Erkinligiñ şahyry
Erkinligiñ şahyry

Erkinlik şahyry, Şewçenko, atam,
Men seniñ gaşyñda oýlanyp durun.
Göreşdiñ,
Göreşe iterdi seni
Sütemli durmuşy, il-günüñ, ýurduñ
Özüñe şeýle bir beýik at goýduñ,
Kiçi göwün bilen,
Zehiniñ bilen.
Badaşdy ykbalyñ ýowuz durmuşda
Söýgüli topragyñ, halk-iliñ bilen.
Iliñ üçin isläp erkin günleri,
Iliñ üçin ýowuzlyga döz geldiñ.
Sürgünlere sürülseñ-de kemlikde
Il içinde çynar ýaly beýgeldiñ.
Saña dogry gelen şol agyr ykbal,
Çyn şahyryñ —
Halk oglunyñ ykbaly.
Müñlerçe şahyrlar geçdi jahandan
Ýöne azdyr saña meñzeş —
Señ ýaly.
Señ özüñ saýladyñ şeýle ykbaly
Göwün bermän haldan üzñe şöhrata.
Göreşdiñ şa ýoly —
Şa tagty bilen
Halkyñ bilen ýetmek üçin myrada.
Erkinlik arzuwlap ýazan şygyrlañ
Garyp iliñ goltugyndan göterdi.
Namysa ýugrulan halk ogullarny
Göreşlere,
Ýeñişlere ýetirdi.
Batrak aýallaryñ,
Katerinalañ
Hem-de Gannalaryñ solan keşbini,
Setirlere saldyñ zaryn ses bilen
Endiretdi okanlary, eşdeni.
Türkmen ilinde-de dostlar tutunyp,
Göwün matlabyñy açyşyñ hakda.
Türkmen çopanynyñ geýmini geýip,
Türkmeniñ çaýyny içişiñ hakda.
Seniñ pähim-duýgulara ýugrulan
Setirleriñ,
«Gündelikleñ» gür berýär…
…Bu gün azat ilde, azat dillerde
Aýdymlañ aýlanyp dünýäni görýär.
Sen indi türkmeniñ hakyky ogly,
Hemişelik geldiñ Aşgabadyma.
Goşulyp otyrsyñ il guwanjyna
Saýlama köçäni berdik adyña.
Sen muña laýyksyñ, Şewçenko, atam!
Halk oglunyñ bolmaz belli bahasy.
Halka hyzmat eden —
Joşgun derýadyr,
Baky gülzar bolar kenar-ýakasy.
Begmyrat USSAÝEW. Goşgular