| |

Esger guýusy / poema

Esger guýusy / poema ESGER GUÝUSY

Esger guýusy / poema

1857-nji ýylyň 7-nji maýyndaky duşuşygymyz mynasybetli Ý.Kuharenko bagyşlaýaryn

Ukraynadan uzakdaky daş ýerde,
Uraldan hem, Yelekden hem aňyrda
Köne warnak goja günleň bir güni
Esger guýusyndan açypdy gürrüň.
Ýaltansam hem, galam alyp elime,
Ýazyp alyp hem gelşiçe dilime
Goşga salan bolupdym öz ýanymdan.
Mydam galmak üçin seniň ýadyňda
Ýolladym men ony, goýmazdan soňa,
Ýeke-täk hem mähriban dostum, saňa.

Bir ýyl gyşda, diýsem size,
Ýekaterinaň döwründe
Esger çykaryp göwnünden,
Guýy gazyp berdi bize.
Men ol hakda etjek gürrüň
Siz üçin ýene bir kere.
Ýaman bolmazdy aýtjagym
Ýazylaýsa bir depdere.
Bu gürrüň il arasynda
Heniz hem ýaşap ýör, onda
Zat ýok toslama diýere.

Diýmek, ýazyň: «Guýy bardy…»
Ýok, oňa barmalyň birden.
Şeýle diýiň: «Ir döwürde
Boýdanbaşa baglyk ýerde,
Çygly deräniň boýunda,
Ýagny biziň Ukraýnada
Bir gülpürçük oba bardy,
Görseň, göwnüň galkynýardy.
Şol obada bir dul aýal
Gyzy hem-de kiçi ýaşly
Ogly bilen ýaşaýardy».

Baý bolana kän çaga hem
Kyn düşenok etmek ideg.
Emma garyba ýük bolýar
Şolar ýalyň ikisi-de.

Gepiň keltesi, aýalyň
Görmedigi galdy görde:
Güni däldi çydar ýaly.
Keşişlige ýüz urmagyň,
Asylmagyň, gark bolmagyň
Käte edýärdi hyýalyn.
Emma iki çagasyna
Gyýmady ene ýüregi!
Katrýusýa ýetişip, eýýäm
Ýatladyp durdy deregi.

Ene-atasyz ýetime
Söz aýdan bolmasa näme?
Garraýança ýeke galyp,
Gözleri gülmese näme?

Ony görmäge göz gerek!
Jan aljak gyýma gaşlary!
Iş edişini görsediň,
Nämä degmez ýuwaşlygy!

Ony görmäge hemme şat,
Öňe eglip, penjireden
Töwerek-daşa garanda,
Gül açylan ýaly bolýar,
Göýä, Gün dogýar asmanda.

Oňa gözüm düşen çagy
Doňup galýardym… Bet ykbal,
Ýyllar, çeken jebir-jepam,
Oglum, bularyň ählisi
Zeper bermedi huşuma…
Göwnüme, öläýjek ýaly
Bolup durun şu durşuma.

Bolýan zady bir görsene:
Basym ötenleň ýanyna
Giderin, emma çaga deý
Aglaýaryn Katerina
Düşen mahaly ýadyma.

Oglum, ýat ildäki dostum,
Sen maña ýagşy gulak sal!
Meniň ähli aýdanymy
Öz depderiňe belläp al.
Eger-de saňa Ukraýna
Barmak edäýse miýesser,
Goý, bilsinler, habar ber sen
Bu ýerde garry melguny
Göreniňi gözüň bilen…

II.

Hawa, gyz göwni bir ýaly
Ulalyp, görk açyp ýördi.
Bir yigit hem bir barjamlyň
Öýünde hyzmat edýärdi.

Ýetimdi. Adatça, ýetim
Ýalta bolýar diýseler-de,
Ýigit galjaň bolup çykdy
Işsiz durmady hiç ýerde.

Güni geçmese-de añsat,
Jan edýärdi beýlesine
Her gün oklamaga bir zat.
Ol her edip, hesip edip,
Bir tokgaja pully boldy!
Düzetdi egin-eşigin,
Kiçeňräk bag satyn aldy,
Soňra öýjagaz edindi.

Hyzmatyny görenlere,
Ýagşy tälim berenlere
Sagbolsun aýdyp, hoşlaşyp
Gidäýmek galypdy indi.

Ol şeýle-de etdi. Soňra
Dul aýalyň gyzy bilen
Gürleşmäge haýdady ol.
Baýa bolmady öýkünjek.

Sawçy-pawçy ýollamady,
Ýa popy yrjak bolmady.
Bakyň-la bu garyp gula!
Bar kişini geň galdyryp,
Öýlendi sähelçe pula.

Toý tutdy bolşuna görä
Öz elinden geldiginden.
Oglum, ana, bar ýaman iş
Örç alyp gitdi şol günden.

III.

Pokrowdan sonra obama
Gaýtdym men terk edip Dony.
Öň hem iki gezek sawçy
Iberipdim Katya üçin,
Jogabyn almamsoň doly,
Hyýallanýardym oňa söz
Aýtmaga üçünji gezek.
Emma kysmat başga eken
Çumaklara ýoldaş bolup,
Öküzleri öňe salyp,
Katerinanyň toýunyň
Üstünden barsam nätjek men.

Ýygnanym sowruldy ýele,
Dyndym ähli baýlygymdan…
Berilmesem-de men içgä,
Ýeňles gyzlaň barlygyndan
Şondan soň boldum habardar.
Oglum, dünýäde näme bar —
Hasrat bar hernäçe diýseň.
Emma ondan maña ýeten
Paý ýaly aýylganç zady
Duýan däldir ne ruh, ne ten.

Şol döwürde dul aýalyň
Kepäpdi gözüniň ýaşy.
Göýä, penalap Hudaýy,
Giýewsiniň, göz kuýaşy
Oglunyň aladasyndan
Dogumlanýardy günsaýyn.
Ol özüniň ýeke gyzy
Katerinanyň ýüzüne
Mydama bakmaga taýyn!
Meň üçin bir arakhorlar
Hem şeýtan bardy dünýäde…
Ähli zadymy arakdan
Geçirdim men. Il içinde
Şeýdip galdym ýaman ada.
Tenimi satdym jellada.
Ruhumy bolsa… Eý, Hudaý!..
Ýaşamakçydym ahyry,
Almakçydym bilimden paý.

Öwrenmek gerek irgözin
Gögeleje çagalara
Ömür sürmekligiň tärin.
Ýogsam, soňra almak tälim
Örän kyn düşer olara!

Dostum, soň näme bolanyn
Bilmeýärin. Ýa erkimi
Şeytan aldy, ýa-da kesel
Agdyrdy meniň eňkimi.
Ýa bolmasa, zalym ykbal
Jadylady tapyp tärin:
Nädip şeýle bolanyny
Men häzir hem bilmeýärin.

Diňe galypdyr ýadymda
Şol gün däldigim içgili.
Zat geçmändi bogazymdan:
Ne diridim, ne-de öli!
Bu bolup geçipdi şeýle:
Şeýtan meni gižželedi
Örüzmezden ýatan ili,
Bildirmän baryp Maksimiň
(Dul aýalyň giýewi ol)
Öýüni ber diýip oda.
Men hem oýlanmazdan ozal
Onuň diýenini edip,
Içi adamly şol öýi
Oda berdim alagada.

Şondan bäri gamgyn kalbym
Ynjalanok. Derdim – täze.
Ýüregim kül bolaýmady —
Döndi hiç öçmejek köze.
Haçan goýar çürkemesin,
Haçan terk eder dünýäni
Bu belli bolmaz hiç kese.

Ejemdir kakam ýogaldy,
Ýat kişiler berdi ýere.
Men bolsa Iuda ýaly
Bukdaklap ýörün, göçýärin
Bir yerden başga bir ýere.
Iliň ýaman göreni men,
Hudaýyň ýüz öwreni men.

IV.

Katerina gorkusyndan
Aýňalyp bilmän berdi jan…
Maksim kül bolan öýüne
Bakýar gözüne ynanman.

Eliňden geljek zat näme!
Diňe sesi gelýär ýeliň
Turbadan, tüsseçykardan…
Indi ol näme etmeli?

Baş goşmaly haýsy işe?
Oýlandy, çokundy, ýene
Hyzmatkär durup birine
Dolandy hor-homsy güne.

Dul aýal öz ogly bilen
Öz gününi geçirýärdi.
Güýz düşende öýlenmegi
Oňa maslahat berýärdi.

Hany dur-la! Şa enemiz
Paýtagtdan — şeýle uzakdan
Ýollan ýaly-la bir perman
Esgerlige almak hakda.

Şeýle perman Moskwadan
Gelipdi ilkinji gezek.
Çünki Ukraynada hemme
Kazak bolmaga ilgezik.

Pyýada goşuna käte
Alardylar, emma oňa
Giderdi isleg bildiren.
Emma näme diýjek muňa?

Bütin obany üýşürip,
Maslahat baryn etdiler.
Ahyrynda bir ejiziň
Ezeneginden tutdular…

Dul aýalyň ogly boldy
Olaryň gözüne ilen.
Hemmesi dil düwşüp, ony
Ýolladylar esgerlige.

Oglum, bu ýagty jahanyň
Şeýle bolar hakykaty.
Şu günler hem Ukraýnada
Bar ýere mahsus bu düzgün
Üýtgändir öýdemok gaty.
Şundan gowsy bolaýmaz hem
Gulçulygyň bar ýerinde.

V.

Şondan sonra aşyp bir ýyl,
Uzyn gyş düşdi biz ilde.
Adamlara maýylganlyk
Nesip etmän, ýagan garlar
Eremän galdy aprelde.

Hatda troisa çenli
Gar göze ildi köwlerde.
Ana, şo gyşda esgerler
Oçakowy ele saldy.
Zaporožýe bolsa has öň
Esgerlere tabyn boldy.

Dargady kazak goşlary.
Zaporožly gerçekleriň
Dogumyny bir görsediň!
Tutjak ýok olaryň ýerin!

Oçakowyň etegine
Maksimi-de sürüpdiler.
Jeňde maýyp bolup, oňa
Öz öýüne dolanmaga
Ahyr rugsat beripdiler.

Aýaklarynyň haýsyna
Ok degeni däl ýadymda.
Bilip onuň gelenini
Birdenkä erbet howsala
Düşüberdim öz ýanymdan.

Göýä, bir ýigrenji ýylan
Kalbyma sanjyp neşterin,
Dolap alan ýaly boldy
Halsyz göwrämiň bar ýerin.

Indi men näme etmeli?
Göýä, galdym men dumanda.
Diýmek, agsak Maksim şeýdip
Asla galjak däl-dä sandan?

Ol hasasyna daýanyp,
Obada entäp ýör, ine,
Meniň dünýäde bardygym
Asla däl onuň piňine.

Her bazar gününde bolsa
Esger eşigin geýmegi
Ol özüne edindi kär.
Haçdyr medal hem dakynyp,
Saçyny örüp, un sepýär
Sonra onuň hem üstünden…
Näme üçin esger äriň
Bu zatlary edýänini
Men häzir hem bilmeýärin.

Hany maňa aýt, bu nysak
Oýun, degişme bolmasyn?!
Ine, biziň Maksim şeýdip,
General däldirin öýtmän,
Nazarlap ybadathanany
Keýtikläp ugraýar. Ol kän
Ýalbartjak bolup hem durman,
Klirosa çykyp, aýdym
Aýtmaga başlar howlukman.
Dýak hem goşular oňa.
Käte bolsa çykyp orta
Okap başlar «Apostoly».
(Okamagy esgerlikde
Maksim öwrenen bolmaly).

Her näme diýseň hem, onda
Bir üýtgeşiklig-ä bardy.
Garzynyp ýören hem bolsa,
Ýuwaşlygyndan hiç zada
Gaharly garamaýardy.

Bolmazdy başga birine
Ýamanlyk etjek gümany.
Söz aýtmazdy gaty-gaýrym,
Etmejek bordy günäni.

Diýerdi: «Haýyr hem, şer hem
Ikisem takdyry Hakyň.
Ykbalyndan nalamaga
Hiç kişiniň ýokdur haky».

Bu ýaman doly dünýäde
Maksim gowudy çeniňden.
Belki, dostum, üýşenersiň
Indiki eşitjegiňden.
Men bolsa… öldürdim ony!
Hany, sabyr et, ýadadym.
Biraz dynç alaýyn, soňra
Aýdyp bererin yzyny…

VI.

Sen esgerlere degişli
Şol guýyny gördüm diýýäň:
Aýdýanyň ugrunda barmy?
Ol heniz hem teşneleri
Datly suwuna ýakýarmy?

Uly ýoluň golaýynda
Agaçdan haç göge uzap,
Belki, durandyr dikilgi?…
Adamlar saňa ol ýerde
Gürrüň bermedimi hiç zat?

Geň göresi zat hem ýok-la,
(Kän ýyl geçipdir aradan).
Şol günleriň şaýatlary
Çykan hem bolsa aradan.

Men heniz hem çekýän ejir,
Gelmez ejirimiň soňy.
Hatda mazar içinde-de
Ynjalyk bermez gursagym…

Meni dinle, ruhumyzy
Şeytan kyn günlere salýar.
Kim gaflatdan oýanmasa,
Hudaýdan daş düşüp ölýär.
Melgun onuň ýakasyndan
Her edip hem hesip edip
Elin aýyrmajak bolýar…

Gel, indi gürrüň bereýin
Maksimiň soňky halyndan.
Işsiz oturmak haramdy
Onuň durmuş kitabynda.

Bazar günlerinde hem-de
Bayram günleri gelende,
Katerinanyň bag içre
Jaýlanan ýerine baryp,
Onuň ruhuna bagyşlap,
«Psaltyr» okardy bende.

Soňra bolsa ýuwaşjadan
Dini aýdym aýdyp başlar
Özünden taparda heňin.
Diýer ol: «Bar zat Hudaýdan,
Ediber Onuň diýenin!»

Şunuň ýaly takwalykda
Ömür sürüpdi ol bende.
Iş günleri bolsa asla
Oturmazdy ol öýünde.
Mydama öz howlusynda
Hysyrdanar ýörerdi ol.
«Yaltalyk bize gelişmez!» —
Suňşuryp goýbererdi ol.
Ýa diýerdi: «Öýde ýatyp,
Çişmekden sakla pälimi!»
Ine-de, günleň bir güni
Eline alyp pilini,
Başlady guýy gazmaga.
Bardy-da giňiş meýdana.
Diýdi: «Goý, adamlar gelip,
Suw içsinler gana-gana
Hem günäli bu gul üçin
Doga etsinler ýürekden».
Şeýdip, ol arman-ýadaman
Açyk meýdanda dökdi der.

Emma bu iş has agyrdy
Bir adama eýgerderden.
Adamlar hem oňa kömek
Beripdiler ýerli-ýerden.

Ol ördi guýynyň için,
Soňra ýoldan seredeňde
Göze iler ýaly edip,
Ullakan haç dikdi bende.

Ol haç diñe bir yoldan däl,
Uzakdan hem görünýärdi.
Teşnelere bu guýynyň
Dogry salgysyn berýärdi.
Agzy kepän ýolagçylar
Suwdan ganyp gider ýaly
Hem guýyny gazan üçin
Haka doga eder ýaly.

VII.

Bak, şeýtanyň bildirmezden
Edýän işiniň aslyna.
Men ýagşyzada Maksimi
Çykdym öldürme kastyna.

Sebäbini aýdaýynmy?
Kabyl öz eziz doganyn
Öldürip, näme sebäpli
Jennetiň nur doly bagyn
Boýan bolsa gyzyl gana,
Şoldy meni-de iteren
Bu bet işe baş goşmaga.

Ýa bazar günüdi, ýa-da
Başga bir bayram günüdi…
Diňle, näme edilýänin
Melgunyň gepine gidip!

Men diýdim oňa ýüzlenip:
«Maksim, ýör, gidip guýudan
Suw içeli!» «Bolmazdy kem
Ganaýsak buz ýaly suwdan»
Diýip ýykmady sözümi.
Men hiç hili görmezden ýük,
Bir elime bedre aldym,
Bir elime-de aldym ýüp.

Geldik guýynyň başyna.
Biraz öňürtdimde ondan,
Guýyň içine garadym
Ýapyşdym-da gapagyndan.
Çuňdugyna ýetip gözüm,
Maksime diýdim: «Sen meni
Gandyraýmasaň, guýudan
Bilmeýärin suw çekmegi».

Ol bedräni guýa sallap,
Onuň üstüne egildi.
Wah, meniň bolsa aňyma
Şeýtanyň sözleri geldi.

Tutup iki aýagyndan,
Guýa taşladym men ony.
Oglum, ine eden işim!
Sen näme diýersiň, hany?

Beýle bir iş Ukraynada
Görlen däldir — bilýän açyk.
Şondan bäri hem men melgun
Adamlardan ýörün gaçyp!..

VIII.

Bir hepde soňra Maksimi
Şol guýudan çykardylar.
Uly il bolup käl içre
Ony topraga berdiler.

Ybadathanajyk gurup,
Hormatlady il-ulusy.
Guýa-da şol günden soňra
Diýdiler Esger guyusy…
Esger guýusy hakdaky
Gürrüň şunda bolýar tamam.
Neneňsi ýowuz hekaýat!
Men bolsa… öz geljegimden
Halys tükenensoň tamam,
Goşuldym gaýdamaklara.
Ykbal çykardy Sibirden.
Iuda kimin, it kimin

Ölerin men bu ejirden…
Oglum, şadyýan ülkämiz
Ukraýnamyza baraňda,
Haka ýalbaryp, günämi
Geçmegin dilegin Ondan:
Belki, garaşyk eder-de,
Biraz ýeňlär meniň derdim!..

________________________
Pokrow — prawoslaw serkowy tarapyndan 14-nji oktyabrda bellenilip geçilýän dini baýramçylyk.
Troisa — prawoslaw hristianlarynyň maý aýynyň ahyrlarynda belläp geçýän dini baýramçylygy.
Oçakow — Ukrainadaky şäheriň ady.
Zaporožýe — Ukrainadaky bir şäheriň ady.
Kliros — hristian ybadathanasynda aýdymçylara niyetlenilen belent ýer.
Dýak — kiçi ybadathana hyzmatçysy.
«Apostol» — Injiliň bir bölegini özünde jemleýän kitap.
Gaýdamaklar — Ukrainada azatlygy maksat edinen halk hereketi.

Taras ŞEWÇENKO.

Terjime eden Orazgylyç ÇARYÝEW. Poemalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle