Edepden bir nyşan
Edepden bir nyşan
• Jemgyýetçilik ýerlerinde gygyryp gürlenmese ýagşy.
• Karz alan zadyñy uzak garaşdyrmak gowy däl.
• Eger myhman ýatymlyk gelen bolsa, oña özbaşyna otag bölüp bermeli.
• Erkek ýok öýe erkek kişiniñ barmany ýagşy.
• Gürrüñiñ arasyna düşmek ýa-da gürrüñi uzaltmak ýagşy däl.
• Myhmany nahara garaşdyrmaly däl.
• Asgyranyñyzda agzyñyzy elýaglyk ýa-da aýañyz bilen saklañ.
• Kimdir birini oýnamak ýa-da ýañsylamak gelşiksizdir.
• Erniñ çilimli haýsydyr bir ýere barmak gowy däl.
• Özüñi ýagşy görmek diñe çagalara mahsusdyr.
• Köpçülik ýerinde sakgyç çeýnemek medeniýetsizlikden nyşan.
• Kimdir biriniñ aýbyny ýüzüne aýtmak hem halanylmaýar.
• Haýsydyr birini telefon ýa internet boýunça oýnamak örän ýaramaz gylykdyr.
• Bir ýerik tol kakylanda, ilkinji nobatda özüñiñ kimdigiñ aýdylýar.
• Jemgyýetçilik telefonyny uzak saklamak gowy häsiýet däl.
• Edepli kişiler arassaçylygy diñe bir öýlerinde däl, başga ýerlerde-de saklaýandyrlar. Pedagogika we edep-terbiýe