|

Eý, Hudaýym!

Eý, Hudaýym! EÝ, HUDAÝYM!

Eý, Hudaýym!
Meniñ dogan-gardaşym
Mydam töweregmi dursunlar gallap.
Olar meni söýsün, gadyrmy bilsin
Häzirki dek buýsanjyny halallap.

Eý, Hudaýym!
Meniñ süýtdeş doganym —
Mydana doganym hem dostum bolsun.
Wah, meniñ wepaly jana-jan dostum
Aşak düşmän, hasam belende galsyn.

Eý, Hudaýym!
Perzentlermiñ barmagna
Görmäýin, görmäýin tiken uranny!
Men guwanýan duşmanymyñ barlygna,
Ölsem… Görsem matam tutup duranny.

Eý, Hudaýym!
Meniñ mähriban gelnim
Pikrinde-de biwepalyk etmesin.
Ölemsoñam Türkmenistan, il-günüm,
Unutmasyn, adym-işim ýitmesin.

Eý, Hudaýym!
Meniñ ýedi arkamam,
Undulmasyn şo-ol gadymky pederim.
Meñ milletim özge ile garyşsa,
Bu dünýäden gözüm açyp giderin.

Eý, Hudaýym!
Jennet ýaly bu ýurdum
Uruş, dawa-jenjel beri görmesin.
Iki ýurt gaharlanyşsa, «o derdin»
Köşeşdirsin,
Egnin gysyp ýörmesin…

Ödek ÖDEKOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle