|

Ene bolsa…

Ene bolsa… ENE BOLSA…

Ýigit dünýä geldi,
Enäniň boýy
Ösdi bir gez, nur çaýyldy ýüzüne.
Gijelerni gündiz bilen deňledi,
Bal bilen ýag gatdy her bir sözüne.

Ýigit ädim ätdi,
Ilkinji gezek
Enesinden birje ädim daşlaşdy.
Ak ýol arzuw edip jigerbendine,
Enesi begenip, guş bolup uçdy.

Ýigit oýna gyzdy,
Uzyn gün gezdi,
Gezdi ýada salman duzdur çöregin.
Ene bolsa ýylgyrjaklap geldi-de,
Diýdi: «Ajygan-a dälsiň, geregim?»

Ýigit jahyl çykdy,
Dost-ýar tapyndy,
Ony gizlediler daşyny gallap.
Ene bolsa oglunyň hem dostlarnyň
Hyzmatynda gezdi ylgaşlap, galgap.

Ýigit ýigit çykdy,
Bir galam gaşlyň
Gözlerine baglap goýdy nazaryn.
Ene bolsa ogluny hem gelnini
Ýüze sylyp, unutdy dert-azaryn.

Ýigit kaka boldy.
Soň ata boldy,
Çümdi gitdi aladalaň kölüne.
Ene bolsa buýsanç bilen garady
Aladaçyl, agtyk söýýän ogluna.

…Şeýdibem ogullar
Gün geçdiksaýy
Enesinden açyp barýar arasyn.
Biçäre eneler şonda-da gülüp
Hem guwanyp ýola salýar balasyn.

ENÄNIŇ SESI

Säher turup, ele galam alamda,
Sesiň gelýär: «Ölçerdiňmi, han ogul?..»
Goşgymy tamamlap, hoşal bolamda,
Sesiň gelýär: «Ölçerdiňmi, han ogul!»

Käte çar ýanyma gaharly garap,
Gelnimden, çagamdan gezsem yrsarap,
Goh turuzsam, buz üstünden toz arap,
Sesiň gelýär: «Ölçerdiňmi, han ogul?..»

Awa çykyp, bukulyp bir ýylgyna,
Gözüm diksem bir biçäre sülgüne,
Ýa bir kişiň degjek bolsam göwnüne,
Sesiň gelýär: «Ölçerdiňmi, han ogul?..»

Käte-de buýsanyp ýönekeý zada,
Gomparyp, özgäni salmasam ýada,
Özümi iň güýçli saýsam dünýäde,
Sesiň gelýär: «Ölçerdiňmi, han ogul?..»

Bir çaka barsa-da ömrümiň saly,
Mydam küýsäp gezýärin şol sowaly.
Meni müň beladan gorary ýaly,
Sesiň gelýär: «Ölçerdiňmi, han ogul?..»

Italmaz NURYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle