|

Eýer

Eýer EÝER

Näçe ýyldyr ellenilmän bir eýer
Kümämimiziñ asylgy dur dulunda.
Enem ony ähli zatdan eý görýär,
Hozanak ol şol eýeriñ ugrunda.

Heniz oglankagam şeýledi enem:
Ýanna baranmyzy göräýse birden.
«Atañyzdan ýalñyz galan ýadygär!»
Diýip, enem ony gorardy bizden.

Biz ulaldyk.
Kümämizde henizem
Ellenton dur şol «gadymy tapyndy».
Bizden ýene nesil öndi.
Şeýdibem,
Eýere hyrydar ýene tapyldy.

Indi has bekedi onuñ goralşy —
Goragsyz geçenok sagady-mindi.
«Babañyzdan galan ýalñyz ýadygär!»
Diýip agtyklardan goraýar indi.

Bu gün görsem —
Üsti onuñ «jigitli» —
Bu ahwala geñ galmadym azajyk:
Eýeriñ üstünde loñkuldap otyr
Ýañy ýörjen-ýörjen bolan bäbejik!

Gapdalynda enem otyr ýylgyryp
Hemem diýýär: «Ata mündüñ, baba bol!»
Geñ galara zat ýok eken —
Ol «jigit» —
Atamyzyñ ady dakylan bäbek ol!

Kasym NURBADOW.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 10.04.1987 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle