|

Ekspromt

Ekspromt EKSPROMT

Çyda!
Sygyn-da çyna,
Bagryňy ez, çyda,
Şygryňy ýaz, çyda,
Çytyl-da, çyda,
Çygyl-da, çyda,
Täzelik däl dünýäň myjabaty-da,
Urşy-da, hyrşy-da…
dönüp gyr-jyna
Geçersiň bu dünýäň içinden senem.
Çyda!
Bolgusyz şahyrlar bolupdyr öňem,
Bolarlar ýenem!

SEN BEÝIK

Sen jedel edýärsiň men beýik diýip,
Misli lälik çaga,
Tekepbir gende.
Herimiz bir ýanna münýäs tereziň:
Seň münen tarapyň galýar belende
Meň münen tarapym gaçýar aşaga,
Dogrudan,
sen menden beýik ekeniň.

ÝARAMAZ ÝAŞ ŞAHYR

Ýaş şahyryň peşeneli suraty,
Gowşak goşgulary gazetde çykdy,
Synlap boşdugyny onuň eserniň,
Synlap onuň suratynyň boşdugyn,
Ol iki boşlukdan millet haýykdy,

Eger men redaktor bolan bolsadym
ÝA suratyn çap ederdim şol ýigdiň,
Ýa-da goşgusyn…

AÝP

Bir mahallar çagasy kän adama
Döwletli diýlerdi.
Indi adata
Öwrüldi başga zat:
Çagam kän diýip
Zeýrenýäs,
ýol alýas,
Aýp, bu aýp!

Bir mahallar garyp bolan adama
Garyp diýseň: gaty dömermiş kalba.
Öwrüldi başga zat indi adata.
Men bir garyp diýip agtarýas dalda.

Bir mahallar ýetim diýseň ýetime
Gyrlyşardy, degilen deý aryna.
Indi men ýetim diýp ýol alyp barýar
Emeldar-da,
ýazyjy-da,
alym-da…

WELI ŞAHYR

«Il beýik!»
«Il beýik!»
Gaýtalaýar ilgezik.
Tapyldy bir weli şahyr,
Ilim, bagtyň çüwdi ahyr
Açdy seniň belentligiň!
…Päh, zaňňaryň talantdygyn!

SERDAR

Mugallym hek bilen ýazýar tagtada:
SERDAR!
Okuwçy çüý bilen ýazýar partada:
SERDAR!
Sapakda,
köçede,
öýde,
pagtada:
Demir SERDAR!
Bürünç SERDAR!
Daş SERDAR!
Serdarlardan ýaňa ýaşara ýer dar.

Aýlanýar bir pynhan pikir aňymda:
Ýigriminji asyrda däl,
ýaşaýas —
Hek eýýamynda,
Bürünç eýýamynda,
Daş eýýamynda…

ÝAŞYRAN ÝAGŞY

Owadan gyz — görmegiňi-görküňi,
Pälwan ýigit — bäs isleýän göwsüňi,
Şahyr ýigit — dyňzap duran talantyň,
Bagtly kişi — bagtyň,
Dana kişi — aklyň
Şikesliň şikesin ýaşyrşy ýaly,
ýaşyran ýagşy.

GOŞGULARYM

Goşgularym,
size ynanýaryn men:
Maňa ynanyň — siz gowy bolmaly,
Sebäp toplumymy okap gazetden
Meni mydam gowy adamlar goldady.

Goşgularym,
size ynanýaryn men,
Dykyn alyp ýatmarsyňyz dükanda.
Bu durmuşdyr: kimdir birin öwerler,
Emma sizi okar olar okanda.

AKYL

Akyl alyň!
Sebäp ony alýan ýok,
Akylhanaň bolaýmasa seriňde
Ony saklap bolanok
Amanat kassanyň depderçesinde.

Alyň!
Sebäp gerek däl ol hiç kime,
Aýlanyp geçýärler onuň deňinden.
Akyl satyp ýören kändir, siz diňe,
Alyň ony satylmaýan ýerinden.

/Ýolda ýatan pully gapjyk däldir ol,
Däldir ýaşlaň şagalaňly agşamy,
Ýeňil ýaşaýyşda derkarmy eýse
Onuň beýnä könemöwrit agramy/.

Akyllam, akmagam almaýar akyl,
Ak bazarda gara şaýy bahasy.
Gerek däl mahaly siz ony alyň.
Sebäp tapdyrmaz ol zerur mahaly.

OGRULYK

Ogrulyga gitdi adam hem eşek.
Eşekmi nä eşekligin etmejek?!
Ogrulygyň gyzan wagty oňardy.
Aňňyrdy-da garawuly oýardy.

Ogrulyga gitdi adam hem eşek.
Eşekmi hemişe eşeklik etjek?!
Adam ogurlykda lal bolar ýaly
Kellesine geýdirdi iýmli torbany. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle