|

Ejemiñ hüwdüsinden

Ejemiñ hüwdüsinden EJEMIŇ HÜWDÜSINDEN

Janymdan jan bölüp berip,
Ganymdan gan berdim ogul,
Ak süýdüm bilen ekledim,
Gije howa salkynlasa,
Ganatymy gerdim ogul.

Aglanyňda allaladym,
Ber çagama şekil diýip,
Saglyk bilen bagt diledim,
Söýer ýaly akylly gyz,
Ber ogluma akyl diýip.

Goragladym ýelden, suwdan,
Kölege boldum yssyda,
Ojakda nahar atarsam,
Kän ogşadym dideleňden,
Gözleň ýaşarsa tüssede.

Ilki diýdiň eje sözüň,
Halat gördüm ýüz-gözüňde,
Ulalyp il ogly bolup,
Sorap dursaň hal-ýagdaýmy,
Hemaýat bolar sözüň-de.

Eneleriň arzuwlary,
Hasyl bolsa jigerbendim,
Gamly bolmaz meň-de başym,
Gitsem jaýym jennet bolar,
Ýatlap dursaň bäş-je bendim. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle