|

Eýranly aktrisa Parastu Salehiniñ gözünden Eýrandaky wakalar: Duýgudaşlyk we raýdaşlyk bu diktaturany soñlandyrar

Eýranly aktrisa Parastu Salehiniñ gözünden Eýrandaky wakalar: Duýgudaşlyk we raýdaşlyk bu diktaturany soñlandyrar PARASTU SALEHI: DUÝGUDAŞLYK WE RAÝDAŞLYK BU DIKTATURANY SOÑLANDYRAR

Eýranly aktrisa Parastu Salehiniñ gözünden Eýrandaky wakalar: Duýgudaşlyk we raýdaşlyk bu diktaturany soñlandyrar

Eýranda 22 ýaşly Mahsa Amininiñ 2022-nji ýylyñ 16-njy sentýabrynda «ahlak polisiýasy» tarapyndan tussag edilmeginden soñ aradan çykmagy bilen başlanan demonstrasiýalar tutuş ýurdy gaplap aldy.
Eýranyñ totalitar we konserwatiw hökümeti ýurdyñ içinde öñem wagtal-wagtal reformalardyr özgerişliklere çagyryşlara we tolgunşyklara sebäp bolup durýar.
2018-nji ýylda hökümete garşy bolup geçen köçe çykyşlary Eýranyñ rewolýusion güýçleri tarapyndan basylyp ýatyrylypdy. Şol wagt sosial mediýa we internet aragatnaşygy hem çäklendirilip, demonstrasiýaçylaryñ aragatnaşyk mümkinçiliklerine bökdençlik döredilipdi.
Ýöne soñky günlerdäki üýtgeşmeler öñki reformalara çagyryşlardan has täsirli we giñişleýin görnüşde garşymyza çykdy.
Amerikan habar beriş serişdeleri bilen bir hatarda bütin dünýäniñ habarlar agentlikleri we sosial mediýa arkaly berilýän goldawlar bolup geçýänleri Eýranyñ daşyna ýaýyp, dünýä jemgyýetçiliginiñ arka durýan hak-hukugyñ we azatlygyñ ymtylyşyna öwürdi.
«Independent» habarlar gullugy eýranly meşhur aktrisa we modelýera Parastu Salehi bilen Eýranda bolup geçýän wakalar hakda gürrüñdeş boldy.

Eýranly aktrisa Parastu Salehiniñ gözünden Eýrandaky wakalar: Duýgudaşlyk we raýdaşlyk bu diktaturany soñlandyrar

— Özüñiz hakda aýdaýsañyz?

— Men Tähranda doguldym, häzir kyrk dört ýaşymda. Aktrisalyk we modelýeralyk bilen geçen sungat karýeramyñ ýigrimi bäşinji ýylyna gadam basdym. On ýedi ýyla golaý wagt bäri ýüzden gowrak teleserialda we çeper filmde oýnadym.
Eýrandaky totalitar režim meni aktiwistka bolmaga mejbur etdi we men halkymyñ sesi bolmak üçin öñe çykdym. Olaryñ azatlyk ugrundaky göreşinde ýanynda bolmagy özüme maksat edindim. Jemgyýetiñ talaplaryny belent ses bilen gygyrmaga çekinmedim.
Edýän tankydy belliklerim we protestlerim üçin eýran sudlarynda garşyma birnäçe gezek derñew işleri açyldy, ahyrynda daşary ýurda çykmak gadagan edildi.
Bu gadagançylygyñ möhleti geçen badyna men Türkiýä göçdüm we häzirem Türkiýede ýaşap ýörün.

Eýranly aktrisa Parastu Salehiniñ gözünden Eýrandaky wakalar: Duýgudaşlyk we raýdaşlyk bu diktaturany soñlandyrar

• «Eýranda yslam respublikasynyñ bardygyna ynanamok»

— Eýran rewolýusiýasyndan soñ wagtal-wagtal reformalar geçirmäge edilen çagyryşlaryñ yzysüre eýran halkyna we hususanam aýal-gyzlara edilýän basyşlar barada aýdaýsañyz?

— Men Eýranda yslam respublikasynyñ bardygyna ynanamok. Biz yslam dininden daşda, diñe diktatorlyk bilen dolandyrylýan ýurt. Başga zat däl.
Garyplyk, adalatsyzlyk, jemgyýetçilik durnuklylygyñ we asudalygyñ üpjün edilmeýşi jemgyýete, hususan-da ýaşlara hem-de aýal-gyzlara garşy edilýän basyşlar adamlarda çuñ ýaralary emele getirdi.
Ýigrimi iki ýaşly Mahsa Amininiñ öldürilmegi bu ýaralary birdenkä açdy. Indi eýran halky azatlygyny gazanmak üçin ähli şäherlerde şirin janlaryny orta goýup göreşýär.
Eýran halkyna garşy gönükdirilen basyşlar köçä çykyp azatlygyny talap eden adamlara polisiýanyñ zulumy bolup inişi ýaly, şol bir wagtyñ özünde edilýän zulumlary fotosurata düşürip ýa-da wideoýazgy edip paýlaşýanlara her dürli haýbatlar atylýar.
Aýratynam, internet we sosial mediýa aragatnaşygynyñ çäklendirilmegi bilen birlikde eýran halkyna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan berilýän goldawyñ hem ýoly baglanmaga synanşylýar.

Eýranly aktrisa Parastu Salehiniñ gözünden Eýrandaky wakalar: Duýgudaşlyk we raýdaşlyk bu diktaturany soñlandyrar

• «Türkiýede zenan bolup ýaşamak Eýrana garanda elhalrak»

— Türkiýede zenan bolmak bilen Eýranda zenan bolmagyñ arasynda nähili tapawutlar bar?

— Zenan hökmünde Türkiýede geçiren soñky bir ýylyma göz aýlanymda, Eýrandaky ýaşaýyş-durmuş ülñülerine ýigrenç bilen señrigimi ýygryp seredýärin.
Türkiýede zenan bolup ýaşamak Eýranda garanda elhalrak, çünki bärde örtünip gezmäge mejbur edýän ýok, aýal-gyzlar isläni geýip we ýüz-gözlerini makiýaž etdirip bilýärler.
Adamlar has mähir-mylakatly, käbir aýallaryñ dagy it gezdirip ýörendigini görýärin.
Eýranda aýala haýwan saklamak bolanok. Türkiýedäki häzirki azatlyklar aýal bilen erkegiñ arasyndaky gatnaşyklary güçlendirýär.
Eýrandaky basyşlar sebäpli aýal-erkek deñliginden, aýal bilen erkegiñ arasyndaky jemgyýetçilik gatnaşygyndan we integrasiýasyndan söz açmak mümkin däl.
Türkiýede ösen ýurtlara garanda aýal-gyzlaryñ azatlygy babatda käbir gowşak taraplarynyñ bardygyny aýdyp bolar, ýöne umuman alanda Türkiýedäki aýal-gyzlar Eýrandaky aýal-gyzlardan has erkin ýaşaýar.

— Sungat adamsy hökmünde Eýranda ýaşamagyñ sungatyñ erkin we köptaraply dinamikalaryna nähili oñaýsyz täsirleri bar?

— Eýranda döredilen sungat eserlerine baha berýän hil gözegçiligi departamenti bar. Departamentiñ ülñüleri dolulygyna erkek gegemonlygyny edýän añyýetiñ netijeleri bilen hereket edýär.
Zenanlaryñ oýnaýan kinofilmlerinde we teleseriallarynda aýal-gyzlaryñ duruşy, seredişi, geýnişi, göwresini hereketlendirişi erkekleri gyjyndyrmajak şekilde bolmaly.
Şol sanda başýapynjaly bolmaly, boýnuñ we gulaklaryñ görünmeli räl. Şular ýaly çäklendiriji galyplarda tomaşaçyny tolgundyrmak we roluny hakyky manysynda oýnamak aktrisalara örän kyn düşýär.
Ýene bir zady aýdyp geçmek gerek, olam eýranly sungat işgärlerine pikir-düşünjelerini açyk beýan etmek gadagan, sungat işgärleri yzygiderli diýen ýaly soraga çagyrylyp, basyş astynda saklanýar.
Sungatyñ arassa we azat şertlerde täze eserleri dünýä indermegine şular ýaly basyşlar ýol bermeýär.

Eýranly aktrisa Parastu Salehiniñ gözünden Eýrandaky wakalar: Duýgudaşlyk we raýdaşlyk bu diktaturany soñlandyrar

• «Ýurdumyñ aýal-gyzlarynyñ batyrgaýlyk we mertlik bilen hak-hukuklaryny talap edip gygyryşlaryny görendigime buýsanjym çäksiz»

— Soñky tolgunşyk bütin dünýäden goldaw tapdy, bu goldaw size nähili duýgulary berýär?

— Eýranda ýüze çykan we köpçülikleýin häsiýete öwrülen bu tolgunşyk ýurdumyñ aýal-gyzlarynyñ batyrgaýlyk we mertlik bilen hak-hukuklaryny talap edip gygyryşlaryny görkezendigi çäksiz buýsanç duýgusyny başdan geçirmegime sebäp boldy.
Eýran halky sosial mediýa arkaly başdan geçirýän wakalaryny ähli reallygy bilen ýer ýüzüne görkezdi. Wirtual dünýä eýran halkynyñ hakly tolgunşygyna örän gowy goldaw berdi.

Eýranly aktrisa Parastu Salehiniñ gözünden Eýrandaky wakalar: Duýgudaşlyk we raýdaşlyk bu diktaturany soñlandyrar

• Duýgudaşlyk we raýdaşlyk bu diktaturany soñlandyrar

— Häzir Eýrandaky soñky ýagdaýlar nähilikä?

Eýranda häzirki ýagdaý örän durnuksyz. Her gün protestçileriñ birnäçesi tussag astyna alynýar we gynansak-da köçä çykan ildeşlerimiziñ käbiri wepat bolýar. Sungat işgärleri we sport türgenleri halky goldaýandygy üçin tussag edilýär.
Wakalaryñ gerimiñ hasam giñejegini çak edýärin. Halky dogry we strategik taýdan dolandyrmaga ukyply lider bolmandygy üçin bardy-geldi hökümet öwrülişigi bolmaýan ýagdaýynda-da, Eýranyñ azatlygyna gowuşjagyna ynanýaryn.

Eýranly aktrisa Parastu Salehiniñ gözünden Eýrandaky wakalar: Duýgudaşlyk we raýdaşlyk bu diktaturany soñlandyrar

Sözümiñ soñunda Türkiýäniñ ynsanperwer we mylakatly adamlaryna, sungat işgärlerine tüýs ýüregimden minnetdarlygymy bildirmek isleýärin. Eýran halkyny doganlyk halk hasaplamagyñyz biziñ depämizi gök diredýär.
Mümkin bolan wagtlarda Eýranda türk seriallaryna sypdyrman tomaşa edilýär. Eýran halky sizi özüne ýakyn görýär.
Bize berýän goldawyñyz içimizde umyt uçgunyny döretdi. Goldawyñyzy we sylagyñyzy halkymyz hiç haçan ýatdan çykarmaz.
Eýranly aktrisa Parastu Salehiniñ gözünden Eýrandaky wakalar: Duýgudaşlyk we raýdaşlyk bu diktaturany soñlandyrar

Deniz UNAÝ,
sosial mediýa boýunça ýörite hünärmen.

denizunay@gmail.com

06.10.2022 ý. Söhbetdeşlik

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle