Erkek kişi
Erkek kişi
Bir kişi maşyna münjek bolanda
Bir kişi maşynyñ gapysyn açdy.
Soñam ýapdy.
Ýaranjañlykdan ýaña
Agşama çen bendäñ ysgyny gaçdy.
Şudy onuñ bar işi.
Ikisem erkek kişi!
Bir kişi bar, iliñ-günüñ emlägin
Gije-gündiz öz öýüne daşaýar.
Biri onuñ yzyn basyrmak üçin
Çotun kakyp, ýeñsesini gaşaýar.
Şudy olañ bar işi,
Ikisem erkek kişi!
Bir beýik kürsüde oturan kişi
Elini uzadyp göge ýetirýär.
Biri işgärleriñ ähli gürrünin
Gylyn gymyldatman oña ýetirýär.
Şudy onuñ bar işi,
Ikisem erkek kişi!
* * *
Joram Zöhre Annamyradowa
Az däldi ömrümde joram diýenlem,
Birmahal kalbyma yşgyn salypdyr.
Unutsam-da käbiriniñ atlaryn,
Surat albomymda keşbi galypdyr.
Käbirini ýagşylykda ýatlaýan,
Günüñ tygy ýaly galypdyr çylgym.
(Her hal saña mähir bilen bakany,
Dogan Günüñ kimin ýüzüñe sylgyn).
Çürkenen pursatlam dişledim dilim,
Ýöne «joralarmy» günälemedim.
Mortalygym meniñ tebigylygym —
Her diýjek sözümi sünnälemedim.
Bagrymyñ başyndan daman duýgymy
Şaglatdylar olar eleklerinden.
Daglaryñ daşyndan agyr gaýgymy,
Ýeñletdiler guşlañ ýeleklerinden.
Käte «erkek» diýip dost tutunjaklam,
Uzatjak elimi sypaladylar.
Guşkelle şöhratyñ ganatlarynda
Özlerini juda apaladylar.
Käteler şeýle bir pursatlar bolýar,
Şolary tananña gynanyp bolýar.
Diñe sen gal, meniñ bulen, Zöhre Jan!
Saña ykbalyñy ynanyp bolýar.
* * *
«Agtygyñ boldy!» — diýip geldiler buşlap,
Ýerli-ýerden gutladylar goñşulam.
Durun begenjimden gözlerim ýaşlap,
Galyberdi ýazylmadyk goşgulam.
Kakasy-da diýýär: — Bolansoñ baba
Garranyñy boýun alaýmalymy?!
Menem diýýän: — Goýaweri, eý toba!
Agtykly bolañda garraýmalymy?
Sona ÝAZOWA. Goşgular