Edebiýat meýdanynyň ussady

Patrik Waýt, awstraliýaly ýazyjy
(1912 — 1990)
Edebiýat boýunça
Nobel baýragy:1973
Awstraliýaly ýazyjy Patrik Wiktor Martindeýl Waýt 1912-nji ýylyň 28-nji maýynda Täze Günorta Uelsli mülkdarlar bolan ata-enesiniň syýahat edip ýören ýerinde — Londan şäherinde dogulýar. Waýt Sidneý şäherinde mekdebe barýar, on üç ýaşynda bolsa ata-enesi ony Angliýa okuwa ugradýar. Ol bu ýerde ýeňillikli şertleri bolan mekdep-internady tamamlaýar. Ata-enesini razy edenden soňra, ol ilki çem gelen işi ýerine ýetirýän işçi we sygyr çopany bolup işleýär, soň bolsa Kembrij uniwersitetine okuwa girip, ýewropa edebiýatyny öwrenýär we çeper eser ýazmaga başlaýar. 1935-nji ýylda onuň ilkinji kitapçasy — «Ýer sürüji we beýleki poemalar» atly goşgular ýygyndysy çap edilýär. Onuň ýazan romanlarynyň diňe dördünjisi «Bagtyýar jülge» (1938) ady bilen Angliýada çap bolup, bir ýyldan soňra ABŞ-da gaýtadan neşir edilýär. Şeýle hem ol şygyr, teatr hakynda makalalar, nowella ýazmak bilen hem meşgullanýar. Onuň 1910 — 1930-njy ýyllardaky iňlis jemgyýetini dikligine ikä bölýän, «Diriler we ölüler» (1941) atly ikinji romanynda eýýäm ýüňi ýeten ussadyň eli duýulýar.
Ikinji jahan urşy wagtynda Waýt britan harby-howa güýçleriniň düzüminde Afrikada, Gresiýada we Ýakyn Gündogarda gulluk edýär. Ellada bolan söýgüsi onuň ömriboýy hemrasyna öwrülýär, ol hatda şol ýerde galmak hem isleýär.
1948-nji ýylda «Daýzamyň taryhy» atly romany çap bolandan soňra, ýazyjy Awstraliýa dolanyp barýar we mülk satyn alyp, hojalyk işleri bilen meşgullanyp başlaýar. Ýazyjynyň täze romany Ýewropada we ABŞ-da oňat garşylansa-da, onuň öz ýurdunda gyzyklanma döretmeýär. Bu ýagdaý geljekde hem şunlugyna galýar.
P. Waýt özüniň 1955-nji ýylda okyjylara ýetirilen we ony dünýä meşhur eden «Ynsan daragty» atly romanynyň üstünde bäş ýyllap işleýär. Bu kitabyndan soňra ýazyjyny «uly romançy» diýip atlandyryp ugraýarlar. Fermer Waýty göreşe çagyran «Uly Awstraliýa sährasy» bu romanyň wakalarynyň bolup geçýän ýeri bolýar. «Azaşan ogul» essesinde Waýt: «Bu kitabymda iki sany adaty adamyň — erkek kişiniň we aýalyň — ýaşaýşynyň esasynda durmuşyň ähli köp taraplylygyny görkezmäge çalyşdym. Şol bir wagtda hem, adatylygyň perdesine dulanyp, gahrymanlarymyň ýaşaýşyny ganymatlaşdyrýan täsinligi, poeziýany we gizlinligi açmaga synanyşdym» diýip ýazýar. Kakasy aradan çykandan soň, ýaş ýigit Step Parker tokaý çapyp ýer açynýar we jaý gurup, aýaly Emini getirýär, hojalygy ýola goýýar. Bularyň ählisi — onuň bu ýere gelmeginden tä ýalançyny terk edinçä çeken «zähmetleri we günleri», çagalarynyň ykbaly, onuň ýeriniň daş-töwereginde Dýurimeý diýlip atlandyrylan oturymly obanyň emele gelmegi bolup durýar. Hawa, ýabany yklymyň giňişliklerini boýun egdiren we özleşdiren zat hut zähmet bolup durýar. P. Waýtyň romanynda hut şol zähmet arşa göterilýär. Diňe öz ýeriňde, öz elleriň bilen işläp bejerýän ýeriňde neberäňi-nesliňi kemala getirmek mümkin, ine, ýazyjynyň baş ýörelgesi, çünki bu roman awstral nebereleriniň emele gelşi hakynda bolup durýar.
Ýazyjynyň «Foss» (1957) atly romanynda gür jeňňellikleriň arasy bilen Awstraliýanyň merkezine aralaşýan birnäçe syýahatçy hakynda gürrüň berilýär. Olaryň baştutany Foss ynsanyň ähli zady başarýandygyny subut etmek üçin, menzilleriň, tebigatyň, öz-özüniň, hudaýyň garşysyna çykýar.
Soňraky eserleri edebiýaty öwrenijilere ýazyjyny sosial tankytçy diýip atlandyrmaga esas berýär. Onuň «Wiwisektor» atly romanyna Emil Zolýanyň XX asyryň ikinji ýarymynda ýazylan «Döredijilik» romany diýip baha berýän tankytçylar hem hakykatdan daş düşmeýärler. Olaryň tapawudy diňe «Döredijilikde» beýan edilýän surat sergisinde mähelle barmaklary bilen tyrkyldatýar we hahahaýlaýar. Waýtyň eserinde bolsa premýer-ministr çykyş edýär, telewideniýe surata düşürýär, hiç zada düşünmedik-de bolsa, mähelle «haýran» galýar. Sebäbi «bolup geçýän waka kybap» gelmeli, çünki suratkeş dünýä belli kişi ahyry, şonuň üçin onuň eserlerinde «nämedir bir zatlar hökman bolaýmaly».
Ýazyjy 1973-nji ýylda «täze edebi yklymy açan epik we ruhy ussatlygy üçin» Nobel baýragyna mynasyp bolýar. Ýöne adamlardan uzakda ýaşaýan ýazyjy baýragy almak üçin Şwesiýa gitmeýär.
1974-nji ýylda ýazyjynyň «Totuguşlar» atly hekaýalar ýygyndysy, iki ýyldan soň bolsa deňiz heläkçiligine uçran aýallar hakynda gürrüň berýän, «Ýaprak seçekler» atly romany neşir edilýär.
«Twaýbornyň işi» (1979) we «Bir zatda köp zat hakynda» (1986) atly romanlary ýazyjynyň soňky romanlary bolýar.
Patrik Waýt 1990-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda aradan çykýar.
