«Eger iki bolup bir ýola düşsek…»
"Eger iki bolup bir ýola düşsek…"
Eger iki bolup bir ýola düşsek,
Gürleşsek,
Birleşsek süýjülik bilen.
Kyn bolsun.
Parhy ýok,
Şol ýoly geçsek.
Taplanyp bilerdik güýjemek bilen.
Soñra üç bolardyk,
Belki, bäş, alty…
Alysa giderdik assama-assa
Ynsana berlipdir köpelmek bagty
Arman ýok, başymyz belende ýetse!
Eger iki bolup bir ýola düşsek,
Alarlyp seretmän birek-birege.
Ýa bolmasa, garaşmazdan süýrege.
Gürleşsek,
Birleşsek,
Hawa, ysnyşsak.
Şeýle bir bagtyýar bolardyk dogan,
Agzybirlik bilen şaýola düşsek!
Sараrmуrat ÖWEZВЕRDIÝЕW. Goşgular