Esgerlikden ýaňy geläýen günlem…
Esgerlikden ýaňy geläýen günlem…
Öwrülse-de yzda galan salgyma
Esgerlikden ýaňy geläýen günlem
Näme üçindir, eziz gelýär kalbyma,
Esgerlikden ýaňy geläýen günlem.
Iki ýyllap daşlygyndanmy araň,
Öňküsinden giňän ýalydy obam.
Käte syrly-syrly aglardy Käbäm
Esgerlikden ýaňy geläýen günlem.
Ýaraladym düýbi-teýkary bilen
Bu kalby gyzlaryň peýkamy bilen.
Dälidim indije söýmäni bilen,
Esgerlikden ýaňy geläýen günlem.
Tylla güýz möwritin soňlap barýardy,
Tomsuň dökenini ýygnap barýardy.
Ömre meňzedipdim göçýän durnany,
Esgerlikden ýaňy geläýen günlem.
Gözlerime inen ýalydy dogum,
Atam aýtmyşlaýyn “ösüpdi ogul”.
…Ilkinji söýgä-de duşupdym şo gün…
Esgerlikden ýaňy geläýen günlem.
Çagalar ep-esli ulalypdyrlar
(Ýa ýaşlyk olary uly gopdurýar).
Lezzeti başgaça guwanyp durmaň,
Esgerlikden ýaňy geläýen günlem.
“Däldir diňe iki ýyllyk” diýdiler,
“Watana edilýän gulluk” diýdiler,
“Baky gulluk – çyn ogullyk” diýdiler,
Esgerlikden ýaňy geläýen günlem.
Uýdum pende,
Kalbym doldy ýalkyma,
Baky gulluk – baky bergim halkyma.
Şonuň üçin eziz gelýär kalbyma
Esgerlikden ýaňy geläýen günlem.
19. 04. 2012 ýyl Goşgular