Ene aýy (Hekaýa)
Wahtang ANANÝAN,
ermeni ýazyjysy
1
Güýz düşdi, tokaýlarymyz ýene alabeder, owadan lybasyna bürendi.
Mallar daglardan gyşlaga dolanyp geldiler. Jülge janlanan ýalydy. Sygyrlar molaýardy, goýunlar mäleýärdi, gäwmişler tokaýdaky armytlary, hozlary we beýleki ýabany miweleri şapbyldadyp iýýärdiler.
Biz çopanjyklar üçin iň şadyýan pasyl gelipdi — häzir otlaryň ýakylýan döwrüdi. Oduň başynda egele bolup oturyp, ýeralmany gyzgyn küle gömüp bişirýärdik we dürli ertekileridir hekaýatlary diňleýärdik.
Jülge güneşlidi, ýylydy, syrgyndyr şemallardan sowady. Döleden uzak bolmadyk ýerde dagdan gaýdýan derýa akýardy. Tokaýyň açyk meýdanlarynda we çemenzarlygynda ot ýatyrýardyk hemem olary bede edip jülgä äkidýärdik. Bärde ony küdeläp goýýardyk.
Her maşgalanyň mal üçin öz aýratyn dölesi bardy, olaryň garşysynda bolsa — çopanlaryň kepbeleri ýerleşýärdi. Dölede, adatça, gije-gündiz ot çabyradyp duran buhary peç bolýardy.
Biziň gyşlagymyzda şeýle döleleriň kyrka golaýy bardy. Jülgede dagyň beýleki tarapynda hem şuňa meňzeş gyşlag ýeri bardy, ondan aňyrrakda ýene biri bardy. Bu jülgelerde, dag derýajygynyň kenarynda gyşlag mekanlary barmak basyp sanardan has köpdi.
Biz gyşlagda ýaza çenli bolardyk. Otlar gögerip başladygy mallary gaýtadan dagyň depelerini örtüp duran otluklara sürerdik, çadyrlary ýalpagrak oýluk ýerlerde dikerdik. Güýz gelip, howa çigrekläp ugradygy, biz yzymyza — gyşlag ýerimize gaýdardyk. Şeýle bolansoň, biziň mallarymyz obany hiç görmeýärdi.
Şol wagtlar men dag obasynda önüp-ösen oglanjykdym, goýun derisinden tikilen ullakan telpekli we hamdan edilen çaryklydym, ujy egri uzyn taýagymy ýanymdan hiç aýyrmazdym.
O mahallar tirsegidir dyzlary ýamaly, irimçik ýüňden tikilen eşigim bardy.
— Sen bezzatdan eşik artanog-a, saňa eşik çydadyp bolanog-a!… — diýip, ejem geýimimi gaýtadan ýamap durşuna hüňürdärdi.
Nädip çydasyn? Tokaýa oduna gidýäň, tikenli gyrymsylar zol-zol ilişip, eşigiňi ýyrtýarlar. Bir bogy oduny arkaňa goýarsyň welin, sürtülip-sürtülip, köýnegiňi ýyrtar… Sürä möjek darar, yzyndan ylgarsyň, gygyrarsyň, daşa büdräp ýykylarsyň. Ýeriňden galarsyň welin, giň balagyň ýyrtym-ýyrtymdyr, wah, şu daşlar diýsänim!.. Agaja dyrmaşarsyň, buk hozlaryny silkelärsiň, süýji hozdan iýersiň, mallaryňa-da ýygnarsyň — hemme bagjyklaryňy üzersiň! Golaýyňda, sary ýapraklaryň arasynda suwluja we terje garalylara agzyňyzy suwardyp bakarsyň. Ýeri, Wahtang, saklanyp biläýsediň hernä, ýöne: «Garaly agajyna dyrmaşaýmalymy näme?!» diýip göwün ýüwürdersiň…
Daga dyrmaşsaňam, daşly ýodajyklardan ýöreseňem, ot ýatyrsaňam, ýerdöleden ders daşasaňam, garaz, eşigiň nämedir bir zada ilişýär. Onsoň nädip eşik çydasyn!..
Gyşlagda wagtymyzy şeýleräk geçirýärdik.
Gündizine mal bakardyk, agşamyna döleleri arassalardyk, bedeleri ahyra goýup, çalamydar garbanyp, kümede ojagyň başyna düşelen keçäniň üstünde uka giderdik.
Biziň gyşky mekanymyzda Simon atly bir ýigit bardy, ol dymmady we tutukdy. Onuň ene-atasy birmahal ýogalypdyr, şeýdibem kiçijik Simon sopbaş ýetim galypdyr. Oňa Ato atly oba baýy hossar çykyp, öz talabany edipdir. Simon Atonyň mallaryna bakýardy — munuň üçin ol bir ýylda ýeke tüwe, iki tokly hem-de elde dokalan mata alýardy…
Simonyň egninde ýama-ýama edilen şylhasy çykan eşik, başynda bolsa hojaýynynyň köne telpegi bardy.
Men Simondan ep-esli kiçidim, emma onuň yzyndan galmazdym. Simonam özüni nähili gowy görýändigimi duýýardy, şonuň üçinem meniň bilen oňat dostlaşypdy. Biz hemişe diýen ýaly bile tirkeşerdik, mallarymyza-da bilelikde bakardyk. O ýyllar durmuş agyrdy, hemme ýerde açlyk höküm sürýärdi, emma biz bir bölejik nanyň soňky owuntygyna çenli bölüşip iýerdik. Çopançylyk edýän günlerimiz başymyzdan geçmedik ahwalat ýokdur! Ine, şol güýzde-de şeýlebir geň waka boldy welin, men ony ömrümiň ahyryna çenli unutmaryn.
2
Biziň gyşlag mekanymyzyň sag tarapynda depesi tokaýly baýyr bardy, şol baýryň o tarapyndaky garaňky kälde iki sany gadymy buthananyň harabaçylyklary ýatyrdy. Olara müň ýyl dagy bolandyr, belki, ondanam kändir.
Bir gezek biz hut şu «Iki buthanaly jülgede» (biz ony şeýle atlandyrardyk) çöp-çalamlary çöpleşdirip, ot ýakdyk. Şol wagt sygyrlarymyz tokaýda otlaşyp ýördüler, olar buk hozlaryndan garynlaryny otarýardylar.
Odunymyz oňat tutaşansoň, gyzaryp duran küle ýeralma gömdük. Simon oduň başynda galsa, men baýryň depesindäki daşyň üstünde ornaşyp, gadymy Hal-Hallu dagynyň gerişlerini örtüp duran tokaýy heziller edip synladym.
Güýzki çym gyzyl lybasyny geýen tokaý ertekilerdäki şamar ýylany dek göz gamaşdyryjydy. Kälde çeşmejik şadyýan şirrildeýärdi, sentýabr güneşi töweregi ýakymly gyzdyrýardy.
Bu pasylda tokaýda miweler boldy — dürli reňkdäki garalylar, almalar, armytlar näçe diýseň bardy. Agaçlaryň töwereginde ýeralmalar hem boldy. Çopana-da geregi şol — entek güýz tamamlanmanka gerk-gäbe doý!..
Ýöne bahym güýz öz ornuny gyşa berer. Onsoň bütin gyş malyň yzynda gezmeli borsuň. Obadaky baý daýhanlaryň ogullary bolsa mekdebe giderler, kitap okarlar. Eýsem, men tutuş ömrümi mal yzynda geçirermikäm?.. Hemişe mätäçlikde, sowatsyzlygyň netijesi bolan nadanlykda ýaşarmykam?
Bir gün oturyp, çuňňur oýa batdym. Tokaýda güýzki ýapraklary şygyrdadyp, hamala, meniň gussaly pikirlerime hä diýýän dek şemal çalajadan şuwwuldap öwüsýärdi.
Ümezlän gözlerimi aşak dikdim. Gaýanyň eteginde nämedir bir gara zat ýatyr. Pikirlerim duw-dagyn boldy. Ilkibaşda nämedigini saýgaryp bilmän, oňa birsalym dikanlap seretdim. Bu aýy çagasy ýaly-la! Garynjygyny Güne tutup ýatyr.
Men häziriň özünde ýanyma gelmegini yşarat edip, dostum Simona elimi bulaýladym. Simon alňasap geldi. Ýüzüne külüň garasy çyrşalan Simon bugaryp duran çig-çarsy bişen ýeralmany, agzyny ýaksa-da, şapbyldadyp iýýärdi.
Men barmagymy dodagyma ýetirdim-de: «Ýuwaş!» diýdim. Oňa aýy çagasyny görkezdim.
Simonyň gözleri ýanyp gitdi. Ol kiçeňräk daşy garbap alyp, ony aýa tarap zyňjak boldy, ýöne birdenkä pikirinden dänip, saklandy. Daşy bir gapdala oklap, oňa derek aşak goýun gumalagyny taşlady, ol aýy çagasynyň gapdalyna düşdi. Simon ýene bir gumalak oklady, bu gezek ol aýy çagasynyň göni kellesine düşdi.
Aýyjyk gulaklaryny gymyldadyp, penjejikleri bilen birki ýola burnuna urdy. Siňekler azar berýändir öýtdümi nämemi, gaýtadan irkildi.
Soňra Simon ullakan agyr daşy galdyryp, ony aşak pyzyp goýberdi. Agyr daş görgüli aýyjygyň kellesine patlap degdi…
Biz eden işimize monça bolup ikibaka ylgaşýardyk. Oljamyzy alarys, şahadan çiş ýasanarys, aýy etiniň çişliginden doýarys diýip pikir edipdik.
Ýöne birdenkä tokaýdan aýylganç gopgun sesi eşidildi, ösgün jeňňelligiň içinden bir zatlar çeýneýän äpet ene aýy atylyp çykdy we tiz wagtda jarda gögerdi.
Ol pyşgyryp, çöňürtgeleri döwüşdirip gelşine öz çagajygyny taşlap giden ýerine alňasady. Onuň dem-düýtsüz ýatandygyny gören ene aýy art aýaklaryna galyp, şeýlebir arlady welin, tutuş tokaý elenip gitdi. Bir sagyna, birem soluna garady, ahyry hem bizi görüp, dikelip durdy.
Biz mallarydyr ýeralmalary unudyp, bar güýjümiz bilen gaçdyk. Biz şeýlebir ylgadyk welin, gyşlaga nädip ýetenimizem aňşyrmandyrys…
3
Şol agşam çopanlar Şakar atanyň ýerkümesine ýygnandylar.
Asaturans Neres deşik bedräni deprek edinse, Akoýens Grigor tüýdük çalýardy we tomus paslynda peýnir ogurlan oglan barada degişme aýdymyny aýdýardy. Aýdymyň bir bendi şeýleräkdi:
«Rumsim daýza, al gamçyny,
O bezzady gaýdyp seň kümäňe,
girmez ýaly urmak gerek — »
Soňy bolsa:
«Waý, peýnir äkitdi,
Jan peýnir äkitdi» — diýen gaýtalama bilen jemlenýärdi.
Ýenok Wasoýens atly başga bir çopan üstki eşiginiň etegini biline gysdyryp, aýdymyň her gezek gaýtalama bölegi aýdylanda elini ýokaryk galdyryp tans edýärdi.
Batraklardyr çopanlar şeýdip şatlanýarka, Simon ikimiz gapyda başymyzy aşak salyp durduk. Ojakda şatyrdaşyp ýanýan odunlaryň ýagtysy Simonyň ýüzüne düşýärdi.
Saz ýuwaşady, tanslar kesildi.
Onuň gözleriniň gyzarandygy mese-mälim bildirip durdy.
— O tüki, taňrysyz hojaýynyň saňa ýene temmi beräýdimi? — diýip, Grigor sorady.
Dyňzap duran gözýaşyny kynlyk bilen saklaýan Simon bu gezek taýak iýmäge mynasyp bolandygyny aýtdy.
— Mallary tokaýda goýup gaçyp gaýtdym.
— Näme üçin gaçdyň?
— Aýy şeýlebir arlady welin, gara janym galmady…
Hemmeler biziň gürrüňimizi üns bilen diňlediler. Şakar ata:
— Wah, siz diýsänim, näme üçin beýtdiňiz? — diýdi.
— Ine, indi ýarym asyr bäri aw bilen meşgullanýan. Kellämdäki saçymyň san-sajaksyz taryna barabar awa çykandyryn, emma hiç bir haýwanyň çagasyna, aýyňky bolsun ýa tilkiňki, maralyňky ýa-da dag keýigiňki, hiç haçan degmedim…. Haýwanam öz balasyny har etdirmeýär. Towuk näme, iň bärkisi şolam jüýjesiniň deňinden geçseň bürgüde dönäýýär. Ýüzüňe-gözüňe ýapyşjak bolup durandyr — diýip, Şakar ata öwüt berýän şekilde gepledi. — Hawa… her janawarda-da ýürek bar, ene ýüregi bolsa olaryň hemmesinde-de birmeňzeş. Sen ejesiniň janyny al, oňa ok at, emma çagasyna degiji bolmagyn!..
4
Birnäçe gün geçipdi. Biz ene aýyny düýbünden unutdyk.
Simon ikimiz «Iki buthanaly jülgäniň» jümmüşinde işläp otyrdyk — ýykylan agaçlary urup-urup, tagta parçalaryny goparyp alýardyk we olary ýonup, pil hem-de kersen ýasaýardyk. Soňra olary çörege çalyşmakçydyk.
Bu gyşda dostum Simonyň gulluk möhleti dolýardy. Ol batrakçylygy taşlap, maşgalaly bolmak we öz tünegini gurmak isleýärdi.
Bu ýyl güýz pasly üýtgeşik güneşli geldi. Dökülen tyllaýy ýapraklar aýak astynda şeýlebir ýakymly şygyrdaşýardylar, gyrymsy we beýik agaçlaryň şahalaryndaky muşmuladyr ýabany garaly ýaly miweler şeýlebir özüneçekiji ýaldyraşýardylar welin, seriň sämeýärdi…. Siz gazak topraklarynda güýzüň neneňsidigini bilýänsiňiz — tokaý häki bir tokaý däl-de, tüýs ertekilerdäki jadyly bag mysaly!
Simon maňa garap:
— Bu güýz möwsümi garyplar üçin agynjak bir tomus. Häzir asman garyp bendä mähir bilen garaýar. Howa oňatka haýdaly, kersenlerden we pillerden ep-eslisini ýasaly, olary sewan ( Sewan – Ermenistandaky kurort şäheri. 1842-nji ýylda esaslandyrylan bu şäher 1963-nji ýyla çenli obalyk bolupdyr.) obalaryna äkideris — o taýy alaň-açyklyk, tokaý ýok, bize gowy tölärler, çörek bererler — diýdi.
— Näme ýasaman, baýam ýasarys. Kynmy eýsem? — diýip, men bada-bat jogap gaýtardym.
Onsoň biz arman-ýadaman, der baryny döküp, uzakly gün agaç ýonduk, bar güýjümiz bilen kakdyk, üstesine, aýdymam aýtdyk.
Pildir kersenler üçin beýle azap çekmegimizde Simonyň söýgüsiniň hem paýy uludy. Ol obadaşymyz Tuniniň owadan gyzyna göwün beripdi. Elinde nany bolsa öýlenibem biljekdi.
Simon on ýerinden ýamalan eginbaşyna seredip:
— Biz adam däl-de, duranja bir mal! — diýip, gussaly gepledi. — Eýsem, biz ýalaklara gyz gelermi diýsene? Gyzyň ýerinde özüm bolsam hojaýynyň syratly ogluny taşlap, gedaýa bararmydym?..
Ol uludan demini alşyna, paltasyny barha has batly bulaýlaýardy. Taraşalar çar tarapa uçup gidýärdi.
— Adamlara bagt paýlaýanyň köki-damary goparylsyn!.. Garyplaryň taňrysy ýaýnaman geçäýediň-dä!
Men Simony köşeşdirýärdim. Bahym hemme zadyň gowy boljakdygyny, dünýäniň özgerjekdigini aýdýardym.
Şol wagtlar daýym Bakuwdan dolanyp gelipdi. Ol Russiýada halkyň aýaga galandygyny aýdyp berdi. Indi patyşa ýokmuş, zähmetkeş halkam bahym düýbünden başgaça ýaşap başlajakmyş. Beýle ýakymly habar tiz wagtda daglyk ýerlere-de ýaýrap, biziň çola jülgämize hem gelip ýetdi.
Bu habardan soň Simon janlanan ýaly boldy, keýpi kökeldi. Her gezek barha beýgelýän kersendir pil üýşmegine garanda ruhy hasam galkynýardy. Çünki olarda gyşda iýjek çöregini, özüniň atlazdan tikilen owadan toý geýimini we gelniniň bezemen toý köýnegini görýärdi…
Men dagda ösýän wýaz agajyndan taýýarlan ullakan kersenimiň bezeg işlerini bitirdim edenimde Gün eýýäm gözýetimiň aňyrsynda gizlenipdi.
— Bu Anaite sowgat — diýip, men Simona ýylgyryp gep atdym.
Simon maňa hoşallyk bilen seretdi.
Biz kersenleridir pilleri çöňürtgeler bilen örtdük, mallary ýygnadyk, sykylyk atyşyp, olary gyşlaga bakan sürüp gitdik.
Tuniniň gyzy Anait jeren kimin syratly we birkemsiz owadandy, özem örän çekinjeň we edepli gyzdy.
Bu tomus Anait biziň daglyk diýarymyza myhmançylyga gelende, Simonyň göwnüne ýylçyr gaýalar güller bilen bezelen ýaly bolupdy. O görgüli bu gyza durky-düýrmegi bilen aşyk bolupdy. Ol bu yşk derdinden ýaňa ýanyp-bişýärdi, emma hiç hili umydy ýokdy. Onuňky bu dünýädäki iň ýaramaz dertdi — ol garypdy.
5
Simon her gün dölämiziň golaýyndaky daşyň üstünde oturyp tüýdük çalardy, aýdýan aýdymlary bilen biziňem ýüreklerimizi gobsundyrardy.
Aşakda çarwalar öz çadyrlarynda dynç almaga häzirlenýärdiler. Öçüşen oduň uçgunjyklary ýylpyldaşýardy, sygyrlar sakgyç çeýneýän dek gäwşeýişlerine pessaýja molaşýardylar.
Biz misli süýji ukuda ýatan dek, aşyk ýigdekçäniň tüýdüginden çykýan ýakymly owaza maýyl bolup diň salýardyk.
Men hem saz diňleýärdim, hem-de «Tuni oňa gyzyny bermez!..» diýip, alada bilen oýlanýardym.
Bir gezek men bozaryp-gyzaryp bu hakda Simona aýtdym.
Ol gözüne ýaş aýlap, gamasyny gynyndan çykardy-da, janygyp gepledi:
— Salgyma kowalaşýandygymy özümem bilýän. Ýöne nädeýin… ony ýüregimden sogrup alyp bilemok… Al, gama bilen ýüregimi ýar, ýogsam ol o taýdan gitmez!..
Men oňa näler gynansam-da, elimden gelýän zat ýokdy.
Tuni gyzyny tokaý sakçysynyň ogly Arteme bermekçidi. Ol wagtlar tokaý sakçysy biziň diýarlarda birinji adam hasaplanýardy.
Bir gezek Anait jara gül ýolmaga düşende men onuň garşysynda peýda boldum-da, şeýle diýdim:
— Anait… seni uýam hasaplaýaryn, menden gorkma… Men seni juda eý görýän, ýöne dostum Simony hasam gowy görýän, ony bu dünýädäki ähli zatdan eý görýän … — Janygyp gepleýşime ýüzümiň gyzýanyny duýup durun. — Sen näme üçin oňa ejir çekdirýäň, hä? Ýetime haýpyň gelsin!..
Anait güldi.
— Kim oňa ejir çekdirýärmiş? Başgalar üçin ejir çekmek nämesine gerek bolduka? — diýip, ol uýaljyrap ýylgyrdy.
— Nädip ejir çekmesin? — diýip, men has ekezlenip gepledim. — Seni gören kişi dessine ukusynam ýitirýär, rahatlygynam!
— Boldy-boldy, bolgusyz samahyllama!..— diýip, Anait gaharlandy.
— Men Simon üçin aýdýan, onuň ýerine gürleýän… Anaitjan, ýigide haýpyň gelsin, oňa ýyly söz ber! Garybam bolsa, onuň gyzyl ýaly ýüregi bardyr. Onuň eliniň ýukalygyna seretme…
Ýüzi bir agaryp bir gyzaran Anait ýere seretdi.
— Ony bilýän! — diýip, ol ahyry pyşyrdap diýen ýaly aýtdy. — Onuň ýüreginiň nähilidigini oňat bilýän… Goý, ol üst-başyna birneme serenjam bersin, tünek edinsin, meniň kakam…
Şeý diýdi-de, ol çadyrlara bakan ýelk ýasady.
Beýle garaşylmadyk jogaba başym gök diredi, begençden ýaňa ýüregim çalt-çaltdan gürsüldäp başlady. Men bar güýjüm bilen ylgadym, dagyň depesine çykybam tutuş jülgä ýaň salyp gygyrdym:
— Simon, aý Simon! Mallary bärik sür, saňa hoş habarym bar!.. Gowusy, tokly soý… Habarym juda gowudyr-la, heý!..
«Tokly soý!» diýip oýun edip aýdypdym. Men onuň tutuş bir ýylyň dowamynda bary-ýogy iki tokly edinendiginden habarlydym. Ýöne jara inenimde Simonyň eýýäm tokly soýup, ot ýakyp ýetişendigini gördüm.
— Eý, ýigit, toklyny näme üçin soýduň? — diýip, men gaharly soradym.
Ol bolsa gülüp:
— Inimiň çişlik iýesi gelen bolsa, näme üçin soýmaýyn? — diýip jogap gaýtardy.
Biz otuň üstünde jaýlaşykly oturyp, çişlik iýdik hem-de gümür-ýamyr etdik. Simon:
— Gowy habarym bar diýýäň welin, beýle näme boldy? — diýip sorady.
— Anaiti ýyly söz berer ýaly edendirin. Senem oňa ýaraman duraňok öýdýän…
Simonyň ýüzüniň çapady ýaly gyzarandygyny, gözleriniň owasynyň dolandygyny görüp, tasdanam özüm aglapdym.
Oňa Anait bilen eden gürrüňimi aýdyp, juda begendirdim.
Kersenleri ýasamaga girişenimizde Anaitden Simona şeýleräk habar geldi: «Arman-ýadaman işle, geýim-gejimiňi täzele, özüňe serenjam ber we ýanyma gel! Saňa aýtmaly zadym bar».
Bize kersenlerdir piller Simony bagtyna ýetirmek üçin gerekdi…
6
Tokaý sakçysy Artemiň ogly biziň gyşlagymyza gara atyň üstünde geldi. Egninde ýarag, bilinde bolsa kümüş gynly gama bardy.
Tokaýyň jümmüşine atly gelen tokaý sakçysynyň ogly bizi tapyp salamlaşdy.
Biz işimizden ünsümizi sowup:
— Salam! — diýdik.
Rubeniň ýüzi düwürtiklidi, gözüdir burny kiçijikdi. Kaşaň geýnüwlidi, özem tumşugyny ýokaryk tutup, donuna syganokdy. Gamçysyny oýnadyp durşuna ýeserje ýylgyrýardy. Ol selçeň murtuny müňküldedip sowal bilen ýüzlendi:
— Simon, sen baýamak isleýärmişiň diýip eşitdim? Oňuna bolsun…
Simon nämäniň-nämedigine düşünip aljyrady.
— Baýasa-da iliň hakyna göz dikip baýamaz — diýip, men Rubeniň parahorlukda ýakasyny tanadan kakasyna kakdyryp, awuly sözümi oklap goýberdim.
Simon it ýylgyryşyny etdi-de:
— Kersen ýasaýarsyňyz welin, petegiňiz beri barmy? — diýip, hojaýynsyrap haýbatly sorady.
Simon kisesinden tokaý hojalygyndan berlen petegini çykardy.
— Hawa-hawa — diýip, Ruben ýene it ýylgyryşyny etdi. — Rast, bu kagyzyňyz bolsa, siziň baýaýmagyňyzam ähtimal!
Soňra ol atynyň uýanyny çekip, bu ýerden uzaklaşdy.
…Ertesi gün iş ýerimize gelip näme görendiris öýdýäňiz?! Biziň iş edinip ýasan kersenlerimizdir pillerimiz kül-owram edilip, dumly-duşa zyňlypdyr. Biziň on günläp çeken agyr zähmetimizden derek galmandyr… Simonyň ähli umyt-arzuwlary wes-weýran edilipdir.
Simon juda gynandy, hasratdan ýaňa şeýlebir gözgyny hala düşdi welin, ylla, öňünde ýaýraşyp ýatanlar onuň jyrym-jyrym edilip, basgylanan toý köýnegi ýalydy.
— Eý, sen garyplaryň taňrysy, sen bar-a! — diýip, ol içiniň ýangyjyna bir zatlar hüňürdedi. — Ine, baýlaň taňrysy başga. Ol hemişe olara ýagly guýruk eçilýär. Böri darasa — betbagtlyk garybyň başyndan inýär, gurakçylyk gelse — bolan ýene garyba bolýar, iň bärkisi, doly ýagsa — ýene garyba zelel ýetýär… Ähli bela-beter garyp bendäni tapýar!
Men Simona höre-köşe etmäge durdum:
— Güýz diýeniň ýyl däl ahyryn. Biziň golumyzyň güýji ýetig-ä. Biz bahymjak ýeterlik kersen we pil ýasarys.
Biz her nähili gynansagam, gaýtadan işe girişdik. Bir günde dört kersen we alty pil ýasadyk.
Ertesi gün gelip görsek, ýene hemme zat kül-owram edilip, dumly-duşa zyňlyşyp ýatyr…
Içigargalmyş! Bize beýle kim duşmançylyk edýärkä? Gaty geň!
Beýnimize agram salmakdan ýaňa akylymyz üýtgäp barýardy. Kelle döwýäs, çak edýäs, ýöne kimiň bize beýle ýamanlyk edip biljegine hiç düşünip bilemzok. Jaryň beýleki ýapgydyna bakan gitdik. Gözlerden çet ýere bardyk-da, gaýtadan işe girişdik.
Bolsa-da, ertesi gün ýasan zatlarymyz goýup gidişimiz ýaly bitin duran eken. Arkaýynlyk bilen dem aldyk.
Şeýdip bäş gün geçdi. Ýylmanak edip ýonulan kersenler we piller dag kimin güberilişip ýatyrdy.
Agşam Simon:
— Ýene bir bela uçraýmankak, ertir araba ýükläp, bulary oba äkideli — diýdi.
Men razylaşdym.
Simon hojaýynyndan alan arabasy bilen tokaýyň ortarasyndaky «ussahanamyzyň» golaýynda aýak çekende heniz Gün dogmandy.
Ýene-de ahyrlarymyzyň we küreklerimiziň döwlendigini, kül-owram edilendigini, bölekleriniň tokaýyň her ýerinde pytraşyp ýatandygyny görüp, diýseň hapa bolduk…
Biz arabany tokaýda taşlap gaýtdyk. Öküzleri goşdan çykaryp, örä goýberdik, özümiz bolsa gyşky mekana tarap ýelk ýasadyk.
Çopanlar bizi görüp howsala düşdüler:
— Ýene bir zat boldumy? Ýüzüňizde gan-pet ýokla…
Biz tolgunyp, birek-biregiň sözüni bölüp, ähli zady bolşy-bolşy ýaly gürrüň berdik.
— Tokaý sakçysynyň oglunyň işi bolaýmasyn? — diýip, Ýenok öz pikirini aýtdy. — Ol şol gün ýönelige ýaňran däldir…
Onuň bu sözlerinden soň ýüzi çapady dek gyzaran Simonyň gahardan ýaňa dodagy göm-gök boldy, özem durky bilen titir-titir etdi.
Ýenogyň sözleri meniň ýüregimden ok bolup geçdi. Diýmek, bu tokaý sakçysynyň oglunyň hokgasy-da? Ýeri bolýa, hany bakaly, kim üstün çykarka?! Meniň hoşgylaw doganymyň bu aýnadylan oglan zerarly ejir çekişine ýöne seredip oturmak islämokdym. Bu ýüzi düwürtikli ýigitden nädip ar almalydygy barada pikir edýärdim..
Ýöne agşam Şakar ata bizi diňläp, elini salgady-da, şeýle diýdi:
— Adamyň etjek işine meňzänok, bular ene aýynyň hokgalarydyr! Adam ysyny duýandyr…
Men öz ýanymdan: «O nähili ene aýy bolsun? Garry akylyndan azaşyp ýör öýdýän» diýip oýlandym.
Emma Şakar ata:
— Ene aýydan başgasy däldir — diýip, özüniňkiden dänmek islemedi. Ol gussa bilen dem aldy-da: — Men onuň hamyny sypyrardym welin, hawa-hawa…
Tokaý sakçysy Artem Şakar atanyň aw ýaragyny alyp, soňam gaýtaryp bermändi. Emma garry awçy ony yzyna aljak bolubam durmady. Bu dünýäniň ýalan-ýaşryk we adalatsyz düzgünlerini ýigrenýändigini aýdyp, ýarag hakda-da, aw hakda-da pikir etmesini goýupdy…
— Ölerin, ýöne ugursyz adamyň gapysyny kakmaryn — diýip, ol tokaý sakçysyny göz öňünde tutup aýdýardy.
Şakar ata bolan-geçenleri Simon ikimizden gaýtadan soraşdyrdy-da, bize kömek etmeli diýen netijä geldi:
— Siz ýigitler, gidiň-de, ýene birnäçe kersen we pil ýasaň, şonda olary kimiň döwýänini göreris. Menem bararyn.
Goja awçy Simonyň Anaite bolan duýgusyndan, onuň bu gyz ugrunda tokaý sakçysynyň ogly Ruben arasyndaky sessiz bassaşlykdan habarly bolanlygynda, belkem, beýle netijä gelmezdi.
Simon ikimiz bize bu ýamanlygy tokaý sakçysynyň oglunyň edýändigine berk ynanýardyk. Aýynyň beýle-beýle hokgalardan baş çykarýandygyny näbileli!..
Barymyz Şakar ata gulak asyp, araba mündük-de, tokaýdaky «ussahanamyza» ugradyk. Arabany otluk ýerde goýanymyzdan soň, öküzleri «Iki buthanaly jülgä» kowduk. Goý, birsellem aýaklaryny ýazsynlar! Özümiz bolsa işe girişdik. Ýene birnäçe kersen we pil ýasadyk, taraşalary üýşürip, ot ýakdyk.
Agşam eli paltaly, bili äpet gamaly gelen Şakar ata:
— Yzym bilen agaja dyrmaşyň, özem sesiňiz çykmasyn, hatda demem almaň — diýip tabşyrdy-da, golaýdaky gür we beýik agaçlaryň birine çykdy.
— Ata, bize duşmançylyk edýäniň kimdigini bilýäs, bu aýynyň etjek işi däl … — diýip, men köpbilýänlerden bolup gepledim.
Goja gür gaşlarynyň aşagyndan maňa gözüniň gytagyny aýlady-da, murtuny gaharly müňküldetdi:
— Baý-baý… Bu erni suwla bakyň-a!.. Näme, men bede iýýändirin öýdýäňmi? Akyly çaşana meňzeýänmi?
Biz dymdyk. Kim Şakar ata bilen agyzlaşyp biler diýsene! Biz Simon bilen dub agajyna dyrmaşdyk. Onuň saralyp başlan gür ýapraklarynyň arasynda oňat gizlendik.
Garaňky düşdi. Tokaýyň jümmüşinden haýsydyr bir guşuň gussaly we çirkin guguldysy eşidilse, jardan çeşmäniň jürrüldi sesi geldi. Şatyrdap ýanýan ot töwerege uçgun baryny syçradyp, giň garaňky meýdança birsalym şugla saçansoň, büs-bütin öçdi.
Biz agajyň üstünde uzak oturmaly bolmadyk. Arka tarapdan bir ýerden birgeňsi ses geldi. Çöňürtge şatyrdady, gury ýapraklar çybşyldady. Kimdir biriniň agyr ädimleriniň astynda şahalar şatyrdap döwülýärdi.
Bu gelýän at bolmaly. Elbetde at… Üstündäki hem Artemiň ogludyr. Naýynsap deýýus diýsänim!.. Meniň ganym gyzýardy, ýüregim gürsüldeýärdi. Häziriň özünde aşak inip, ýakasyndan ebşitläp tutagetdin ony oňatja silkeläsim geldi!
Ses barha ýakynlaşýardy…
Ine göründi… o kimdir öýdýäňiz? Ene aýy, özem diýseň mähnet aýy!..
Ol sägindi we oda seretdi. Uçganaklap duran gözleri gyp gyrmyzydy. Aýy, ilki bilen, basgylap-basgylap ody öçürdi, soňra-da boguk sesi bilen arlady.
Aýy töweregine garanjaklady, ýerde ýatan ýapraklary ysgap gördi, soňra-da gaharly pyşgyrdy. Birdenem degresindäki ähli zady depgiläp, döwüp başlady. Ol aldygyna hyňranýardy, hassyldaýardy, agzyny müňküldedýärdi… Aýy dört tekerli arabany batly itip goýberdi; ol ýerinden gozganyp, göni oduň içine girdi…
Şoňa çenli biz sesimizi çykarman oturdyk, hatda demimizem almadyk, ýöne arabany beýdensoň, biz şeýlebir gopgun turuzdyk welin, dagdyr jülge elenip gitdi.
Adatça, aýy ürkek bolansoň, adamyň garasyny gördügi gaçýar. Ýöne bu aýy, tersine, biziň üstünde oturan agajymyza bakan ylgady, penjelerini diräp, ony silkeläp başlady.
Bizi ýere düşürjek bolup, agajy ep-esli wagt silkeledi. Emma niýeti paşmansoň, ol agaja dyrmaşmaga durdy…
— Ata, ol bizi ýalmap-ýuwdar. Indi näme etsekkäk? — diýip, men aljyrap gygyrdym.
Garry awçy sowukganlylygyny elden bermän:
— Gohlamaň-da, paltalary häzirläň! — diýip, gamasyny çykardy.
Ene aýy hassyldap, sülekeýini akdyryp, agajyň aşaky şahalaryna dyrmaşyp ýetişipdi. Onuň ýokaryk dikilen gözleri gahar-gazap bilen uçganaklaýardy. Onuň bu bolşy bize erbet täsir etdi. «Süňkümizi çöplemeli bolaýmasalar» diýlen pikir kellämde ýylp edip gitdi. Biziň gorkudan ýaňa endam-janymyz saňňyldaýardy, dişlerimiz şakyrdaýardy.
Iň aşakda oturan Simon bar güýji bilen paltasyny bulaýlady-da, aýynyň çep penjesini ýaralady…
Ene aýy elhenç arlady, emma ýykylmady, aşagam düşmedi, gaýtam ýokarlygyna dyzamagyny dowam etdirdi.
Biz ahyry hilä ýüz urduk. Şakar ata öz gamasyny, biz paltamyzy ullandyk we ene aýyny heläklemegiň hötdesinden geldik.
Şeýdibem, bu wagşy jandaryň eminden geldik.
7
Indi sizi, megerem, Simonyň öýlenip-öýlenmändigi gyzyklandyrýandyr.
Ýok öýlenmedi, çünki ene aýy onuň ähli arzuwlaryna nokat goýdy… Görgüli Simon şol ýylam özüniň ýamaly köne geýimini çalşyryp bilmedi, şeýdibem, Anait daýzamyň ýanyna gitmedi. Nädip gitsin? Ol şol batraklygyna-da galdy…
Gerdenindäki dürresi bilen eleşan eşiginde we telpeginde dagyň otluk ýerlerinde selpedi ýördi, gussa ýugrulan aýdymlary aýtdy we lowlap ýanýan ýüregi bilen ýitirilen bagtynyň ýasyny tutdy.
Güýzde Anaitiň tokaý sakçysynyň ogluna durmuşa çykýandygyny bilip galdyk.
Toý güni Simon bir ýerlerik gürüm-jürüm boldy. Men ony köp wagtlap gözledim we ahyrsoňy agşamaralar «Iki buthanaly jülgede» tapdym.
Simon ýeri örten sary ýapraklaryň üstünde ýüzin ýatyşyna hünübirýan aglaýardy. Ol şeýlebir gözýaş dökýärdi welin, ylla ýüregi ýarylyp barýana çalym edýärdi…
Şeýdibem dostum Simonyň söýgüsi gussaly tamamlandy.
Şonda men: «Simon aýynyň çagasyny öldürmedik bolanlygynda, belkem, ähli zat başgaça bolardy» diýip oýlandym. Her nähili bolanda-da, ol, barybir, söýgüsine ýetip bilmezdi. Şol wagtky düzgünler baýlaryň bähbidinedi, ähli kanunlar olar üçin ýazylan ýalydy.
Birnäçe wagtdan soň Simon partizançylara goşulyp, garyplaryň bagty ugrundaky söweşe gatnaşdy. Men onuň dolanyp gelerine kän wagtlap garaşdym.
Ýöne, barybir, Simon öýlenmedi, maşgala gurmady.
Anait daýzamyň bolsa eýýäm agtyklary bardy, ýöne onuň daýzasynyň aýtmagyna görä, Anait henizem Simony unudanokmyş.
Simonam oňa öňki ýaly wepalymyş, Anait ony her güýzde «Iki buthanaly jülgede» görýärmişin. Ol ýüzüni ýapyp, ýere gaçan tylla ýapraklaryň goýnunda özüniň köýen söýgüsiniň agysyny aglaýarmyşyn…
Men indi şäherde ýaşaýaryn, ýöne ýüregim häzirem «Iki buthanaly jülgede». Käteler oba barýan we Simon bilen öňki selpäp gezen ýerlerimize aýlanýaryn. Her gezegem «Iki buthanaly jülgede» düşlänimizde çopançylyk eden günlerimizi ýatlaýaryn we öz ýanymdan: «Gör, nähili döwür bolupdy! Seret, hemme zat özgeripdir, neneň täsin özgeripdir!..» diýip pyşyrdaýaryn.