|

Eýdip-beýdip… / edebi ýaňsylama

Eýdip-beýdip… / edebi ýaňsylama EÝDIP-BEÝDIP…

Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama

Eýtdik-beýtdik ahyr aýrylyşdyk biz,
Öçürdik irizen ody birigip.
Eý, rakybym, sizem wagt barka heniz,
Öwreniň çyndan söýmegi birini…

Anna Ahmatowa, “Eýtdik-beýtdik ahyr aýrylyşdyk biz”.
(Aýgül Garaýewanyň terjimesinden, kitapçy-ru. 28.12.2023 ý.)

Eýdip-beýdip eden terjimäň okap,
Düşünmedik, walla, eýdip-beýdibem.
Heý, beýle-de şeýle bormy, jan dogan,
Zordan okap, klassykdan doýdumam.

Anna okap, öz zadyny türkmençe,
Beýhuş bolup ýykylardy, megerem.
Klassygy maýyp etmejek bolsaň,
Otlama gyz, ýüreginden şygyryň.

Ýazyber sen şo-ol ýöntemje goşgulaň,
Sazlaşdyryp söýýän bilen köýýäni.
Birje haýyş, öz gününe goýawer,
Pukaraja Ahmatowa Annany…

29.12.2023. 22.30.

Allaýar ÇÜRIÝEW.

Şarž: «Peterburgyñ gara duly» — Аnna Ahmatowa», Аrtur Polewoý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle