Ene — tagzym edilmeli mukaddeslik
Zenan mertebesini belende göterýän, bolelin durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyz enelerimiz hakda: «Eneler ähli döwürde-de türkmen jemgyýetinde aýratyn orun eýeläpdir. Olar maşgala ojagynyň ýylysynyň hem-de jemgyýetiň ahlak esaslarynyň, ruhy we ynsanperwer kadalarynyň gözbaşynda durupdyr. Hakykatdan hem, ynsana ýaşaýşy peşgeş beren ene hemişe-de tagzym edilmeli mukaddeslikdir. Ol Watan, ýurt, toprak bilen deň derejede goýulýandyr. «Ene toprak» diýlen düşünje hem ýöne ýerden dörän däldir. Şahyryň dili bilen aýtsak, biz enäni «dünýäniň görki we durky» hasaplaýarys» diýip belleýär. Bu ajaýyp sözler biz zenanlara mundan beýläk hem has ynamly we ruhubelent zähmet çekmegimize itergi berýär. Döwrümiziň ýaş enelerine hormatly Arkadagymyzyň Käbesi — Ogulabat ejäniň hut özi görelde mekdebidir. Mährem enemiziň çagalarynyň hemmetaraplaýyn beýik şahsyýet bolup ýetişmekleri üçin görkezen tagallalary, çeken uly zähmeti biziň üçin mukaddes terbiýe mekdebidir.
Hormatly Arkadagymyz iň bagtly perişdeler Zemine inip, enä öwrülermiş diýen rowaýatyň bardygyny belläp geçdi. «Eneleri begendirmek, razy etmek iň uly bagtdyr. Eneleriň ak patasy, alkyşy ýollaryňy açýan gudrat hasap edilýär. Rowaýatlara görä, gadym eýýamlarda Zemini doňaklyk gurşap alanda, dünýäni halas eden ene mähiri bolupdyr» diýen sözler Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly jümlelerinde belentden ýaňlanýar.
Ene — keramatly söz. Onuň baý manysy, güýç-kuwwaty haýsy döwür bolsun, haýsy millet bolsun tapawudy ýok, asla öçmez-ýitmezdir. Şahyr Kerim Gurbannepesow «…Ene hemme ýerde dälmidir ene?!» diýip juda jaýdar belläpdir. Dünýäniň meşhurlary hem ene hakda birnäçe altyna gaplaýmaly sözleri miras galdyrypdyr.
Ene hakdaky öwgüli sözleriň manysyna şol sözi terjime etmezden düşünip boljakdygyna hiç hili şübhe ýok. Rus diliniň «mama», iňlis diliniň «mom» ýa-da «mother», ýa-da bolmasa beýleki dünýä dilleriniň eje diýen sözleri ýazylyşy hem-de aýdylyşy bir-birine meňzeşligi hem aýratyn bellemeklige mynasypdyr. Eneleriň atlary dünýä dillerine görä üýtgese-de, olaryň egsilmez söýgüsi, mähirleri, muhabbetleri üýtgemezdir. Halkara Zenanlar güni mynasybetli mährem enelerimiz hakdaky aýdylan ajaýyp jümleleri iňlis dilinden türkmen dilimize terjime edip, size ýetirmegi makul bildim.
«Enäniň eli mähirden ýasalandyr we şonuň üçinem çagalar onda rahat uklaýarlar». («A mother’s arms made of tenderness and children sleep soundly in them»).
Wiktor Hugo
***
«Meniň ejemiň näzik we kiçijik bedeni bardy, ýüregi welin uludy, şeýlebir ýürekdi welin, hemme kişi onda hoşamaýlyk tapyp bilýärdi». («My mother had a slender, small body, but a large heart-a heart so large that everybody’s joys found welcome in it, and hospitable accommodation»).
Mark Twen
***
«Eger-de dürli milletleriň ähli eneleri bir ýere üýşseler, dünýäde diňe asudalygyň boljakdygyna güwä geçýän». («I am sure that if the mothers of various nations could meet, there would be no more wars»).
J. K. Rowliň
***
«Enäniň çagasyna bolan söýgüsini dünýädäki hiç zat bilen deňäp bolmaz. Ol ne kanuny bilýär, ne-de başga zady. Ol söýgi ýoluna böwet boljak erbet zatlaryň ählisine garşy göreşmäge döz gelip bilýär». («A mother’s love for her child is like nothing else in this world. It knows no law, no pity. It dares all things and crushes down remorselessly all that stands in its path»).
Agata Kristi
Enäniň söýgüsiniň, onuň ýüreginiň beýikliginiň şeýle ussatlyk bilen belent äheňde taryplanmagy şol mukaddesligi ýene bir basgançak beýige göterýär. Eneler şat bolsa biziň şatlygymyzdyr, eneler bagtly bolsa biziň bagtlydygymyzdyr, eneler ýylgyrsa dünýäniň abatlygydyr. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, «Enäni begendirmek, zenany begendirmek dünýäni begendirmekdir. Enäni sylamak özüňi, bütin dowamatyňy sylamakdyr».