|

Ejaza

Ejaza EJAZA

«Sag bol,
Seniñ bilen gepim gutardy!»
Iñ soñky hatyñda berilen jogap.
Ne salamym aldyñ,
Ne heligimi
Görkezmediñ muña hiç hili sebäp.
Hysyrdy,
Alada basmarlap käte,
Wagt tapmasam-da halyñ sormaga,
Öýke-kineleşip durmazdyñ, çünki
Kiçijik göwnüñi awlamañ ýolun
Dünýäñe düýrläp salan çagyñda
Hem-de gaýybana posalaryñdan
Eçileñde özüñ salgy beripdiñ.
Posaña ymsynyp tumşugym bilen
Arassa howany içime sorup,
Her niçik bolsañ-da doñýürek zalym
Sen diñe meniñki,
Señ diñe meñki
Diýip öz ýanymdan edipdim pikir.
Seni maña berip şeýle arassa,
Päkize duýgyny kalbyma salan
Hudaýa ýüzde müñ aýdypdym şükür…
Käte görünse-de ýollar garañky
Telwas edip,
Küýsäp ýyly mähriñi
Her hepde,
Her günde,
Her bir sagatda
Haýdap çapyp ýördüm hyýal atymy.
Habarsyzam däldim ynjyklygyñdan
Munuñ üçin öz-özümi aýyplap
Iýäýjek bolýaryn men öz etimi.
Eger sen bolmasañ meniñ ýanymda
Töweregmi gurşap alan mähelläñ
Başa telpek atan ganjyklaryndan
Bir gezegem rüstem gelip bilmerin.
Öleniñ yzynda ölen ýok,
Bilýän.
Gidip bolmaz gideniñem yzyndan.
Ýöne bu ýitgini unutmak üçin
On bäş asyr gerek gerek bolar azyndan.
Goý, aýdanyñ bolsun,
gutarsyn bar gep
Seniñ bu söýgini terk edişiñ deý
Meñem bir gün soñlanaýsa peýmanam
Dünýäde ýüregñe iñ ýakyn duran
ynsanyñ päk duýgusynyñ hakyna
Onuñ bilen ikilenji döwrany
Sürmek üçin berseler-de ejaza
Edil häzir dolanmasañ yzyña,
Dagy-duwar bu jahana gelmerin!..

Has TÜRKMEN Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle