Eşek hem Köpek / basnýalar
Eşek hem Köpek / basnýalar
Eşege gaharly diýenmiş Köpek:
— Horyda wagtyñ-a däldiñ sen depek.
Kyn eken bolmasa utanjyñ-haýañ,
Deper ýaly näme edenmiş eýäñ?
Iýdirdi, içirdi, semretdi seni,
Heý, şeýle zat bormy, ynsabyñ hany?!
Eşek diýenmişin: «Beýle diýmegin,
Depmek üçin berilendir toýnagym».
— Seni saklamasa nogtadyr duşak,
Señ bilen il bolmak kyn eken, Eşek!
• BETPÄL
Garagurt ýylgyryp, diýenmiş: «Içýan!
Men çakamda ähli zähermi saçýan.
Nätjekdiñ sen meni gepledip uzak,
Çakanyñ galmasyn, ikinji gezek».
* * *
Eden etmişine ökünmeg-ä däl,
Özüne meñzeşi ösdürmiş betpäl.
• TILKI
Şiriñ suratyna dikip nazaryn,
Tilki diýenmişin: «Niçik gezerin,
Bir gün ýaşap bilmen men şondan añry,
Saña uzak ömür bersin-dä Tañry»…
Gören diýýär: «Bolup ýörşi masgara»,
Ýöne sen tilkiniñ bolşuna gara!
Ol bähbit gözleýär. «Duranlañ biri»,
Hökman, şuny aýdyp, begendir Şiri.
Baýram ÇOMMADOW.
«Edebiýat we sungat» gazeti, 1988 ý. Goşgular