Eýrana näme bolarka?
Eýrana näme bolarka?

Eýranly esgerler 2024-nji ýylyñ 17-nji aprelinde Watan goragçylarynyñ Tähranda geçirilen paradyna gatnaşýar / Fotosurat: Majid Asgaripour Reuters
2023-nji ýylyñ 7-nji oktýabrynda «Hamasyñ» hüjümi bilen başlan Gaza genosidine tegelek bir ýyl dolan gününde, hemmeleriñ kellesinde şu sorag aýlanýar: Eýrana näme bolarka?
Gaza genosidi bir ýyl bäri dowam edip duranam bolsa, yslam dünýäsiniñ şindizem muña agzyny birikdirip hemmesi birden jogap bermeýändigi masgaraçylykly ýagdaý bolmakdanam has beter gorkuzyjy.
Gazada gandan doýmaýan terrorçy jöhit döwleti gözüni beýleki yslam ýurtlaryna gözüni dikip başlady. Liwan okkupasiýasy başlady. Ol gutaransoñ gezek Yraga, Siriýa, Eýrana ýeter. Mundan öñem birnäçe makalamda Ysraýyl Gazada duruzylmasa gezegiñ beýleki yslam ýurtlaryna ýetjekdigini telim gezek nygtapdym. Hatda Türkiýäniñem howp astyndadygyny aýdypdym. Prezident Erdoganam geçen hepde eden çykyşy bilen meniñ aýdanlarymy gaýtalady.
Ysraýyl, Günbatar we dünýäniñ galan bölegi şuña magat göz ýetirdi: Ysraýyl näme edende-de yslam dünýäsinden oña garşy köpçülikleýin jogap-garşylyk bolmaýar. Ýekme-ýek alanda-da, hiç bir yslam ýurdy Ysraýyla garşy çykmaga milt edip bilmeýär. Gynansak-da, muña Türkiýe hem degişli.
«Arkasynda ABŞ bolmasa, Türkiýe Ysraýyly kül-uşak etmeýärmi» diýen ýaly gulaga hoş ýakýan badyhowa sözler barada aýdanda bolsa, Türkiýäniñ soñky on bäş ýylda eden işlerine seretmegi maslahat berýärin.
«Mawy Marmara» hadysasynda Ysraýyl türk gämisine el urup, on türk raýatyny öldüren ýagdaýynda-da, Türkiýe boş we gury galmagal turuzmakdan başga beren jogaby bolmady. Ýogsam bolmasa, elindäki mümkinçiliklerine we ukybyna buýsanýan Türkiýäniñ derejesindäki ýurduñ etmeli işi birinji nobatda Ysraýylyñ agzyna bir ýumruk berip, yzyndanam onuñ bilen el gysyşmalydy. Munuñ deregne Ankara ABŞ-nyñ haýbat atyjylykly duýduryşlaryny we Ysraýylyñ içýakgyç ötünjini kabul edip, el gysyşmaga mejbur boldy.
Geçen aýlarda Ysraýyl ABŞ-nyñ raýaty bolan türk zenanyny atyp öldürende-de prezident Erdoganyñ nägileligi hemişekisi ýaly «ganyny ýerde goýmarys, soñuna çenli bu jenaýatyñ yzyny yzlarys» diýen görnüşfr bolupdy. Mundan öñ Ysraýyla «bir gije duýdansyz üstüñize çozarys» diýip duran Erdoganyñ indi sözüni üýtgedip «Ysraýyl biziñ watanymyza tiñkesini dikýär» diýmegi hiç kimiñ gözünden sypmady.
Yslam dünýäsiniñ iñ güýçli ýurdy-da Ysraýylyñ garşysynda şeýdip ýöwselleýän bolsa, galanyny özüñiz pikir ediberiñ.
Görersiñiz ynha, 57 ýurtdan ybarat yslam dünýäsi Ysraýylyñ okkupasiýasyna we genosidine agzyny birikdirip, köpçülikleýin jogap bermedik ýagdaýynda, 2025-nji ýylyñ ilkinji aýlarynda Günbataryñ koalision uçarlarynyñ Eýrandaky obýektleri yzly-yzyna bombalap başlar.
Yzyndan Eýranda Pars aýlagy urşundan soñky Yragyñ ýagdaýyna meñzeş ýagdaýa şaýatlyk edersiñiz. Separatistik kürt toparlary aýaga galyp, Eýranyñ Kürdüstan welaýatyny basyp alar. Demirgazyk Yrakdaky awtonom kürt hökümeti-de Günbataryñ goldawy bilen kowumdaşlaryna kömek eder. Soñam Yrak Kürdüstany Eýran Kürdüstany bilen birleşip, Beýik Kürdüstan döwletini gurar. Siriýadaky ÝPG-niñ kontrollygy astyndaky sebitem olara goşular.
ABŞ täze kürt döwletini ykrar edensoñ, dünýäniñ galan bölegi-de oña eýerer. Soñra Türkiýedäki bölegiñem oña goşulmagy bilen bu iş doly tamamlanar. Şeýlelikde araplaryñ, parslaryñ, türkleriñ agalyk sürýän Ýakyn Gündogar geografiýasynyñ orra-ortasynda täze Ysraýyl dörär.
Ýüzlerçe ýyllap şu üç halkyñ golastynda ikinji derejeli halk bolup ýaşan sebitdäki kürtlerem Günbataryñ özlerine beren bu amatly mümkinçiligini sypdyraslary gelmez. Şeýdibem taryhda ilkinji gezek uly kürt döwleti gurlar.
Bular köp kişä akla-huşa sygmajak fantastiki pikirler ýaly görnübem biler. Ýöne biz şonsuzam bir ýyl bäri akla-huşa sygmajak zatlary başdan geçirip gelýäris.
Kim Ysraýylyñ müñlerçe nowça çagany we enäni öldürende bütin dünýä oña sesini çykarman tomaşa etjegini aýdyp bilerdi? Kim sadagasy bolaýynyñ «siwilizlenen» Günbatar dünýäsiniñ Ysraýyly duruzmagyñ ýerine oña söweşjeñ gämileri we uçarlary ugradyp, nu gandöküşlige we gyrgynçylyga goldaw berjegini aýdyp bilerdi?
Gijä galynmanka etmeli iş şudur:
Türkiýe, Eýran, Yrak, Müsür, Siriýa öz aralaryndaky ownukly-irili meselelerini bir gyra zyñyp, gyssagly bileleşik gurmaly. Ysraýyl bu ýurtlardan haýsydyr biriniñ çägine hüjüm etse, oña garşy hemmesi birden zarba urmaly.
Şeýle-de, Türkiýe Päkistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryndan peýdalanyp, bu ýurtdan ýadrp bombasyny ýa-da ony öndürip biljek know-how almaly.
Eýranam ýadro bombasyny öndürmek işini çaltlandyrmaly. Ysraýylyñ we Günbataryñ gözi gara güýç görmese durmajaga meñzeýär. «Taýak bir dälini ýola getirmiş» diýip ýöne ýere aýdylmandyr.
Ýagdaý şeýle bolýan holsa, Günbataryñ garşysyna oña bäs gelip biljek güýç bilen çykmaly. Ýatdan çykarmañ, Eyran parçalansa gezek bize-de geler. Diýmek, suw señrikden agmanka taýýarlykly bolmak gerek. Ýogsam bolmasa, «soñky tüýkülik sakgal ezmez».
Esedulla OGUZ,
Germaniýada ýaşaýan türkiýeli türkmen žurnalisti.
Duşenbe, 07.10.2024 ý. Publisistika