|

Ermeni pähimleri

Ermeni pähimleri ERMENI PÄHIMLERI

Garyp towuk iýse, bir emmasy bardyr. Ýa özi näsaglar, ýa-da towugy.

* * *

Garybyñ içerisini talamak kyrk garakça-da başartmaz.

* * *

Gorkak it alysdan üýrer.

* * *

Gün — säherinden belli, ýyl — baharyndan.

* * *

Düýe äpet, ýöne onam dyza çökerýärler.

* * *

Ýüpüñ — uzyny ýagşy, gepiñ — gysgasy.

* * *

Süýji söz baldan datly.

* * *

Dili uzynyñ ömri gysga.

* * *

Ogul enesi üçin aýasynda ýumurtga gowursa-da, ýene enesine bergilidir.

* * *

Ýada ýarysyny ber, dosta — barysyny.

* * *

Çök düşüp ýaşanyñdan, dik durup öleniñ ýagşy.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 19.10.1977 ý. Sözler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle