|

Ependiñki nagt

Ependiñki nagt

EPENDIÑKI NAGT

Ependini täze gurlan jaýa çagyrypdyrlar. Ol içeri girip, birnäçe wagtlap oturýar. Onuñ üçin nahar getiren bolmaýar. Soñra ol ýerinden turup, uzynlyk ölçegini jübüsinden çykarýar-da, öýüñ içinjñ giñligini ölçemäge başlapdyr. Öý eýesi geñ galyp:
— Bu edýän işiñ näme?! — diýip soraýar.
— Nahar iýilmeýän öý tygşytly bolýar. Özüme şeýle öý gursam, belkem, nahar iýmäni hem ýatdan çykararyn diýip bu öýüñ ölçegini alýaryn — diýip, Ependi ýañsyly jogap berýär.

*   *   *

Bir gün Ependiniñ aýaly kir ýuwup duran eken. Şol wagt bir garga gelip, onuñ sabynyny alýar-da, uzyn agajyñ başyna gonýar. Aýaly dady-perýat etmäge başlaýar:
— Gel, garga sabyny äkitdi!
Ependi bolsa sowukganlylyk bilen şeýle diýipdir:
— Äkitse-äkidipdir-dä. Peýdasyz dady-perýat etme! Meger, sen onuñ eşikleriniñ gara kirdigini görmeýän bolsañ gerek. Oña sabyn bizden has zerur ahyryn.

Pars dilinden terjime eden: 
Azatgül DURDYÝEWA.

*    *    *

Ependi gapysynyñ agzynda şybykly çilim çekip oturan eken. Onuñ ýanyna goñşusy gelipdir-de:
— Ependi, näme üçin seniñ eşegiñ ertirden bäri aññyryp dur? — diýip sorapdyr.
— Sen ony näme üçin menden soraýarsyñ? Sebäbini onuñ özünden sora — diýip, ol oña jogap beripdir.

*   *   *

Bir gezek Ependi bir ýalta duş gelip, ondan ýaşaýşynyñ neneñdigini sorapdyr.
— Bir zat berseler iýýän, bermeselerem mysapyr otyryn — diýip, ýalta jogap beripdir.
— Görýän welin, seniñ bu "mysapyrlygyñ" ygyp ýören itleriñ "mysapyrlygyna" meñzeş eken. Olaram haçan biri bir zat oklaýarka diýip ymtylyp ýörler — diýip, Ependi ýüzugra aýdyp goýberipdir.

*   *   *

Ependi köçeden geçip barýan eken. Birden bir it topulyp gelipdir-de, onuñ aýagyndan ýarypdyr. Ependiniñ gahary gelip, iti elindäki palta bilen çapypdyr. Itiñ eýesi:
— Sen iti paltanyñ ýüzi bilen däl-de, çüwdesi bilen urmaly ekeniñ. Şeýden bolsañ, meniñ itim diri galardy — diýip igenipdir.
— Düşüniñ ahyry, it meni ýiti dişleri bilen dişledi. Eger ol dişlemän, depen bolsa, menem paltanyñ çüwdesi bilen urardym — diýip, Ependi nagt jogap beripdir.

*    *    *

Şerebeli dili bilen duzlap ýörensoñ halky çürkeýän barly emeldarlar Ependiniñ üstünden kaza arz edipdirler. Kazy Ependini çagyryp:
— Barly goñşularyñ seni halanok. Sen nirä-de bolsa bir ýana göçmeli borsuñ — diýipdir.
— Ýok, men olary halamok, goý, olaryñ özleri nirä göçesleri gelse, göçäýsinler. Olar köplük, baran ýerlerinde oba bolup oturyp biljekler. Men ýeke, onsoñam garrapdyryn. Indiden soñ men nirä göçeýin! — diýip, Ependi jogap beripdir.

*    *    *

Ependi bazardan erik satyn alypdyr-da, getirip, aýaly bilen iýmäge başlapdyr. Aýaly adamsynyñ erigi şänigi bilen iýýändigini görüp, hüñürdäp başlapdyr:
— Bolşuñ dagy nähili, açlykdan çykan ýaly? Şänigini iýmeli däl ahyryn!
— Erik satýanyñ akyly seniñkiden köp bolmaly. Eger erigi şäniksiz iýip bolýan bolsa, onda onuñ şänigini aýratyn satardy — diýip, Ependj jogap beripdir.

*   *    *

Ependi ýol bilen ýöräp barýarka, eşegiñ nalyny tapypdyr. Ol oña begenip:
— Indi ýene üç sany nal bilen bir eşek tapaýsam, onsoñ menem pyýada ýöremerin — diýipdir.

Degişmeler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle