| |

Elli ýaşda Tolstoýyñ durmuş ahwalaty dogrusynda oýlanmalary

Elli ýaşda Tolstoýyñ durmuş ahwalaty dogrusynda oýlanmalary ELLI ÝAŞDA TOLSTOÝYŇ DURMUŞ AHWALATY DOGRUSYNDA OÝLANMALARY

Elli ýaşda Tolstoýyñ durmuş ahwalaty dogrusynda oýlanmalary

Ömür hakda oýlanypdyr Tolstoý,
Meňzedipdir bu dünýäni aždarha.
Ömri kertýän gije bilen gündizi,
Meňzedipdir gara hem ak syçana.
Ezraýyldan gorkup Gorkut ata deý,
Gaçmandyr dünýäň
O çetinden bu çetine.
Oňa derek gözläpdir ol durmuşy,
Tapyp, diýipdir ol: “Hakykat – ajal!”
Ugur-utga tapman sümme tokaýda
Azaşan adama deňäpdir özün.
Eýe bolsa-da ol uly şöhrata,
Abraýa, ada,
Ýaşamagy neçün ýokuş görüpdir.
Düşünmändir diýseň gülkünç bolardy.
Durmuşa düşünip,
Gözläpdir ýol elewräp.
Men diýen ýaşynda,
Ymtylypdyr ajala.
Bu hakykat!
Bu hakda onuň özünden okap,
Bolupdym berbat…

03.12.2021. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle