| |

Ene hakynda

Ene hakynda ENE HAKYNDA

Ene!
Mähribandyr, ene melekdir.
Ynjytmañ, aglatmañ eneriñizi!
Siziñ üçin, ähli zada taýyndyr,
Güldenem näzikdir ene ýüregi.

Ene!
Mukaddesdir, ynjytmañ ony,
Aýagynyñ basan ýeri Jennetdir.
Eneñize güler ýüzli baksañyz,
Sizden razy, ömürboýy minnetdar!

Şeýle, sözler bilen bezäp beslenen,
Internetde paýlaşdym, owadan mowzuk.
Guwanyp, ýürek basylan sesleriñ,
Ýene-de gözledim, sözleriñ gowsyn.

Hassa ýatan enem bolsa, hyk -çoklap,
Menden suw diledi, «wagtym ýok» diýdim.
Internetde bolsa, ene hakynda,
Like gazanjak bolup, mowzuk köp goýdum.

Remezan MÄMETGURBANOW.

26.11.2022ý Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle