Elden giden bagt (Hekaýa)

Elden giden bagt (Hekaýa)

Ra­do­ýe Do­ma­no­wiç,
serb ýa­zy­jy­sy

Kyrk ýyl mundan öň (gürrüňi edilýän wagtlary ol on ýaşlaryndady), Tomanyň kakasydyr ejesi ogullarynyň hünär öwrenmegi üçin şähere ugratmaga taýynlanýardylar. Bu garyp maşgala şäherýaka obalarynyň birinde ýaşaýardy.

Gitmeziniň öňki agşamy ejesi ogly üçin tiken goşhaltasyna satyn alan ýa-da onuň-munuň üsti bilen görgi baryny görüp tapan goşlaryny aladadyr söýgi bilen salyşdyrýardy. Goşhaltada iki sany köýnek, keşdelenen jorap, täze guşak we galyň ýorgan bardy. Mundan başga-da, ejesi yrym edip, goşhalta demir şaýy sanjylan alma bilen birnäçe gaýnadylan ýumurtga saldy (bular olaryň öýünde tapylan barja zatlar bolmagam ahmal).

Adatça, olar agşamlaryna çörekdir sogan iýip oňňut ederdiler, ýöne bu gün ejesi bir ýerlerden birazajyk peýnirem tapypdy.

Ogullaryny naharlajak bolup, kakasydyr ejesi peýnirden datmadylar diýen ýalydy, ýöne ogullarynyň bokurdagyndan zat ötmese näme.

— Seret, ýasap beren tüpeňiňi Sima nirä zyňypdyr! — diýip, kakasy tüpeňe meňzedibräk gyrdalan taýagy ýerden galdyrdy.

Toma uklap ýatan jigisine seredende, näme üçindir, kalbynda öňküsindenem beter tukatlyk duýdy. Sima entek üçem ýaşamandy.

— Hany, gözüňe ýaş aýlap, işdäňi kesip oturma-da, naharyňy iý! — diýip, oglunyň gözlerindäki balkyldaýan ýaşa gözi düşen ejesi göwünlik berdi, emma özem beýlesine öwrülip, bildirmän gözýaşyny syldy.

Toma jigisiniň ýanynda gyşaryp, ony gujaklady, emma gussaly pikirleriň derdinden ep-esli wagtlap uklap bilmedi. Ahyry ýüzüni-gözüni suw-sil edip, uka gitdi.

Kiçijik külbäniň ortarasyndaky ojakda ot körügip durdy. Ondan gelýän sähelçe ýagty Tomanyň ene-atasynyň aladaly ýüzüni ýagtyldýardy. Olar töňňäniň üstünde oturyşlaryna assa gürleşip, aram-aram düşekde gujaklaşyp ýatan çagalaryna seredişýärdiler. Tomany şähere kakasy ugratmaly diýen karara gelip, olar ýatmak bilen boldular.

Daşarda şemal turupdy. Ol sähel güýçlense, bu garypja külbäni düňderäýerli görünýärdi. Älem-jahan ýatyrdy, diňe enäniň gözüne uky gelenokdy. Ol oglunyň üstüne eglip, ony ogşady, gözýaşlary bilen ýüzüni ezdi. Ol oglundan näler aýrylyşasy gelmese-de, bu ýagdaýdan hoşaldy, sebäbi oglunyň bagtly boljagyna umyt edýärdi… Ogly bagtly bolsa bolýar, bu aladalar nämejik…

Jahan ýagtylyp, Gün gyzdyryp ugrady. Toma ýola düşmäge taýynlanyp, egni goşhaltaly öýleriniň öňünde durdy. Ejesi öwüt berip durşuna hamsygyp, oglunyň egin-eşigini düzedýärdi. Kakasy bir çetde Tomanyň goşlaryny egninde götermek üçin agajyň gabygyny arassalaýardy, kiçijik Sima bolsa eli bir döwüm çörekli bosagada otyrdy. Ol elindäki çöregi çokdurmazlyk üçin dumly-duşdan gelen towuklardan goranjak bolýardy. Ine-de, towuklaryň biri onuň elinden çokdy. Sima aglap, elindäki çöregi gaçyrandan, ony başga bir towuk kakyp aldy-da, gaçyp gitdi…

Toma kakasy bilen ýola düşdi. Ol birnäçe gezek yzyna öwrülip, ýaşa dolan gözlerini jigisi Sima dikdi. Ejesi hem ýarym-ýaş aglap, gözden ýitýänçäler yzlaryndan garady durdy.

— Näme işleýäň, ýeňňe? — diýip, goňşy aýallaryň biri sorady.

— Hana, Tomany şähere hünär öwrenmäge ugradýan… — diýip, ol jogap berdi-de, gözleriniň ýaşyny süpürdi. Birdenem kalby guwançdan dolan ýaly özünde ýeňillik duýdy. Häzir onuň hyýalynda oglunyň geljegi barada, gör, nähili pikirler janlanýarka?!

Şähere baranlaryndan, kakasy Tomany şol döwrüň iň uly söwdagäri bolan Slawka baýyň dükanyna eltdi. Olar: «Toma üç ýyl şägirt bolandan soň, satyjylyk derejesini bermeli» diýip, ylalaşyga geldiler.

Şondan soň hojaýyny bilen kakasy Toma gezekli-gezegine öwüt baryny berdi. Soň kakasy ony bir çete alyp çykdy-da, öýden gaýdanyna gynanmazlygy, goşlaryna häzir bolmagy, eger durmuşda bagtly bolmak, üstünlik gazanmak isleýän bolsa, ähli kynçylyklara döz gelip, sabyr-takady elden bermezligi ündedi. Soňra kakasy Tomadyr hojaýyny bilen hoşlaşdy-da, başyny aşak salyp, agyr oýlaryň içinde köçe bilen haýaljak ýöräp ugrady.

Toma ýarym-ýaş halda uzak wagtlap onuň yzyndan garady durdy.

Şeýdip Toma şäherimize gelip, Slawka baýda şägirt bolup galdy. Ilkinji günler käýelip ýaňsylananyny, hiç bir sebäpsiz üstünden gülünenini hasaba alsaň, onda täze ýerde oňa näderejede kyn düşendigini göz öňüne getirmek kyn bolmasa gerek… Oňa guýynyň nirededigini salgy berip, eline küýze tutdurdylar-da, suw getirmegi tabşyrdylar. Ýolda Toma ýygy-ýygydan saklandy: çaýhanadaky ýazgylar, tamdyrdan ýaňyja bişen gyzgynja çöregi çykarýan çörekçi, asmana batbörek goýberýän çagalar — bar zat onuň üçin gyzyklydy. Olaryň hersiniň ýanynda biygtyýar saklanan Toma wagtyň nädip geçeninem bilmän galdy. Hojaýyny gijä galany üçin käýedi. Soň dükançylar ýaňsa alyp, üstünden güldüler. Toma uzakly gije ynjalyp bilmedi. Öýlerini, jigisini, kakasyny, ejesini ýatlap aglady. Ejesi biçäräniň berip goýberen towugyny dükançylaryň alanyna gahar etdi. Wagty bilen uklamansoň hemem uzak ýolda ýadanlygy sebäpli ertesi giç turdy. Ony satyjylaryň ulularynyň biri gulagyndan çekip düşeginden çykardy. Näme iş etmelidigini bilmek üçin hojaýynynyň aýalynyň ýanyna baranynda bolsa, ol agzyna gelenini diýip käýindi.

Başy şeýle bolansoň üç ýylyň dowamynda oňa nämelere döz gelmeli bolandygyny göz öňüne getiriberiň. Hernä ol täze şertlere derrew öwrenişdi, uýgunlaşdy. Öz ýanyndan şeýle-de bolmaly diýen netijä geldi. Günlerde bir gün dükançy boljakdygyny, beýlekilere buýruk berjekdigini ýatlap, öz-özüni köşeşdirdi. Şeýle pikirleri kellesinde aýlap, ol mertlik bilen ähli kynçylyklara döz geldi hemem ahyry arzyly güne ýetip, özi bilen öwrenişen, ysnyşan, ony «sag eli» hasaplaýan hojaýynyňkyda galdy. Ol söwdalaşmaga ussatlaşypdy, nirede eglişik edip, arzan bermelidigini bilýärdi. Slawka baý ony öwüp, soňuna çykyp bilmedi, wagty gelende ondan hakyky söwdagäriň çykjakdygyny otursa-tursa gaýtalady ýördi. Ene-atasy ýygy-ýygydan ondan habar alardylar. Şägirt wagty olam höwes bilen öýlerine giderdi. Jigisine nabatdyr süýji, ejesine çörek, kakasyna bolsa gerek zadyny getirip bererdi. Ýöne soň kem-kemden gelmesini azaltdy, ene-atasyna bolan garaýşyna sowuklyk aralaşdy. Ol bütin süňňi bilen işine berildi, diňe şonuň pikiri bilen ýaşady. Geljekki bagtly durmuşyny ýeke-täk, esasy ýol hasap edensoň, ony durmuşda diňe baýamaga bolan höwes gyzyklandyrdy.

Toma Slawka baýyňkyda bäş ýyl işläp, segsen dükat ( Dükat — pul birligi.) ýygnady. Bir günem ol hojaýynynyň ýanyna bardy-da, ondan gidýändigini, özbaşdak işe başlamak isleýändigini aýtdy. Tomadan aýrylyşasy gelmedik hojaýyn oňa öz gapdalyndan şärikligine ýene bir dükan açmaklygy teklip etdi. Toma razylaşdy.

Täze dükanda Toma hem özi üçin, hemem Slawka baý üçin işledi, hemem gün-günden baýlygyny artdyrmak bilen boldy. Ol köpräk pul gazanmak üçin hiç zatdan gaýtman, hatda özünem kän zatlardan mahrum etdi.

Bu dükanda Toma birnäçe ýyl işledi, söwda örän şüweleňli boldy. Günlerde bir gün Tomanyň kakasy ýogaldy. Hiç hili kömek bermek islemänsoň, ol ejesidir jigisi bilenem görüşmedi. Onuň beýle adam bolup ýetişmegine özi günäkärmi ýa-da durmuşyň täsir eden ýeňil bolmadyk şertlerimi — kim bilýär?

Toma gaty pukara ýaşaýardy, ýöne beýle durmuşa uýgunlaşypdy. Ol dükanyň içindäki kiçijik, garaňky otagda bolup, içi harytly iki sany ullakan sandygyň üstünde goýlan agaçlarda ýatardy. Agaçlara saman düşelip, oňa uly bolmadyk kendir ýazylgydy, ol onuň hemme ýerine ýetenokdy. Ýassyklarynyň daşy çit matadan bolup, onuň başky reňkiniň nähilidiginem biler ýaly däldi. Ýorgany bolsa ýüňdendi. Ine, Toma şeýleräk düşekde ýatyp turýardy. Otagda stol hökmünde ulanylýan ýene bir sandyk durdy. Onuň üstünde galyndylar — çörek owuntyklary, içi çägeli jaýryk atan bulgurda garyn ýagyndan edilen şem bardy. Beýleki burçda şägirdi ýatar ýaly, nämedendigi belli bolmadyk esgi bölekleri bardy. Gurum baglap giden, kakylan çüýlerden ýaňa eleme-deşik bolan diwarda sary çarçuwaly ýüz görülýän aýna we owadan süýji gaplardan gyrkylyp alnan birnäçe surat asylgydy. Onsuzam hapalanan polda suwuň, nepýagyň, ösümlik ýagynyň tegmilleri bardy. Tamyň burçlary tozap, kerep baglap gidendi. Ýapyk penjirelerden zordan geçýän ýagtylyk içerini çalaja ýagtyldýardy. Stol ýerine ulanylýan sandygyň üstündäki iýlen zatlaryň galyndylary — hapa gap-çanaklar, gatap giden çörek bölekleri otagyň içinde iki ýana ýelk ýasaýan syçanlar üçin ýörite goýlan ýalydy.

Toma uzakly gün dükanynda oturardy ýa-da öz işleri barada pikir edip ellerini owkalardy-da, gapyň agzynda iki ýana gezmelärdi. Dynç günleri Slawka baýyň öýünde günortanlyk edinip, uzak wagtlap onuň bilen dürli zatlaryň gürrüňini ederdi. Slawka baý gürrüň arasynda Toma öýlenmäge çen bolandygyny ýaňzydardy. Onuň aýaly bolsa: «Toma durmuşa çykjak gyz tapylsa gowy bolardy» diýip, adamsynyň sözüniň üstüni ýetirerdi.

— Men arada joram Ýekilerde boldum — diýip, ol sözüni dowam etdi. — Onsoň gürrüňimiz birden Toma syrykdy. Men: «Gözümiziň öňünde ulalansoň oglum ýaly görýän. Meniň üçin Toma-da bir, gyzym Ýelka-da» diýdim.

Toma utanjyna ýylgyryp, eli bilen derçigen maňlaýyny syldy. Belki, onuň ýadyna kiçijik Ýelkany göterip ýören wagtlary, ol her gezek aglanda bolsa, ine, şu öňünde oturan hojaýyn aýaldan käýinç eşidip, ýeňsesine şarpyk çalnany ýadyna düşendir?

Ýelka eýýäm on ýedi ýaşyndady hemem häzir stoluň başynda otyrdy. Ol özi barada gürrüň açylandan dym-gyzyl bolup, özüne bir zatlar berilmezmikä diýip töwerekden aýrylman, oturanlaryň her bir hereketini synlap oturan itiň öňüne süňkjagaz oklan boldy…

Şol wagtlar eýýäm oňa-da Toma baý diýip ýüzlenýärdiler. Ony pul gazanmagy başarýan, başarjaň adam hasaplaýardylar. Slawka baý oňa gyzyny beresi gelýärdi. Niýetini bilmek üçin birnäçe gezek onuň ýanyna bu mesele barada adamam iberipdi. Gürrüň arasynda olar bilmediksirän bolup: «Gyz razy bolup, Slawka-da ony saňa beräýse, gör, nähili gowy bolardy» diýen bolýardylar.

Ýöne, näme, adamlar hil-hil bolýar, olaryň içinde — kimsi içigaralykdan, kimsi bolsa öz şahsy hasapjagazy sebäpli — bu işiň arasyna düşenlerem tapyldy. Onuň Ýelka öýlenäýse, samsyklyk etjekdigini, asla Slawka baý bilen şärikdeş bolup, gaty uly ýalňyşlyk goýberendigini aýdýardylar. «Şepe, sen näme başga biriniň aladasyny edip, bar gazanjyňy kesekiniň öýüne daşap ýörsüň? Indi saňa özbaşyňa öýli bolup, öz aladaňy etmäge wagt boldy» diýýärdiler. Olar bu gürrüňleri diňe Toma bilen ikiçäk galan wagtlary ederdiler, hatda şägirdinem otagdan çykarardylar.

Wagtal-wagtal öýlenmek we şoňa meňzeş pikirler ony garbap alyp, düýrmegi bilen öz girdabyna oklardy. Şonda ol näme etmelidigini, haýsy tarapa gitmelidigini bilmän gije-gündiz kelle döwerdi.

Bir gün agşamara Toma sekiň üstünde oturyp, alnan haryt üçin näçe pul bermelidigini, täzesini almak üçin näçeräk gerekdiginiň hasabyny edip otyrdy. Ol oýa batdy, pullary öňünde üýşüp durdy. Toma haýsydyr bir kagyzy dörüşdirdi. Onuň gözleri birgeňsi ýanyp gitdi, ýüzi bir çytylyp, bir-de ýazyldy, birdenem başyny silkeläp goýberdi. Bulgurdaky şem eşidiler-eşidilmez şytyrdaýardy, sandygyň aňyrsyndaky syçanlar hysyrdaşyp jygyldaşýardylar. Buýr-bulaşyk saçly şägirdi bolsa özüňden ulularyň ýanynda nähili durmalydygy öwredilişi ýaly, papagyny eline alyp dik durdy.

Soňky günler pikirleri Tomany gününe goýanokdy. Ol käwagtlar öýlenmek barada aýgytly pikire gelýärdi. Şeýtse, diňe ýarpy paý däl, ähli zat onuňky boljakdy, üstesine, bergisinem bermesiz boljakdy.

Häzir onuň öňünde ep-esli pul — altyndyr kümüş ýatyrdy… Tomanyň nazary olarda eglendi. Ýüzi gyzaryp, gaşlary gerildi, gözleri birgeňsi ýyldyrady. Buýr-bulaşyk pikirleriň biriniň soňuna ýetmänkä beýlekisi gelip, ony öz ugruna alyp gitdi. Geçmişindäki ýatlamalar ýekän-ýekän göz öňünde janlandy. Öwrenjekä barlag üçin dadymlyga şerbet getiren daýhana mytarasyny ýadyndan çykarandygyny aýdany üçin, Slawka baýyň özüni urandygyny ýatlady. Oý-pikirleri ony kä geçmişe dolasa, käte geljege alyp gidýärdi. Birdenem olar şeýlebir garym-gatym bolýardylar welin, baş alyp çykar ýaly bolanokdy. Kem-kemden ýagty geljek baradaky hyýallar olaryň baryny gysyp çykardy, Tomanyň ýüzi ýagtylyp, özünden göwnühoş halda ýylgyrdy. Ýöne sähel salymdan ýüzi çytylyp, ýene-de bulam-bujar pikirlere özüni berdi.

…Onuň maňlaýyndan burçak-burçak der akdy, süňňünde argynlyk duýup, eli bilen derini syldy. Bir burçda barlygyny ýadyndan çykaran şägirdi gozganjyrady. Toma gorkusyna tisginip gitdi-de, oňa seredip:

— Güm bol, güm bol şu ýerden! — diýip, gazapdan ýaňa dym-gyzyl bolup gygyrdy.

Şägirt otagdan atylyp çykdy. Tomanyň ýeke özi galdy, ýöne ep-esli wagtlap bir zatdan ätiýaç edýän ýaly, şygyrdy gelen tarapa ýaltaklady oturdy.

Ol uzak gijäni çirim etmän geçirdi.

Birnäçe günden şäherde Toma bilen Slawkanyň dükanynyň talanandygy barada gürrüň ýaýrady. Bu waka her kim özüçe baha berdi. Biri Toma nebsi agyryp duýgudaşlyk bildirse, käbirleri bu işde onuň öz eliniň bardygyny aýtdy. Tomany kazyýet jogapkärçiligine çekdiler. Slawka onuň tussag edilmegini talap etdi, ýöne bu işde Tomanyň günäsiniň bardygy subut edilmedi.

Öýlenmek baradaky gürrüňler galdy. Aradan kän wagt geçmändi, Toma obalara aýlanyp, daýhanlardan rakiýa ( Rakiýa — şerbet içgisi.) alyp satyp ugrady. Ýadawlygy ýatdan çykaryp, gijesini gündiz edip işledi. Süýthorlyk bilen meşgullandy. Karzyna on dükat berip, ýigrimi edip yzyna aldy. Ýyllyk göterimini ýigrimi dört göterim belledi. Köpler onuň täze dilhaty alyp, başkysyny yzyna gaýtaryp bermeýändigi üçin zeýrendiler.

Tomanyň ejesi dünýäsini täzeledi. Inisi öýlenip, ene-atasynyň öýünde ýaşaýardy. Onuň bar baýlygy öýleriniň gapdalyndaky bahasy kyrk dükat töweregi bolan ýerden ybaratdy.

Garaşylman durka Toma inisiniňkä myhmançylyga geldi. Inisi begenip, agasyny garşy aldy. Olar könäni ýatlap, ýanyp duran ojagyň başynda oturdylar. Tomanyň göwnüne, şol şähere gitjek gününiň öňýany jigisi bilen gujaklaşyp ýatan ýaly, ejesem olaryň üstüne eglip, gözlerinden ýaş döküp duran ýalydy.

Gep arasynda Toma kakasyndan galan emläkden özüne degişli paýy almakçydygyny aýtdy.

Tomanyň söwda edip ugrandygyny, işiniňem ugrunadygyny eşidende, ejesiniň begenjine aglandygy Simanyň ýadyndady. Ol şonda agasynyň bolelin durmuşynyň bardygyna, indi ejesine, belki-de, inisine kömek edip biljekdigine begenip, gözüne ýaş aýlapdy. Häzir bolsa onuň ýüregi darygyp gitdi, gözleriniň öňi ümezledi. Ol düşen ýagdaýyny bildirmejek bolup dymdy. Aýaly miras paýlanyşygy barada eşidende, duran ýerinde doňup galdy. Gaýynagasyna hormat edip, hödür etmekçi bolan almalaryny tas elinden gaçyrypdy. Häzir bularyň öýünde myhmana hödür eder ýaly şondan başga zat ýokdy.

Toma öz paýyna düşýän ýeri satdy, sebäbi pullaryny köpeltmek üçin serişde gerekdi. Şoňa bolan isleg inisine bolan söýgüden güýçli çykdy.

Toma birnäçe gezek öýli-işikli bolmak mümkinçiligi döredi, emma öýlenmedi, has amatly günlere garaşdy. Amatly wagt gelende bolsa, baý gelinligiň gabat gelerine garaşdy.

Onda indi diňe bir maksat bardy — baýamakdy. Boldugyndan köpräk pul jemläp, bagtly durmuşda ýaşamakdy.

— Eger altynyň bar bolsa, ähli zadyň bar, eger altynyň ýok bolsa, hiç zadyň ýok — diýip, ol gaýtalamagy halardy.

Ol obama-oba aýlanyp, algylaryny ýygnady. Eger ugruna bolsa, şol bir adamdan birnäçe gezek talap etdi. Bergidarlaryna jinnek ýalyjagam nebsi agyrmady…

Ol nijeme gijesini «nädip baýap borka» diýip, ukusyz geçirse, nijeme gününi agyr zähmetde geçirdi. Ähli zatda tygşytlap, görgi ýamanyny gördi. Agşamlaryna gapysyny ýapyp ýeke özi galanda bolsa, gyzyllaryny bir ýere, kümüşlerini bir ýere dökerdi-de, ýekeme-ýeke sanap, gün-günden baýlygynyň artýandygy üçin ähli çekýän jepalaryny ýadyndan çykarardy.

Şeýdip Toma tüçjar baýa öwrüldi.

Şeýlelikde, Tomanyň arzuwy hasyl boldy. Ençeme garyp maşgala onuň mülkünde işläp, nijeme adam oňa degişli öýlerde ýaşaýardy, hususy bug degirmeni bardy, pullary bolsa şeýlebir kändi welin, töwereginde onuň bilen bäsleşip biljek ýekeje-de adam ýokdy. Gepiň gysgasy, onuň islän zady bardy, beýle döwlete bolsa ol tygşytlylyk, ýadawsyz zähmet arkaly ýetipdi. Ol özüniň iň gowy jaýlarynyň biriniň ýokarky gatynda ýaşaýardy. Eýwandan syn edeňde derýanyň we töwerekdäki depeleriň ajaýyp görnüşi ýaýlyp ýatyrdy. Toma baýy häli-şindi eýwanda görmek bolýardy, ýöne hiç kim onuň tebigatyň gözelliginden lezzet alyp duranyny görenokdy. Adatça, ol pikire çümüp, nazaryny bir nokada gönükdirerdi-de, gymmat bahaly tesbisini sanar oturardy. Şol wagt onuň kellesinde nähili oý-pikirleriň bardygyny kim bilýär?!

Ol mülküne ajaýyp atyna münüp aýlanardy: gowy geýnerdi, altyndan sagat dakynardy, barmaklaryny bolsa gymmat bahaly ýüzükler bezärdi. Onda baýlaryň göwnüniň islän zady bardy, ýöne şonda-da bagtyýar görnenokdy, gaty seýrek ýylgyrýardy. Eger ýüzünde ýylgyrma alamatlary peýda bolaýsa, ol begenji däl-de, nägileligi aňladýardy.

Öýünde artykmaç zat ýokdy, ýöne gelşiklije edip bezelendi. Şäherde ony sylaýardylar ýa-da il ýüzüne sylan bolýardylar. Baran ýerinde barly adam hökmünde kabul edýärdiler. Ol iki-üç ýyl obanyň arçynlygyna-da saýlandy. Çaýhanada seýrek görnerdi, ýöne ybadathana welin her hepdäniň dynç güni bilen baýramçylyk günleri hökman barardy.

Soňky günler saglygynyň ugry gaçypdy, lukmanlar oňa ýygy-ýygydan şäherden çykmagy hemem arassa howada köpräk bolmagy maslahat bererdiler.

Bir gün Toma adatdakysy ýaly gezelenç edip ýörkä şäheriň daşyna çykdy. Ol derýanyň kenaryndaky ýodajyk bilen barýardy, Gün aşaklapdy, ümsümligi diňe şaglap akýan derýanyň sesi bilen mekgejöwen ýapraklarynyň enaýy owazy bozýardy. Agyr oýlara batan Toma aýagynyň aşagyna seredip, haýaljak ýöräp barýardy. Birden ybadathananyň jaňynyň gussaly owazy dünýäni sarsdyryp gitdi.

— Bir-ä ölüpdir! — diýip, Toma pyşyrdady hemem ony gorkunç duýgy gurşap aldy. «Ölüm elhenç zat!». Göwnüne bolmasa, mekgejöwen ýapraklarynyň ygşyldysam, derýanyň şaggyldysam şony ýatladýan ýaly boldy. Ol agyr pikirlerden saplanmak üçin geçen ýyl mekgejöwen hasylynyň az bolandygy, şonuň üçinem bahasynyň galandygy barada pikir etdi. Birdenem bir daýhanyň birwagt on esse edip gaýtaran bergisi üçin iki araba mekgejöwen getireni ýadyna düşdi. Daýhanyň şahy döwük gara öküzini göz öňüne getirdi. Daýhan şonda bu öküziniň ýamandygyny, çal öküziniň ýuwaşdygyny, ýöne dagdan aşak düşülende arabany saklap bilmeýändigini aýdypdy. Bu ýatlamalar şeýlebir çalt — göz açyp-ýumasy salymyň içinde onuň aňynda janlanyp gitdi welin, ol diňe: «Ähtimal, şahy döwük gara öküz eýýäm ölen bolsa gerek» diýip, pikir edip ýetişdi.

Ybadathananyň jaňy jaňňyrdaýardy. Tomanyň göwnüne olar gös-göni: «Ölüm elhenç zat, ölüm elhenç zat!..» diýýän ýalydy. Ol bedeninde ysgynsyzlyk duýup, yzyna öwrüldi. Jaňlar entegem urýardy, mekgejöwen ýapraklary ygşyldaýardy, derýa bolsa şaglap, akymynyň ugruna howlukmaçlyk bilen eňip barýardy.

Toma: «Men öläýsem hiç kim aglamaz!» diýip pikir edende, endam-jany saňňyldap gitdi. Ol ene-atasyny, üç ýyl mundan ozal aradan çykan inisini ýatlanda, ýüregi gyýym-gyýym boldy.

Ol ullakan jaýyň deňinden geçip gidende: «Munuň üsti bilen ep-esli pul gazanypdym» diýip, gussa bilen ýatlady. Ol gurluşyga rugsat almak üçin, gör, näçe adamyň ýanyna ylgapdy, ejir baryny çekipdi. Häzir onuň üçin bu zatlar gülkünç ýaly göründi…

Ol agşam düşekde ukusyzlykdan ejir çekip ýatyrka: «Elmydama ýekedim, ýalňyzlykda-da ölerin» diýip pikir etdi. Şemdandaky şem öçäýjek-öçäýjek bolup, iň soňky deminde ýanýardy, onuň bolsa gözüne uky gelenokdy. Ol agyr pikirlerden ýadap, şemiň alawyny synlamaga durdy, onuň eşidiler-eşidilmez şytyrdysyny diňledi: alaw birden güýçlenýärdi, birdenem öçügsilenip, ysgynsyzja mawy yşygy zordan göze ilýärdi. Ýaşaýyş üçin soňky güýjünde göreşýän ot birden güýçlenýärdi-de, şemiň üstünde sähel wagt oýun edip, dessine-de ysgyndan gaçýardy, öçügsilenip gussaly ýanýardy. Ine, ol ýene ysgynsyz şytyrdady-da, birden ýitelip, howada gaýyp boldy. Diňe inçejik, haýaljakdan ýokary galýan insizje tüsse äpişgeden düşýän Aýyň ýagtysyna aýdyň görünýärdi. Toma bu ownujak hadysalara geň galdy, basmarlaýan gussaly pikirlerden ýaňa başy aýlanyp ugrady.

Ol gaty az ýatdy, daňa golaý uka gidenem bolsa eýýäm ir säher aýak üstündedi.

Gün asmana galyp ugrady. Günüň dogşunyň gözelligi kimi biparh goýup biler?! Bular ýaly pursatlar adam ähli ýaramaz pikirlerinden saplanyp, gowulyga tarap ymtylýar. Asmana göterilesi, guşlaryň saýraşýan, ýapraklaryň ygşyldaşýan owazy astynda meýdan gülleriniň bark urýan hoşboý ysyny alasy, umuman, ruhuny ajaýyp tebigatyň goýnuna siňip gitmek ýaly belent, ylahy pikirler gurşap aldy. Gündizine adamyň başynda ownuk-uşak aladalar bolup, kalbynyň şahyrana perdeleri dymmak bilen bolýar.

Şol gün irden Tomany täsin duýgular gaplap aldy. Emma onuň bu ýagdaýyna sebäp bolan dogup barýan Gün däldi. Ol bir zatlar görkezme bermek üçin hyzmatkärlerinem çagyrmady, ähli zadynyň ýerbe-ýerdigini barlamak üçin hojalygyna-da aýlanmady…

Jaýyň aşaky gatlarynyň birinde kireýne etrap mürzesi ýaşaýardy. Gapdaldaky goşmaça salnan jaýda bolsa bir garyp deri eýleýji aýalydyr çülpe çagasy bilen ýaşaýardy. Toma goşmaça jaýyň gapysynyň açylyp, deri eýleýjiniň hiňlenjiräp çykanyny gördi, çagalaryň sesleri eşidildi. Deri eýleýjiniň iki ýaşlyja gyzy bosagadan emedekläp geçdi-de, seresaplyk bilen aýak üstüne galdy, bir enaýyja sesi bilen bir zatlar wüjürdäp, kakasyna tarap gorkuly, ynamsyz ädimleri ätdi. Onuň mymyjak, aksowult saçjagazy Günüň ýagtysyna öwşün atyp, perişdejigi ýadyňa salýardy.

— Hany, ýanyma gel, Zorenkam — diýip, kakasy ony gujak açyp garşylady. Gyzjagaz golaýlaşdy, kakasy ony garbap aldy-da, maňlaýyndan ogşady. Howlyň içi bilen pişik ylgap barýardy. Oňa gözi düşen gyzjagaz begençli wüjürdäp, pişige tarap eljagazyny uzatdy. Kakasy gyzjagazy ýere goýberdi. Gyzjagaz gollaryny galgadyp, pişigi tutmaga ugrady. Onuň öňünden ejesi çykdy. Bagtyýar ene-ata guwanç bilen çagalarynyň hereketini synlap durdular.

— Ah, meniň eýjejigim! — diýip, ejesi pişigiň gaçyp gidenine nägile bolup aglan gyzjagazyny eline aldy.

«Ýaşaýan otaglarynyň tölegini wagtynda berip bilenoklar, şeýle-de bolsa, özlerini bagtyýar duýýarlar. Ynha, meniň welin hiç kimim ýok!» diýip, Toma pikir edende ýüreginden daş asylan ýaly boldy…

Şol wagt ol çep pilçesiniň astynda köp wagtdan bäri ejir berýän agyryny duýdy. Onuň yzasyny azaltmak üçin ol egnini eýläk-beýläk hereketlendirip ugrady.

Mawy asmandaky Gün ep-esli ýokary galypdy. Derýa ýaşyl deräniň ugry bilen Gün şöhlesine öwşün atyp, egrem-bugram bolup akyp ýatyrdy. Toma howlusyna göz aýlady… Aram öwüsýän şemal akasiýanyň şahalaryny yrgyldadyp, ýapraklaryny oýnaýardy. Ol sähel güýçlendigi saralan ýapraklar tänip, ýuwaşlyk bilen ýere gaçýardy. Deri eýleýjiniň üç-dört sany towugy tozanyň içinde gyrmyldaşyp ýördi. Kiçijik Perisa elindäki agaç bilen ekiniň daşyna aýlanan haýady kakýardy. Deri eýleýji suw alýarka guýynyň çarhy endigan jygyldaýardy. Onuň aýagynyň ýanyndaky çagajyk ýarym-ýaş aglap durşuna guýynyň çarhyny tutmak isläp, eljagazyny oňa tarap uzadýardy.

Tomany garjaşyk pikirler gurşap aldy. Ol ternawa daňlan, bir ujy şemala galgaýan al reňkli ýüpden gözüni aýryp bilmän durdy. Soň onuň nazary towuklarda, akasiýanyň ýere gaçýan ýapraklarynda eglendi. Birnäçe gezek aşhananyň ýanynda agdarylgy ýatan gök jama seretdi. Ol hemme zady görýärdi, hiç zat onuň synçy nazaryndan sypyp bilenokdy, emma pikirleri welin, alys geçmişde azaşyp ýördi…

Kellesiniň agyrýandygyny aýdanda ejesiniň mähir bilen sypandygy onuň ýadyndady. Şonda ejesi: «Häzir ogşaryn welin, agyryň zym uçan ýaly bolar!» diýipdi. Bu ýatlamadan soň Toma özüni öňküsindenem erbet duýdy. Ol häzir älem-jahanda ýalňyzdy, oňa nebsi agyrjak ýekeje adamam ýokdy. Ol häzir ejesiniň ýekeje posasy üçin ähli baýlygyny bermegem mümkindi. Eger wagtynda öýlenip, çagaly-çugaly adam bolan bolsa, ol häzir nähili bolardy?.. Bu pikirler ony uzaklara alyp gitdi…

— Häzir bol, ýykylaýma! — diýip, deri eýleýji agajyň üstüne dyrmaşan ogullarynyň birine duýdurdy.

Toma agajyň üstüne çykan oglanjyga seredip, oňa çyny bilen gözi gitdi.

Çagajygyň kakasy bar, kakasynyň bolsa çagasy, onuň welin hiç kimi ýok. Onuň ýadyna Ýelka we öýlenmegi teklip edilen beýleki gyzlar düşdi…

Akasiýalar ygşyldaşyp, ýene guran ýapraklar ýere gaçyp ugrady. «Ähli zat geçdi, indi bu barada pikir etmegiň zerurlygy ýok» diýen pikir ony gazap atyna atardy. Ol ähli kişä gözügidijilikdir ýigrenç bilen garady. Sebäp tapylmasa-da, deri eýleýjini hem halaman ugrady.

Pilçäniň astyndaky agyry artyp, gussa, ýigrenç, göriplik duýgulary ýüregini gysyp-gowrup barýardy.

Kiçijik Perisa agajy bilen entegem haýady kakyp durdy. Muňa Tomanyň gahary gelip, dişiniň arasyndan syzdyryp hüňürdedi:

— Çagalar galmagal edýär, ähli zady zaýalaýarlar; otag üçin pul tölänoklar, men bolsa entegem bu maşgala sabyr edýän.

Onuň şu mahal öz-özüne-de gahary gelýärdi.

Toma haýallyk bilen ýerinden turdy, tesbisi bilen hasasyny alyp, aşak düşdi. Hemişekisi ýaly agyr oý-pikirlerden ýaňa ýüzi tutuk, başy salyk halda howlynyň içine birnäçe gezek aýlandy. Soň özüne iki gezek dagy baş egen deri eýleýjiniň ýanyna bardy-da, onuň bilen gürrüňiniň bardygyny aýtdy.

— Siziň kän garaşanyňyzy bilýän — diýip, deri eýleýji gorkuly sesi bilen gürrüňe başlady. — Düşüniň… meň harydym bar, alyjylara garaşýan… Çykdajymyň kändigini özüňiz görýäňiz… çagalarym bar…

«Çagalar» sözi Tomanyň gulagyna ýakmady, onuň deri eýleýjä gözi gitdi, ýüzi gyzaryp, nazary ýiteldi, ýöne ýene pilçäniň astyndaky agyry özüniň bardygyny duýdurdy. Ol bir zatlar diýjek boldy, ýöne başarmady.

— Men bir garyp adam — diýip, deri eýleýji sözüni dowam etdi. — Bu çülpe çagalar bilen nirä gideýin?

— Mundan artyk garaşmaga ýagdaýym ýok! Şu günüň özünde meniň bilen hasaplaşyň — diýip, Toma aýagynyň aşagyna seredip durşuna tutuk sesi bilen aýtdy.

— Alladan gorkuň, hojaýyn… — diýip, deri eýleýjiniň aýaly gürrüňe goşuljak boldy, ýöne bokurdagy dolup, sözüni soňlap bilmedi.

Tomanyň endam-jany sandyrap, dodaklary gögerdi, gözleri wagşy haýwanyňky ýaly uçganaklady. Ol guduzlana dönüp gygyrdy:

— Men diş-dyrnak bolup ýygnan baýlygymy tozdurmaryn! Bu zatlary der döküp gazandym.

Ol birden özüni ýadaw, keýpsiz duýdy, onsoň göwnüni açmak üçin degirmenine tarap ugrady.

— Hojaýyn gelýär! Hojaýyn gelýär! — diýip, pukara daýhanlar özara pyşyrdaşýardylar.

Olaryň biri onuň barmaklaryndaky gymmat baha ýüzükleri, jübüsinden sallanyp duran uzyn zynjyrly altyn sagady görüp:

— Ah, gör, nähili bagty çüwen adam! Mende-de şoňky ýaly baýlyk bolan bolsa, gaýgy-aladasyz heziller edip ýaşardym! — diýdi.

Toma agyr oýlara batyp, ýuwaşlyk bilen gidip barýardy, ähtimal, ol biçäre dogan-garyndaşlaryny ýatlaýandyr. Ol ýyrtyk-ýirik, köne-sana eşikdäki garyp-pukaralary synlap, olaryň gülüp duran ýüzlerine, bagtyýar ýylgyryşlaryna, her bir agyr işi degşip gülşüp ýerine ýetirişlerine bahyllyk bilen seredýärdi.

Deri eýleýji indi Tomanyň öýünde ýaşanokdy. Onuň goşlaryny bergisiniň ýerine alyp satdylar. Indi onuň nirelerde gezip ýörendigini bilýän adam ýok.

Häzir ol ýerde bir ogly hem iki sany gyzy bilen pukara dul aýal ýaşaýar. Ogly gimnaziýada okaýanlygy sebäpli olaryň hemmesi şähere göçüp gelipdiler.

Agşam düşdi… Öýüň öňündäki agaçdan ýasalan oturgyçda gyz doganlar pessaýja ses bilen aýdym aýdýardylar.

Asuda gijeler, gür şahalaň içinde…

Oglan doganlary tüýdükde sazandarlyk edýärdi. Gyzlaryň biri aýdymyň bir setirini ýoýup: «Eşidilýär ýyldyzlaryň galpyldysy…» diýip zowlatdy. Olar muňa çasly gülüşdiler-de, ýene aýdymy dowam etdiler.

Köçede iňlär siňek ýok, gum-guklukdy, diňe agşamlaryna aýlanýan garawulyň agraslyk bilen ädýän aýak sesleri eşidilýärdi. Daş-töweregine kebelekleri üýşürip, bir gyrada egrelip duran çyranyň tutuk yşygy garawulyň egnindäki tüpeňi ýagtyldyp gitdi. Goňşy jaýlardaky tutulary goýberilen penjireleriň aňyrsyndaky öçügsi kölegeler bir görnüp, bir-de ýitip gidýärdi. Käbir açyk äpişgelerden gelýän ýagtylyk köçä düşýärdi. Gönçi Peraň öýüniň gapysy giňden açylyp, egni köýnekli, içki balakly öý eýesi howla çykdy-da, pişikleri kowup ugrady. Onuň geýen şypbygy gaty tagaşyksyzdy, onuň sesi Tomanyň öýüne durman ýetýärdi. Gapdaldaky jaýyň gapysy açylyp, howla Peraň goňşusy çykdy. Olar pişikleriň nähili ýüregedüşgünçdigi, adamy rahat ýatmaga goýmaýandygynyň gürrüňini etdiler. Soňra olaryň aýallary, yzýany bilenem çagalary çykdy-da, gopgun al-asmana galdy.

Soň ümsümlik aralaşdy… Birdenem bu ümsümligi jahyllaryň şadyýan aýdym sesleri bozdy.

Garaňky çatrykda çaýhana dur dumanlap…

Aýdym sesleri uzaklarda ýitip gitdi… Düýpsüz, göm-gök asmanda ýyldyzlar galpyldaşýardy, gara daglaryň aňyrsyndan Aý göründi, ümsümlik aralaşyp, daş-töwerek rahatlanan ýaly boldy.

Tomanyň howlusynyň gapysy şarkyldap açyldy-da, hyzmatkärleriň aýak sesleri eşidildi. Toma: «Agşamlyk getirýärler» diýip oýlandy.

— Ýör, agşamlyk edineli! — diýip, gyzlar oglan doganyny çagyrdylar-da, bökjekleşip, öýlerine howlukdylar.

Öýüň gapysy ýapyldy. Aşhananyň penjiresinden olaryň gaýda-gaýmalaşyk bolýan kölegeleri göründi, şadyýan sesleri eşidildi.

Tomanyň näme barada pikir edýändigini aňmak kyndy. Ol uludan demini alyp, özüne agşamlyk nahary garaşyp duran otaga gitdi. Kim bilýär, ol agşamlygyny bir edindimikä?..

Rusçasyndan terjime eden M. HUDAÝGULYÝEW
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle