|

Eşekler nämüçin eşek?..

Eşekler nämüçin eşek?.. EŞEKLER NÄMÜÇIN EŞEK?..

Eşekler nämüçin eşek?..

Jogap tapmasañyz tebigata göz aýlañ…
Tebigat size hakykaty aýdyp berer…
Tebigat prinsipialdyr… Dürsdür…
Jöwen ekeniñizde asla hyýar çykaryp bermez…

* * *

Keýikler… arylar… balyklar…
Möjeg-ä möjekdir, guşam — guş…
Näme bolup doglan bolsañ — şo bolubam ýaşarsyñ…
Ne-hä belkanyñ tüýsünde guş bar, ne-de möjegiñ tüýsünde şagal…

* * *

Tebigat size asla ýalan sözlemeýär…
Oduñ ýakýandygyny, garyñ doñdurýandygyny, tikeniñ batýandygyny, batgalygyñ ýuwdýandygyny, ýagyşyñ ezýändigini bilýäñiz…
Tebigat mertdir…

* * *

Tebigat akyllydyr…
Romaşka sowukda güllemeýär…
Derekler baharyñ gelerine garaşýar…
Ne balyklar gury ýerde gezjek bolýar, ne garlawaçlar gyşda demirgazyga, ne-de leglek yssy howada günorta uçýar…
Durnalar iñ akyllylarynyñ yzyna düzülip, belki-de, heniz görmedik belent-belent daglaryny aşyp, jülgeleri, deñizleri geçip, adam oglunyñ kompassyz, kartasyz tapyp bilmejek ýaşyl ýaýlalaryny ýalñyşman-zat etmän tapýarlar… Iñ öñdäki akylly durnanyñ yzy bilen…
Tebigatda hiç bir janly-jandar iñ akylsyzynyñ yzyna düşmeýär…

* * *

Tebigat barlyşyksyzdyr…
Ne derýalar daglara ýeñilýär, ne agaçlar şemala…
Ýyldyrym çakmalymy — çakýar…
Ýer ýarylmalymy — ýarylýar…
Harasat gopmalymy — gopýar…

* * *

Tebigatda güýçli bolmagyñ buýsanjy bar…
Başy garly dag, ýolbars, bürgüt…
Ýa bir delfin, ýa bir çekirtge…
Garynja-da öz güýjüni erkinliginden alýar…

* * *

«Hany, eşekler bu ýazgynyñ niresinde?» diýmegiñiz mümkin…
Menem şony diýýän-dä…
Hany munuñ eşegi?..

Bekir JOŞKUN.

«SÖZCÜ» gazeti, 13.07.2014 ý. Oýlanmalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle