Ependiniñ gephaltasyndan -3
Ependiniñ gephaltasyndan -3

Ependi dellek ekeni. Günlerde bir gün saçy ýeñsesine düşüp duran bir ýigit dellekhana gelip, kreslo çöküpdir-de, şeýle diýipdir:
— Babaý, bir kapitalnyý remont edip goýbersene!
Ependiniñ muña ýeñsedamary gatapdyr:
— Ýigit, bu taýy ussahana däl, dellekhana!
* * *
— Kaka, adam geplemäni öwrenenden soñ ýene nämäni öwrense gowy?
— Lal-jim bolmany! — diýip, Ependi gyzyna jogap beripdir.
* * *
Ependi et satyn alypdyr. Gassap oña süñk-sañklary çekip beripdir-de, şeýle diýipdir:
— Agam jan, süñkli ýeriniñ tagamy aýrydyr! — Gassap süýji-süýji gürläpdir. — Ynha, Biribar Adam atanyñ gapyrgasyndan How enemizi ýasapdyr ahyry!
— Hudaý gapyrgadan zenan ýasan bolsa, sen süñkden kaşañ jañ ýasaýañ! — diýip, Ependi gönüsinden gelipdir.
* * *
Bir adam Ependä sala salypdyr:
— Nasretdin aga, oglum boldy, adyna näme daksamkam, maslahat ber?
— Beýleki ogullaryñ ady näme?
— Ulujamyñ ady Paltabaý, ortanjymyñ ady Teşebaý, kiçimiñ ady Orakbaý…
— Körpäñ adyna-da Pyçakbaý dakyp goýber. Onsoñ, ähli demir ugry özüñden öner.
* * *
Ependiniñ aýaly:
— Ezizim, zähmet rugsadyna haçan çykýañ?
— Ony başlygym çözer — diýip, Ependi jogap beripdir.
— Ikimiz dynç almaga haýsy ýere gideris?
— Ony özüñ çözersiñ! — diýip, Ependi göwni bir ýaly jogap beripdir.
— Ýol harjyny nirden alarys?
— Ine, muny özüm çözerin! — diýip, Ependi gülümsiräpdir.
* * *
— Eý oglanjyk nämä zörledip dursuñ? — diýip, Ependi gat-gat jaýlaryñ arasynda şumjaryp duran okuwçydan sorapdyr. — Näçinji klasda okaýañ?
— Bäşinji — diýip, oglanjyk gözlerini owkalapdyr.
— Bäşinji klas bolubam bir aglarlarmy? — diýip, Ependi ony köşeşdiripdir. — Ýeri, näme aglaýañ?
— Azaşdym…
— Azaşdym? Señ özüñ nirä barýañ?
— Mekdebe.
— Bäşinji klas bolup sen indi mekdebiñi-de tapyp bilmän azaşyp ýörmüñ?
— Mundan ozal meni mekdebe kakamyñ şopury äkidip getirýärdi-dä…
«Watan» gazeti, 1995 ý. Degişmeler