Ekilmeli däne sözler
Ekilmeli däne sözler
Il meni elinde göterip barýar diýip begenme, olaryñ gonamçylyga barýan bolmaklary mümkin.
* * *
Garry köpek oturtma dişiñ arzuwynda, onuñ ýene adam dişläsi gelýär.
* * *
At münen atasyny tanamaz, «Mersedes» münen enesini.
* * *
Onuñ huzuryna baranyñda, ilki telpegiñi, soñam gapjygyñy çykarmaly.
* * *
Ýedi ölçe-de, gaýçyny başlyga ber.
* * *
Iliñ agzy keramat, başlygyñ — möhüri.
* * *
Göreşde atañam bolsa ýyk, emma pensiýasyna degme.
* * *
TÄZE LÄLE:
«Näderin-ä, näderin,
Hossardan dat ederin.
Mal ýaly satyljak däl,
Has gymmadrak giderin.»
* * *
Diliñi dişleriñ añyrsynda saklamagy öwrenýänçäñ dişleriñ dökülip gutarar.
* * *
Pikiriñem hilini gowulandyryp bolýar, ony aýalyñ pikirine sapmaly.
Toplan, düzen: Gurbangylyç HYDYROW. Sözler