«Erkegem däl ekeniñ!»
"Erkegem däl ekeniñ!"
Bir arakhor gelip gapymy kakdy:
«Hany ýüz gram tap, şol meniñ kemim!»
«Içme, saglygyña zyýanly» diýdim,
Diýdi: «Sen-ä erkegem däl ekeniñ!»
Bir arzaçy gelip gapymy kakdy:
«Hiç goldañok, maña düşýär ahyr kyn!»
«Aklykdan garany gözleme» diýdim,
Gaharlandy: «Erkegem däl ekeniñ!»
Bir goşguçy gelip gapymy kakdy:
«Goşgular getirdim, et bulara syn!»
«Düşünsene, bular has gowşak!» diýdim,
Goh turuzdy: «Erkegem däl ekeniñ!»
Bir parahor gelip gapymy kakdy:
«Haýyş meni ýazma, giç däl-le heniz!»
«Mydam hakykaty ýazaryn!» diýdim,
Aljyrady: «Erkegem däl ekeniñ!»
Gapymy kakdylar ýene-de köpler,
(Adamçylyk, gelme diýip bolanok!)
Işi düşüp kömek sorap gelýän kän,
Ýöne halym sorap gelýän adam ýok…
Eziz YKBAL. Goşgular