| |

Eglen, Janym!

Eglen, Janym!

EGLEN, JANYM!

Durmuş seni alyp barýar uzaga 
Nirä barýaň?! 
Birazyrak eglenäý! 
Bu kötel ýollarda düşme duzaga, 
Pespällikden birazyrak beýgeläý. 
Söýgiň üçin döz gelýärsiň, ezizim, 
Bu kötel ýollaryň dürli oýnuna. 
Özüň tanap çydap ýörsüň henizem 
Yşk tumaryn dakyp juwan boýnuňa. 
Görjek bolsaň, öz döreden dünýäňi,
Gözlerimde aýna ýaly görünýär. 
Meň söýgimi daşdan görüp duýýaňmy?!
Duýýansyň-la, ol daşdanam duýulýar. 
Alyslara gitme, dönme salgyma, 
Siňip gitme soňsuzlygyň içine. 
Gelseň, doýa ganaýyn men didardan, 
Ýeke sen girensiň kalbym içine.

* * *

Dur, ezizim, birazajyk pikirlen, 
Goýup gitme, ýalňyzlygy ýanymda. 
Gitseňem ýatladyp söýgi sözlerňi, 
Güneş bolup dogaryn men alnyňda.

Gunçaň bolup galaryn men bagyňda, 
Bulut bolup, güneşlerden goraryn.
Ýowuzlykdan gorkan çagyň ýanyňda 
Bir bölejik mähir bolup dörärin.

Alaryn men seni tümlük içinden, 
Götererin öz bagrymda derdiňi. 
Boşluklary çykaraýyn içiňden, 
Ýa bu derdi başgalary berdimi?

Bagt näme?! 
Bilýärmisiň, mähriban, 
Saňa duşan günüm oýandy bagtym. 
Senem şuny duýansyň-la, ähtimal, 
Belki, söýgimizde bolardy ýalkym.

Öz ýodamda görüp durun özümi, 
Öz dünýämiň boşandygny duýýaryn. 
Bolsa-da, bir pursat ykbal dözümi 
Seniň ýene dolanjagňy bilýärin…

■ ÝYLDYZYM

Salam, sönen ýyldyzym, 
Agyrýarmy gursagyň? 
Bilen bolsaň söýmezdiň, 
Ýalan hyýal gurjagyn.

Asmanlara göterlip, 
Parlamazdyň nur saçyp. 
Ykballardan iterlip, 
Soňra gitmezdiň gaçyp.

Gizlenmezdiň tümlüge, 
Menden arany açyp. 
Garylmazdyň gumlara 
Bagtyňdan uzak gaçyp.

Rakyplarňa göz bolduň, 
Aldandyňmy ykbala?! 
Aýdylmadyk söz bolduň 
Ýaryň göwnün ýykmaga.

* * *

Sen kim? 
Arzuwymmy gizlenip ýatan 
Ýa-da ýatdan çykan duýgularymmy? 
Kalbym gaýga berip, dertlerde gatap, 
Sensiz günlerimde beýgelerinmi?!

Goragçysy özüm, ýanan ykbalyň, 
Sowukdan däl, ýekelikden üşedim. 
Bilýärmiň, kän gezek göwnüm ýykanyň,
Geljegime sensiz haly düşedim.

Saýlan ýaryň nesip etsin özüňe, 
Bakma başgaň göwnüne-de deglenne. 
Göni seret, bak sen meniň gözlerme 
Ýoluň açyk, artyk munda eglenme!

■ GARLY GÜN

Gar ýagdy…
Duýgular ýuwuldy biraz,
Meni begendirdi gar ýagan säher. 
Ak duýgular bilen ysnyşyp gitdi, 
Ozalam aklyga bürenen şäher.

«Meni niçik begendirýär gar» diýip, 
Sözlerini diňlänimde ejemiň. 
Mendäki satlygyň asyl sebabi, 
Garly günde dünýä inen ekenim.

Aýnur BEKIÝEWA.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle