|

Ene näleti

Ene näleti ENE NÄLETI

Ene,
Ogluñ saña dönüklik etse,
Näletle —
Garagy gapylar ýaly,
Nälet et: iýeni inine siñmän
Öz-özünden bela tapynar ýaly.

Sesiñ eşitmekden galsyn gulagy —
Sen şeýleräk nälet oka, gargyş et.
Ölende-de gömmesinler ýanyñda,
Şuny yzda galýanlardan haýyş et.

Watan!
Bardy-geldi seniñ bir ogluñ
Dönük bolup,
etse saña hyýanat,
Sendäki bar eneleriñ näleti
Goý, gopdursyn oñ başynda kyýamat!

Arhip ÇIBOTARU,
(Moldawiýa).

Terjime eden: Berdinazar HUDAÝNAZAROW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle