| |

Eý, yşk äri, aç gözüňi, ýer ýüzüne eýle nazar…

Eý, yşk äri, aç gözüňi, ýer ýüzüne eýle nazar…

Eý, yşk äri, aç gözüňi, ýer ýüzüne eýle nazar...

Eý, yşk äri, aç gözüňi, ýer ýüzüne eýle nazar,
Gör, bu latyf çiçekleri, bezeniban geldi, geçer.

Bular beýle bezeniban, dostdan ýana uzanyban,
Bir sor ahyr bulara kançarydyr azmy-sapar?

Her bir çiçek müň näz ile, öwer Haky nyýaz ile,
Bu guşlar hoş owaz ile, ol patyşahy zikridir.

Öwer onuň gadyrlygyn, her bir işe häzirligin,
Ewet ömri kasyrlygyn, alaja gaz meňzi solar.

Reňi döne günden-güne, topraga döküler ýene,
Ybrat durar aňlaýana, ybraty ki aryp duýar.

Ne gelmegiň gelmek durar, ne gülmegiň gülmek durar,
Soň menziliň ölmek durar, duýmadyň bir yşkdan eser.

Her bir sözi duýa idiň, ýa bu gamy iýe idiň,
Ýörirken uýaý idiň, gideýdi senden käri-bar.

Bildiň gelen geçermiş, bildiň gonan göçermiş,
Yşk şerabyn içermiş, bu manydan kim tutar?

Ýunus, bu sözleri goýgul, kend-özüňden eliň ýuwgul,
Senden ne gele bir digil, çün Hakdan geler haýr-u şer.
__________________________
Uýmak — karar etmek.
Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle