|

Ekilen badyna miwe beren hoz agajy

Ekilen badyna miwe beren hoz agajy

EKILEN BADYNA MIWE BEREN HOZ AGAJY

Öňki zamanlarda biziň obamyzda Nazar baba diýen bir goja bolupdyr. Ol adam ýadaman-ýaltanman, güýz, ýaz aýlarynda boz sähra aldygyna miweli agaçlaryň nahallaryny eker ýörer eken.
Günleriň biride Teýmirleň atly zalym şa agyr goşuny bilen  goňşy ýurdy talap, tozdurmaga barýarka, onuň ýoly biziň obamyzyň üstünden düşüpdir. Ol bu obanyň haýsy obadygyny, onuň adamlarynyň näme pişe bilen meşgul bolýandygyny wezirinden sorapdyr.
Wezir hemişe şu obany talamagyň ahmyrynda bolansoň:
– Şahy älem! Bu oba tüçjar baý adamlaryň obasydyr. Olar şalyk gazna-da  paç tölemän, nökerlerimiziň burnundan gan getirýärler. Şu gelşiňe bu obanyň gözüni  gorkuzsaň-a,  kem bolmazdy. – diýip, bu obany, onuň adamlaryny  zalym şa oňaryp ýamanlapdyr.
Onsoň Teýmirleňem biziň baga bürenip oturan Gürhenç atly gözel obamyza gözüni dikipdir.
Ol: «Gel, men şu obanyň içinde ýüz ýyllap baýguşlar ýaýnar ýaly edeýin-le – diýip, müňbaşylaryny  ýanyna çagyrypdyr. Edil şol wagtam onuň gözi garrap galan  goja düşüpdir. Ol Nazar baba eken. Özem hoz agajynyň nahallaryny ekip ýören eken. Agyr goşun saklanypdyr. Patyşa gojany ýanyna çagyrypdyr. Goja bu gaty zalym patyşany tanap, oňa salam beripdir.
– Goja näme işleýäň?! – diýip, zalym şa  gazap bilen  sorapdyr. Özem: «Şu goja ýerini bilip sözlemese, obaşyny başyna ýumrup, özünem obanyň ortasyndan asdyraýyn!» diýip, gaharly  oýlanypdyr.
– Hoz nahalyny ekýän, beýik şahym! – diýip, Nazar baba mylaýym jogap beripdir.
– Görýän, seniň ýaşyň näçe?
– Ýüzden-ä geçendir!
Teýmirleň içýakgyç ýylgyrydyr.
– Haý, işi gaýdan akmak garry! Ýüz ýaşyňdan soň hoz ekip, onuň miwesini görüňde iýjekmi? – diýip, patyşa haýbatly sorapdyr.
– Ekdiler-iýdik! Ekeris-iýerler! – diýip, goja gadym türkmen parasadyny gaýtalapdyr.
Gojanyň bu jogaby Teýmirleňe ýarapdyr. Ol bu goja müň tylla bermegi  buýrupdyr. Goja müň tyllaly haltajygy alyp ýylgyrypdyr.
Patyşa ýene geň galypdyr.
– Garry, ne beýle güldüň-le! – diýipdir.
Goja mylaýymlyk bilen:
– Men neneň gülmäýin, beýik şahym. Siziň aýagyňyz düşdi. Ýaradanyň keramaty bilen, Siziň hemaýatyňyz bilen hoz nahallary ekilen badyna miwe berdi. Enşalla, biziň çeken azaplarymyz reýgan bolman eken – diýipdir.
Gojanyň bu sözem patyşa diýseň ýarapdyr.
– Garra ýene bir müň tylla beriň! – diýip, hoşlaşyp, öz ugruna gidipdir.
Öz obasyny dana sözi bilen agyr weýrançylykdan halas eden şol goja soň-soňlaram uzak ýaşanmyş. Ol köp-köp baglar ýetişdiripdir. Özem hemişe:
–  Topraga, ile-güne azap çekseňiz azabyňyz  hiç haçan reýgan bolmaz – diýip, nesihat edermişin.

31-nji ýanwar, 2000ý.

Öwezdurdy Nepesow.

Çagalar edebiýaty

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle