|

Edep-ekrama ýugrulan yrymlar

Edep-ekrama ýugrulan yrymlar EDEP-EKRAMA ÝUGRULAN YRYMLAR

■ Türkmençilikde başam barmak  bilen süýem barmakdan özge barmaklaryň arasy (syňragyñ) bilen zat almak we bermek gowy görülmeýär.

■ Gijäniň ýaryndan soň myhmançylyga gitmek gelşiksiz gylykdyr.

■ Özgäniň üstüne gerinmek, köpçülikde gägirmek, pallamak  biedeplikdir.

■ Işikde oturanyň otyrýerinden ýara çykarmyş.

■ Howluda gumry höwürtgelese,  ol maşgala agzibirlik getirermiş.

■ Ýaşulularyň  sözüni kesmek, olara pent bermek kelpeňlikdir.

■ Türkmençilikde sygyr ekiz gölelese, dowar üçem ýa-da dördem guzlasa, ýaş malyň biri bakylyp sadaka edilýär.

■ It aýa bakyp uwlasa “Apat öz başyňa” diýip, ony daşlamaly.

■ Agşamara gygyrýan horazdan, horaz bolup gygyran mäkiýandan dynan ýagşy.

■ Aý ýatyk dogsa “ Bendäm dik”, dik dogsa “Bendäm ýatyk” diýip alnyňa sylynýar.

■ Guşlar bagda üýşüp nagma kaksalar, ertesi gün açyk howa garaşybermeli.

■ Öýe guş girse, yrsgal-döwlet getirermiş.

■ Türkmençilikde hammamda we hajathanada hal-ahwal soralmaýar.

■ Pata ýerinde merhumyň diňe gowy tarapyny aýtmak gerek.

■ Göç edýän guşlardan arzuwyňy iberseň tiz kabul bolýarmyş.

■ Ilkinji gezek  ulaga münen, aýlyk hakyny alan adam süýjülik paýlasa onuň tutan işi rowaç bolarmyş.

■ Düýe ýüňünden düşek däl-de, guşak edinmeli

■ Ýaşulularyň ýanynda az gürläp, olaryň sargyt-nesihatlaryny köpräk diňlemeli.

■ Ogly atasyna, gyzy ejesine akyl berse aýyp zat hasaplanýar.

■ Gaýynlarynyň isleg-sargytlaryny diňlese, ol geliniň edep-terbiýelidiginiň nyşanydyr.

■ Öý haýwanlaryny ýerliksiz  ýençmek uly günädir.

■ Jany sag adam nesýe-nowganyň hasabyna ýaşasa aýyp närse hasaplanýar.

■ Erbet düýş görülse-de ony gowulyga ýormaly.

■ Türkmençilkde atasyna bakyp ogluna, enesine  garap gyzyna baha berilýär.

■ Zeýrenjeňlik ynsanyň ömrüni kertýän häsiýetdir.

■ Türkmençilikde toý-ýas bilen baglanyşykly meseleler ýaşululara geňeşilip çözülýär.

■ Gök bagy çapmak, owlak-guzyny, jüýjäni öldürmek iň agyr günäleriň biridir.

■ Köwüşi bitaý ýa-da agdaryp goýmak halanmaýar.

■ Ýas ýerine ýaş çagaly we ikigat aýallara barmak dürs hasaplanmaýar.

■ Balykçynyň toruna azatmahy düşse ony ýedä bölüp paýlamaly. Bolmasa ol maşgala betbagtlyk getirýärmiş.

■ Ýoluňy gara pişik kesende däl-de, gara pikirli adam kesende gorkmaly.

Toplan: Şahymerdan SARY OGLY. Halk döredijiligi we rowaýatlar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle