| |

Edward Said we palestin dawasy

Edward Said we palestin dawasy EDWARD SAID we PALESTIN DAWASY

Edward Said we palestin dawasy

Gündogarşynaslyga garşy göreşen Said ömrüniñ ahyryna çenli yslamyñ hakyny gorady
Surat: Palestine Poster Project

Edward Said Aleksandriýadaky «Wiktoriýa» kolležiniñ iñ meşhur uçurymlarynyñ biri bolmady. Patyşa Hüseýin, Omar Şerif, Ýusup Şahin we beýlekiler ýaly…
Edward Saidiñ ady nämüçin olaryñ arasynda tutulmady ýa-da uçurymlaryñ sanawyna girizilmedi?
Ol «Sürgün hakda oýlanmalar» kitabynda bu soraga şeýle jogap berýär:
«Çünki men uniwersitetde beter topalañçydym».
Soñ-soñlar Omar Şerif ady bilen tanaljak talyp Mişel Şalhub Saidiñ üstünden birnäçe gezek arz edipdir.
Saidiñ maşgalasy 1948-nji ýylda Palestinadan çykyp gaýdandan soñ Müsürde ýaşapdyr. Emma onuñ ene-atasy Garwarda göçmänkä, Edwardy Bostonyñ mekdepleriniñ birinde okatmagy makul bilipdir.

Edward Said we palestin dawasy

Fotosurat: Reformancers

Said has soñra Kolumbiýa uniwersitetinde deñeşdirmeli iñlis edebiýaty boýunça professor bolupdyr.
Onuñ Kolumbiýa uniwersitetindäki münberi diñe ABŞ-da däl, eýsem Günbatarda-da Palestinany gorap çykyş edýän iñ meşhur arap alymy hökmünde uzak-uzak ýyllar dik durmagyny üpjün eden platforma boldy.
Said öndümli ýazyjylygy bilen bir hatarda özüneçekiji mugallymdy. Kämil düşünjesi we artykmaçlyklary bilen ol dünýäde arap ýurtlarynyñ iñ meşhur alymy, syýasy we medeni şahslarynyñ biri boldy.
ABŞ-daky jöhit medeniýetiniñ we ylmy täsiriniñ çuñdugyna garamazdan, Said belli bir derejede jöhit täsirli güýçlere garşy eserdeñ durdy.
Ýaser Arafat bilen dostlugyna we Palestinany Azat ediş guramasy (PAEG) bilen gatnaşygyna garamazdan, garşydaşlary onuñ işlerine we beýgelmegine päsgel berip bilmediler.
Oña diñe Ysraýyly goldaýanlar garşy gidenokdy, onuñ garşydaşlarynyñ arasynda birtopar akmak arap toparlary-da bardy.

Edward Said we palestin dawasy

Nýu-Ýork şäheriniñ Halk kitaphanasy Edward Saidiñ ýatlamalarynyñ we terjimehalynyñ ýygyndysyny öz içine alýan «Wagtlaýyn geçiş hatlary» atly kitap çap etdi.
Said Kolumbiýa unisersitetinde işläp başlanyna birnäçe ýyl geçenden soñ bir kärdeşiniñ oña ýokary okuw jaýyna alynmagy barada dolandyryş toparynyñ maglumatnamasynda özüne «Aleksandriýaly jöhit» diýlip ýazylandygyny bilip galýar.
Said jöhit professorlaryñ özüni «Siziñ ýaly ýaş alym medeniýetimize uly iteriji güýç bolar» diýio garşylandyklaryny aýdýar.
Edward Said we palestin dawasy

Günbatar Şeriadaky aýralyk diwaryndaky graffiti we professor Edward Saidiñ portreti / Fotosurat: Wikipedia

1967-nji ýylyñ Arap-Ysraýyl urşy başlanda uniwersitetiñ rektoraty we professorlar Edward Saidiñ aleksandriýaly jöhit däl-de, palestinaly watançydygyny bilip galdylar.
Şondan öñ Aleksandriýada okap ýören Said ömrüniñ ahyryna çenli Palestinanyñ ýerleri we medeniýeti üçin göreşdi.
Gündogarşynaslyga garşy göreşen Said ömrüniñ ahyryna çenli yslamyñ hakyny gorady.

Semir ATAULLAH,
Liwanly žurnalist.

Şenbe, 30.01.2021 ý. Publisistika

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle