Edepli Şim Çoň (Koreý halk ertekisi)

Edepli Şim Çoň (Koreý halk ertekisi)

Gadym-gadym zamanlarda Dohwa-doň atly şäheriň eteginde ýerleşýän obalaryň birinde Şimleriň neslinden bolan bir hyzmatkär ýaşaýar eken. Il arasynda ol «hyzmatkär Şim» diýlip tanalýar eken. Şim garyp maşgalada dünýä inip, ýaşlygynda gaty agyr günleri başdan geçiripdir. Hossarlaryny ir ýitiripdir. Onuň aýalyndan başga hiç hili dogan-garyndaşy, hossary ýok eken. Wagt geçýär, şonda-da hyzmatkär durmuşyň başyna salan agyr günlerinden rüstem gelýär. Oňa öz söýen gyzy bilen durmuş gurmak bagty miýesser edýär. Onuň aýaly Kwak asylly, paýhasly, sypaýy, myhmansöýer aýaldy, däp-dessurlardyr öý-hojalyk işlerini ondan gowy bilýän zenan tutuş obada ýokdy. Şeýle-de bolsa, maşgala garyp bolansoň, Kwak goňşularynyň egin-eşiklerini tikmek, ýuwup arassalamak, toý-tomaşalarda gap-gaç ýuwup, nahar bişirmek bilen gün-güzeran görýärdi. Hyzmatkär Şim bolsa orta ýaşlara ýetende görmekden galýar. Bu maşgalanyň bir gaýgy-aladasy bardy. Orta ýaşlaryna ýetseler-de, heniz çagalary ýokdy. Onsoň bahar günleriniň birinde Kwak täsin düýş gördi. Onuň düýşüne açyk hem arassa asmanyň ýüzünde bäş dürli reňkde açylyp duran bulut gülleri girdi. Şol gülleriň arasyndan bir peri-peýker çykyp, aşak indi. Periniň elinde bir şaha bardy. Ol ony getirip Kwakyň öňündäki ýumşak topraga sançdy. Soňra peri yzyna öwrülip, asmana çykdy we gözden gaýyp boldy. Kwak bu düýşi nämä ýorjagyny bilmedi, emma bu düýşden soňra ol hamyla bolýar.

Gün aýlanyp, aýlar geçdi, şeýdip bularyň bir ajaýyp gyz perzendi dünýä indi. Olar öz çagalaryna Çoň diýip at dakdylar. Hyzmatkär Şim we aýaly Kwak gyz perzentleriniň dünýä inenine diýseň begendiler, emma olaryň şatlygy uzak dowam etmedi. Kwak kesele uçrap, ýurduny täzeledi. Hyzmatkär Şim suw ýaly çagasynyň enesinden jyda düşenine örän hapa boldy, hatda iýip-içmeden hem kesildi. Ýöne perzendi Şim Çoň ony ýaşaýşa umytlandyrýardy. Indi Şimiň kellesinde çagany nädip kemala getirmeli diýen sowal at salýardy. Eýýäm ençe gün bäri kiçijik Çoň ene süýdüni emmeýärdi. Onsoň Şim enesini ýitiren eziz perzendini eline alyp, ýaş çagaly goňşularynyň öýlerine aýlanyp, kömek sorap başlady. Obanyň aýallary Şimiň ýagdaýyna düşünýärdiler, şonuň üçin oňa biçak gynanyp, çagany emdirýärdiler.

Şeýdip Şim Çoň on bäş ýaşyna geldi. Ol sada, mähirli, ýüregi päk, edepli gyz bolup ýetişdi we kakasyna goldaw bermek üçin elinden gelýän zady gaýgyrmaýardy. Şim Çoň hem ejesi ýaly, goňşy-golamlarynyň toý-tomaşalarynda gap-gaç ýuwmak, olaryň öý-içerilerini tämizlemek, nahar bişirmek bilen gün-güzeranyny görüp başlady. Jenap Şim bolsa keselden ejir çekýärdi, bedeni gün-günden ejizleýärdi.

Şim Çoňuň kakasyna wepalylygy, edepliligi, sadalygy barada goňşy obalarda hem gep-gürrüň ýaýrapdy. Şol obalaryň birinde indi birnäçe ýyl bäri perzentleri bolmaýan bir gurply maşgala bardy. Maşgalanyň bikesi hanym Jaň Şim Çoň baradaky gürrüňleri eşidip, ony gyzlyk almak isleýärdi. Günlerde bir gün Şim Çoň oba adamlarynyň biriniň toýunda hyzmat edip, öýüne dolanyp gelýärkä hanym Jaň onuň ýoluny kesdi-de:

— Salam Şim Çoň! Men sen barada örän köp eşitdim. Eýýäm ençe ýyldyr meniň perzendim bolanok, sen meniň gyzym bolup, biziň öýümizi bezäp bilersiňmi?! Seniň kakaňam muňa razy bolsa gerek. Onuň gözi hem görmeýär, saňa beýle kaka bilen ýaşamak kyn bolsa gerek… — diýip ýüzlendi. Çoň:

— Siz kim? Siziň aýdýan zatlaryňyz näme? Men kakamy terk edip bilmerin. Ejem aradan çykandan soň, onuň ýeke özi meni ulaltdy, kemala getirdi. Indi men hem öz gezegimde kakamyň öňündäki perzentlik borjumy ýerine ýetirmeli. Men siziň bu aýdanlaryňyza asla gulak asmak islemeýärin — diýip, jogap berdi.

Eýýäm garaňky düşüpdi, Şim Çoň entegem öýüne dolanyp gelmändi. Uly alada galan Şim gyzyny garşylamaga çykdy, emma köprüden geçjek bolanda, körlügi sebäpli ýaba ýykyldy. Ol: «Kömek ediň, halas ediň!» diýip gygyrdy. Şol wagt bu ýerden geçip barýan ötegçiniň biri onuň sesini eşidip, dessine şol tarapa haýdady. Ol suwuň içinde kimdir biriniň bardygyny we ýapdan çykyp bilmän kösenip gygyryp durandygyny görüp, derrew biçäre Şimi halas edip, golaýdaky ybadathana alyp gitdi. Ötegçi Şime gury egin-eşik berip, onuň başdan geçirenlerini diňledi we ýagdaýyna biçak gynandy. Ol:

— Meniň bilşime görä, siz hudaý ýoluna üç ýüz tüwi sadaka paýlasaňyz, gözüňiz açylar — diýip, oňa maslahat berdi. Muny eşiden Şim:

— Siziň bu aýdýanlaryňyz çynmy? Dogrudanam, gözüm açylarmy? Men üç ýüz tüwi sadaka paýlaryn — diýip, maşgala ýagdaýynyň nähilidigini, gün-güzeranlaryny zordan aýlaýandyklaryny unudyp, bu hakda hiç hili pikir hem etmedi. Ol gözüniň açyljakdygyny eşidip, şeýle bir begendi welin, söz berenini hem bilmän galdy. Öýüne gaýdyp gelende bolsa hyzmatkär Şim beren wadasyna ökündi:

— Meniň naçar gyzym Şim Çoň gazanç etmek üçin gijesini gündiz edip işleýär. Biz üç ýüz tüwini nädip sadaka paýlap bilerkäk? — diýip, dertli başyna öz-özi ýene-de bir alada galdy.

Şol pursat hanym Jaňyň sözlerinden özüni doly dürsäp bilmedik Şim Çoň öýüne gaýdyp geldi. Kakasynyň gam-gussa batyp oturanyny görende bolsa öz aladasyny ýadyndan çykardy:

— Kaka, siziň näme aladaňyz bar? Örän gamgyn görünýärsiňiz?! — diýip, kakasynyň halyny sorady. Kakasy bolsa bolan zatlary, ötegçiniň aýdanlaryny gürrüň berdi.

— Kaka, alada etmäň! Goňşy obadaky bir gurply maşgaladan hanym Jaň atly bir aýalyň meni gyzlyga almak isleýändigini eşitdim. Eger oňa gyzlyga barsam, ol maňa siziň islegleriňizi kanagatlandyrjak tüwüleri berer.

Hyzmatkär Şim gyzynyň sözlerine ynandy we biraz rahatlandy. Ol:

— Hawa, baý maşgalanyň gyzy bolup ýaşamak, men biçäre bilen kösenip ýaşanyňdan gowy bolar! — diýip aýtdy.

Şol günden soňra Şim Çoň üç ýüz tüwini gazanmagyň ugruna çykdy. Hanym Jaňa gyzlyga barmak islemeýän Çoň kakasyny aldap, munuň başga bir alajyny tapmagyň ugruna çykdy.

Günlerde bir gün birki sany täjiriň oba adamlaryny ýygnap, olara bir zatlar gürrüň berýän pursady Şim Çoň olaryň ýanyna bardy. Täjirler söwda etmek üçin gämi bilen Hytaýa barýandyklaryny, uzak ýol geçeniňden soňra Indaňsu atly deňziň bardygyny gürrüň berdiler. Ol deňziň örän howply we gazaplydygyny, gurban hökmünde adam bermeseň, hiç ýere geçip bolmaýandygyny aýtdylar. Eger-de gurban berip, suw ýolunda ata-babalardan gelýän dessurlar ýerine ýetirilen ýagdaýynda öz ýoluň bilen gidip bolýandygy we işleriň ugruna bolýandygy barada aýtdylar. Täjirler hut şol Indaňsu deňzine gurban beriljek adamy gözleýändiklerini mälim etdiler. Şonda Şim Çoň öňe saýlandy. Ol gurban hökmünde deňze gitjekdigini aýtdy we munuň öwezine üç ýüz tüwi sorady.

Söwdagärler onuň şerti bilen ylalaşdylar we şol gün gelip ýetdi. Çoň kakasy üçin soňky gezek süýji nahar bişirdi we salamlaşyk däbini ýerine ýetirdi, kakasyna baş egdi. Hyzmatkär Şim:

— Düýn düýşümde seni gördüm, gyzym! Sen uly araba münüp, dünýä syýahat edýärdiň — diýip, gyzyna gören düýşüni aýdyp berdi.

Şim Çoň bu gürrüňi eşidip, munuň öz ölümini aňladýan düýşdügine düşündi we bokurdagy doldy.

— Kaka, çaltrak gözüňizi açyň we uzak ýyllar sagdyn ýaşaň! — diýip, aglaý-aglaý aýtdy.

Şol pursat:

— Hanym, gämä gijä galýarys. Çaltrak çykyň! — diýip, daşardan söwdagärleriň sesi eşidildi.

Bu sözleri eşiden hyzmatkär Şim öz gyzynyň gyzlyga alynmaga däl-de, gurban hökmünde özüni pida etmäge gidýändigine düşündi. Ol:

— Bu näme boldugy?! Ýok, bolup bilmez! Gyzym beýtme! — diýip, aglap başlady.

Hyzmatkär Şim her näçe aglap-eňrese-de, barybir, peýdasy bolmady. Şim Çoň kakasy bilen hoşlaşyp, täjirler bilen ýola düşdi. Indaňsu deňzine ýetenlerinde Çoň täjirlere dileg etdi:

— Aman-sag gidip geliň we köp peýda gazanyň!

Şeýdip ol Indaňsu deňzine özüni gurban etdi.

Hyzmatkär Şim ýeke dikraryny, göz-guwanjyny ýitirip, her gün aglaýarka ýaz sowlup, tomus geldi. Ol gyzynyň gelerine umyt baglaýardy we her gün onuň ýoluna garaýardy. Ol:

— Gyzym, näme üçin gelmeýärsiň? Ýa sen Indaňsunyň çuň suwlarynda heläk bolaýdyňmy? Yzyňa dolan, gyzym! — diýip eňreýärdi.

Aslynda, deňze taşlanan Çoň heläk bolmandy. Deňziň şasy Şim Çoňuň başdan geçirenlerini diňläp, onuň edepliligine, kakasyna wepadarlygyna haýran galyp, ony lotos gülüne salyp, deňziň ýokarsyna çykaryp halas edipdi.

Günleriň birinde bir balykçy deňizde ýüzüp ýören ullakan lotos gülüni görüp, ony patyşa eltip berdi. Patyşa gülüň ýanyna baranda, Şim Çoň lotosdan çykdy. Patyşa Şim Çoňuň başdan geçirenlerini diňläp, ony özüne aýal edindi. Şim Çoň şa aýaly boldy. Ýöne kakasynyň diridigini, gözüniň açylyp-açylmandygyny alada edýändigi sebäpli, ol öz durmuşyndan närazydy, bagtsyzdy. Onsoň patyşa körler üçin toý tutup, Şim Çoňy kakasyna gowşurmak isledi. Ýurduň dürli künjeginden gelen körler köşge ýygnanyp, uly toý tutuldy. Bu toýa hyzmatkär Şim hem gelipdi. Şim Çoň kakasyny görüp, onuň ýanyna bardy. Ol:

— Kaka, bu men, Şim Çoň! — diýip, kakasyna ýüzlendi.

— Bu ses meniň Çoňumyň sesi dälmi, eýsem? — diýip, hyzmatkär Şim eli bilen gyzynyň ýüz-gözüni elleşdirdi. Gyzy heläk bolandyr öýdüp ýören hyzmatkär Şim onuň diridigini bilenden soň biçak begendi we birden gözleri açylyp, garaňky dünýäsi ýagtyldy.

— Hawa, sen meniň gyzym Çoň!

Hyzmatkär Şim we Şim Çoň begençden ýaňa şatlyk gözýaşlaryny dökdüler. Adamlar hyzmatkär Şimiň gözüniň açylmagy Çoňuň edepliligi, wepalylygy sebäpli diýip düşündiler hem-de Çoňa «edepli Şim Çoň» diýip at goýdular.

Şol günden soň edepli Şim Çoň baradaky gürrüňler dilden-dile, nesilden-nesle geçdi. Ähli çagalar Şim Çoňdan nusga aldylar we öz ene-atalaryna goldaw berýän, edepli, wepaly çagalaryň sany gün-günden artdy.

Koreý dilinden terjime eden Meňli MÄMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Uzak gündogar dilleri kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle