramasyna, Türkiýäniñ Žurnalistler sindikatyna dagy ugradypdyk, hiç biri jogap bermedi. Nämüçin bizi eşidenoklarka? Şolar sesimizi eşitmese, kim eşitmeli?..
• «Protestleriñ ýene näçe wagta deñiç dowam etjeginini bilemok, ýöne ahyrynda rewolýusiýa bilen soñlanar»
Eýranda başýapynjasyny talabalaýyk dakynmagy üçin tussag astyna alynanda öldürilen Jina Amininiñ yzyndan 16-njy sentýabrda köçä dökülen raýatlaryñ protestleri üstünden bir aýy geçirdi.
Ýurduñ birnäçe şäherinde köçä çykan eýranlylar hak-hukuklaryny talap edip gygyrmaga dowam edýärler.
Eýranyñ Adam hukuklary guramasynyñ (IHRNGO) soñky paýlaşan maglumatynda protestlerde şu güne çenli 27-si çaga, jemi 215 adamyñ öldürilendigini habar berýär.
Howpsuzlyk güýçleri protestlere garşy öñüni alyş işlerini her geçen gün berkitse-de, protestleriñ soñunyñ nähili gutarjagy belli däl.

Zamani Eýrandaky üýtgeşmeleri ýakyndan yzarlaýar
Zamani dowam edýän protestlere rewolýusiýa hökmünde baha berýär we umydygärdigini aýdýar:
— Mundan öñem protestler, nägilelikler bolup durýardy. Hemmeler olaryñ dowamynyñ bolmajagyny çak edýärdi. Çünki meseleler, göz öñünde tutulan maksatlar, talaplar ownukdy. «Nämüçin benzin gymmat?», «nämüçin pylança adamy tutduñyz?» diýen ýaly ownuk meselelerdi. Amininiñ ölümi kyrk ýyl bäri basyş astynda ýaşaýan eýran halkynyñ halys degnasyna degdi. Bu gezek ähli oppozisiýa güýçleri köçä çykdy. Meniñ pikirimçe şumat Eýran rewolýusion prosesi başdan geçirýär. Näçe wagta çekjegini bilemok, ýöne bu rewolýusiýanyñ soñunda hökümet agdarylmaly bolar, şuny anyk bilýäris.
Şu gezek nyşanada režimiñ özi. Indi besdir diýýärler. Bütin bu meseleleriñ sakasy režimden gaýdýar, eýranlylar indi muny fowy bilýär. Öldürip-gyryp gorkuzaýjak, yza tesdiräýjek bolýarlar. Adamlaryñ gorkmagyny we busup oturmagyny isleýärler. Emma indi milletiñ gorkar ýaly zady galmady.
Režime diñe ýaraga ýapyş diýseñ. Halk göreşine dowam etmesin diýip, gorkunç zatlary edýärler. Soñky gezek wideoýazgyda görensiñiz, äpişgeden wideoýazgy edip oturan birini-de oka tutdular. Bu rewolýusiýa — milli rewolýusiýa. Şeýle ýagdaýlarda halkymyz «biz eýranlylaryñ meselesi režim!» diýip bilýärler. Şäherleriñ hemmesi aýaga galdy. Adamlar bir aý bäri köçede.
Şenol BALY.
@senolbalii
26.10.2022 ý.
© The Independentturkish Publisistika