|

«Eger… Töhmetden ýykylsa bir däne dostum…»

"Eger… Töhmetden ýykylsa bir däne dostum…" «EGER… TÖHMETDEN ÝYKYLSA BIR DÄNE DOSTUM…»

Eger…
Töhmetden ýykylsa bir däne dostum
A men gizlin jaýda ýaşyrnyp ýatsam.
Bu hem az deý näçe wagtlar ötensoň,
Bir halal kişi deý dostum ýat etsem.
Ýok, başarrman
Başym sallap öterdim,
Ölýänçäm ýörerdim ýurtlary aşyp.
Garap bilmän bir ynsanyň ýüzüne,
Gözlem aşak başym bolardy aşak.
Ýok, ýok, ýok…
Elbetde bile bolardym,
Haýdanynda gulamlary dowzahyň.
Dostumyň ýanynda ölerdim bile,
Ähtimal ölerdim ondan biraz öň.

• Arzuw sanawajy

Ajaýyp günleriň birinde,
Oýanyp galaryn ukudan.
Kalbyň iň çuňňur ýerinde,
Derde öwrülen duýgudan.

Bir aýdym borun derýa deý,
Kalbyň iň çuňňur ýerinde,
Bakaryn dünýä dünýe deý,
Ajaýyp günleriň birinde,

• Ýolbars

Mydam gaçar
Gaçar daglardan.
Derýa gyrasyndan orman-tokaýdan.
Dünýede köp ýaşanam ýok,
Ol tapýarka munça duşmany kaýdan?!

Şormaňlaý şir nirä gaçsyn
Nirä gaçsa awçy öňüni kesdi.
Ol hiç haçan gaçmazdy weli,
Özünede gerekdi derisi.

Özbekçeden terjime eden Sylapberdi MUHAMOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle