| |

Ergeneksiz / ýumoreska

Ergeneksiz / ýumoreska ERGENEKSIZ

Ergeneksiz / ýumoreska

Goñşy aýal ýaş gelinden:
— Gelin, atañ öýünde kim bar? — diýip soraýar.
Gelin ýylgyrjyrap:
— Enemem, ejemem, kakamam, jigilerimem bar — diýip, jogap berýär.
— Olardan haýsyny has oñat görýäñ?
— Elbetde, enemi.
— Näme üçin, beýlekiler eneñçe ýokmudy?
— Olaram oñat. Ýöne men enemiñ pensiýasyndan geregimi alyp özüm sowunýaryn. Gowy görýänimem şonuñ üçin.
— Onda gaýyneneñem ýaman görýän dälsiñ-le?
— Heýem garrylary erbet görüp bolarmy? Men-ä bu ýerde-de gönenýän. Gaýynenemiñem, gaýynatamyñam pensiýasyndan gyrp-çyrp edýän.
— Alanja pullaryñy nädýäñ?
— Näder öýdýäñiz?
— Men näbileýin.
— Aý, şokolada, kökä, morožna berip, hiç kime dadyrman, ýeke özüm iýäýýän.
— Sen-ä, tüýs gelinjan ekeniñ-ow. «Öwrenilen gylyk örkleseñem durmaz» diýilýänini edýän ekeniñ-ow. Keýgim kesbiñden kemal tap…

Meretdurdy TEMMIMOW.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 14.01.2000 ý. Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle